Mukaddes Kitap (Библия на туркменском языке)

Институт перевода Библии (ИПБ) – это российская научная организация, занимающаяся переводом, изданием и распространением Библии на языках неславянских народов, проживающих в России и в сопредельных странах. Эти народы (около 85 млн чел.) имеют различные культурные и религиозные корни и говорят на более чем 130 языках. Численность носителей некоторых из них составляет миллионы, другими владеют только несколько тысяч и даже сотен человек. Одни языки имеют давнюю литературную традицию, а для других письменность была создана совсем недавно. Цель Института перевода Библии – создать точный и богословски верный перевод, чтобы донести содержание Библии до современного читателя на родном языке.

Деятельность ИПБ проходит по благословению Святейшего Патриарха Московского и всея Руси Кирилла. Офис Института располагается в Москве, в Андреевском ставропигиальном монастыре. 28 октября 2015 года весь коллектив Института перевода Библии был удостоин  медали священномученика Евгения (Зернова) в благодарность за многолетнее плодотворное сотрудничество в деле распространения Слова Божия и христианского просвещения народов Якутии. Медаль вручил Председателю Правления ИПБ протоиерею Александру Троицкому епископ Якутский и Ленский Роман.

Книга взята с сайта http://ibt.org.ru/ru/


Gelip çykyş

Giriş

 

Gelip çykyş Töwradyň ilkinji kitabydyr. Onuň gadymy golýazmasy ýewreýçe ýazylandyr. Kitabyň ýewreýçe ady «gelip çykyş» ýa-da «başda» diýmegi aňladyp, ol kitabyň ilkinji sözüdir. Bu kitapda dünýäniň ýaradylyşy, tutuş adamzadyň, şol sanda ysraýyl halkynyň gelip çykyşy beýan edilýär.
«Gelip çykyşyň» birinji bölüminde (1 — 11-nji baplar) Ybraýym pygamberiň döwrüne çenli bolup geçen wakalar we şol döwürde ýaşan adamlar hakynda gürrüň berilýär.
Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi ajaýypdy. Emma ilkinji ynsanlar: Adam ata we How ene Rebbi diňlemän, günäniň dünýä aralaşmagyna sebäp boldular. Adamlaryň edýän günäsi gitdigisaýy artyp, Hudaýyň sabyr käsesi pürepür bolansoň, Ol tutuş adamzady sil arkaly ýok etmegi ýüregine düwdi. Reb tutuş adamzatdan diňe Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny aman galdyrmak isledi, sebäbi olar Rebbe ybadat edip, dogruçyldylar. Hudaý olara özlerini, haýwanlaryň we guşlaryň her görnüşinden bir jübütini halas etmek üçin, uly gämi ýasamagy buýurdy. Gämi taýýar bolandan soň, heniz görlüp-eşidilmedik sil gelip, ýer ýüzündäki ähli adamlary, janly-jandarlary ýok etdi.
Silden soň Nuh pygamberiň nesli ýene-de ýer ýüzüne ýaýrady. Ýöne olaryň köpüsi Rebbe ybadat etmeklerini bes etdiler.
Kitabyň galan böleginde (12 — 50-nji baplar) Ybraýym pygamber we onuň maşgalasy baradaky taryhy wakalar beýan edilýär. Ybraýym pygamber Rebbe iman edip, örän dogruçyl adamdy. Ol Hudaýyň görkezen ýurduna — Kengan ýurduna öz maşgalasy bilen göçdi. Hudaý ondan bir beýik halk ýaratjakdygyny, bu halka şol ýurdy miras berjekdigini, onuň nesli arkaly tutuş adamzady ýalkajakdygyny wada edip, onuň bilen äht baglaşdy. Ybraýym hem özüniň hiç perzendiniň ýokdugyna garamazdan, Hudaýyň beren bu wadasyna ynandy.
Ýyllar geçýärdi, emma Ybraýym pygamber bilen Saranyň heniz-de çagalary ýokdy. Şonda Sara öz gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berýär. Şeýdip, hezreti Ysmaýyl dünýä inýär. Ybraýym bu wada berlen oguldyr öýdüp, örän begenýär. Emma Hudaý wada berlen ogluň Ybraýymyň öz aýalyndan, ýagny Saradan doguljakdygyny ýene-de bir gezek aýdýar. Wagt geçip, wada edilen ogul, ýagny hezreti Yshak dünýä inýär. Emma Hudaý söýgüli ogluňy gurbanlyk ber diýip, Ybraýymyň imanyny synap görmekçi bolýar. Ybraýym Hudaýyň sözünden çykman, Yshagy Oňa gurbanlyk bermek üçin hanjary ýokary galdyran pursadynda, Ol onuň imanynyň näderejede güýçlüdigini görüp, gurbanlyk üçin bir goç berýär. Ybraýymyň şeýle imany Hudaýyň nazarynda dogrulyk saýylýar. Hudaý Ybraýyma beren wadasyny berjaý edip, onuň ogly Ysmaýyl pygamberden arap halkyny, ogly Yshak pygamberden bolsa ýewreý halkyny ýaradýar.
Bulardan başga-da, kitapda Ybraýym pygamberiň ogly Yshak we agtygy Ýakup pygamberleriň durmuşlary jikme-jik beýan edilýär.
Ýokarda agzalyp geçilen «äht» düşünjesi ilkinji gezek «Gelip çykyş» kitabynda duş gelýär. Ata-babalar berlen ähte minnetdar bolansoňlar, Hudaýa höwes bilen ybadat edýärdiler, Oňa ýakma gurbanlyklaryny berýärdiler. Ol Özüni olara aýan eden Hudaýdyr. «Ýakma gurbanlygy» we şular ýaly birnäçe gurbanlyk adalgalary, haýwanlar babatdaky «haram» we «halal» diýen düşünjeleri hem ilki «Gelip çykyşda» duş gelýär.
Hudaý hezreti Ysmaýyla-da, hezreti Yshaga-da birnäçe tireleriň nesilbaşylary boljakdyklaryny wada edýär. Ol Ybraýym pygamberiň agtygy Ýakuba «Ysraýyl» (Ysraýyl pygamber) diýip at berýär. Ysraýylyň körpe ogly Ýusup pygamber doganlary tarapyndan Müsüre gul edilip satylýar. Emma Hudaýyň beren akyldarlygy we başarjaňlygy arkaly Ýusup Müsüriň häkimi bolýar. Kengan ýurduna düşen açlyk zerarly Ýakubyň doganlary Müsüre gelip, ol ýerde ornaşýarlar. Ýusup öz ata-babalarynyň ýurdunda uzakda ýaşamaly bolýandygyna garamazdan, Hudaýyň Öz halkyna beren wadasyny bir gün berjaý etjekdigini bilýärdi.
«Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter»
50:24.
Mazmuny
Dünýäniň we adamzadyň ýaradylyşy 1:1—2:25
Günäniň we zorlugyň başy 3:1-24
Adam atadan Nuh pygambere çenli bolan döwür 4:1—5:32
Nuh pygamber we sil 6:1—10:32
Babyl minarasy11:1-9
Samyň nesilleri 11:10-32
Ata-babalar: Ybraýym, Yshak, Ýakup 12:1—35:29
Ysawyň nesilleri 36:1-43
Ýusup we onuň doganlary 37:1—45:28
Ysraýyllar Müsürde 46:1—50:26

 

1-nji bap

 

Hudaý dünýäni we adamzady ýaradýar

 

1Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. 2Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.
3Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 10Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 11Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 12Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 13Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin. 15Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 16Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy — gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. 17-18Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi. 19Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. 21Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 22Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. 23Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.
24Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 25Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň[1] we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.

 

27Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy,
hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy,
olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi. 29Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. 30Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ähli gök otlary iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 31Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.

 

2-nji bap

 

1Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy. 2Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy. 3Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.

 

Adam ata bilen How ene Erem bagynda

 

4Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr:
Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda, 5-6ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy. 7Hudaýymyz Reb toprakdan adam[2] ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8Hudaýymyz Reb gündogarda ýerleşen Eremde[3] bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi. 9Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. 11-12Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar. 13Ikinji derýanyň ady Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär. 14Üçünji derýanyň ady Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Ýewfrat derýasydyr.
15Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Hudaýymyz Reb adamy ol bagda ýerleşdirdi. 16Hudaýymyz Reb adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19Hudaýymyz Reb ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. 20Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21Hudaýymyz Reb adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22Hudaýymyz Reb adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol erkekden[4] alnandyr» diýdi. 24Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler.

 

3-nji bap

 

Adam ata bilen How ene Rebbiň tabşyrygyny bozýarlar

 

1Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär». 6Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi. 7Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Hudaýymyz Rebbiň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler. 9Hudaýymyz Reb adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi. 10Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi. 11Beýik Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady. 12Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi. 13Hudaýymyz Reb aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14Hudaýymyz Reb ýylana:

 

«Şeýle edeniň üçin,
ähli mallaryň we haýwanlaryň
iň nälet siňeni sen bolarsyň.
Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen,
ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15Seniň bilen aýalyň,
seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna,
duşmançylyk salaryn Men.
Ol seniň kelläňi owradar,
sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi:

 

«Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn,
agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen,
sen äriňe meýilli bolarsyň[5],
emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi:

 

«Sen aýalyňyň gepine gitdiň,
„Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň.
Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin.
Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer.
Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň,
nany maňlaý deriňi döküp iýersiň.
Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20Adam aýalyna How[6] diýip at dakdy, sebäbi How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy. 21Hudaýymyz Reb adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.
22Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi. 23Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Hudaýymyz Reb adamy Erem bagyndan çykardy. 24Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar[7] hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.

 

4-nji bap

 

Kabyl bilen Habyl. Ilkinji ganhorlyk

 

1Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim[8]» diýdi. 2Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi. 3Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi. 4Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi. 5Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady. 6Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? 7Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
8Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly»[9] diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. 9Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi. 10Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. 11Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň. 12Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez, sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň». 13Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr. 14Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi. 15Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy. 16Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not[10] ýurdunda mesgen tutdy.
17Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy. 18Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy. 19Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady. 20Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy. 21Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal lira we tüýdük çalýanlaryň atasydy. 22Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
23Lemek aýallaryna şeýle diýdi:

 

«Eý, Ada we Silla,
maňa gulak asyň!
Aýallarym, sözümi diňläň!
Meni ýaralan adamy öldürerin,
meni uran juwan ýigidi öldürerin.
24Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa,
Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
25Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis[11] dakdy. 26Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.

 

5-nji bap

 

Adam atanyň nesilleri

 

1Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy. 2Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy. 3Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy. 4Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 5Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
6Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy. 7Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 8Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 9Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy. 10Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 11Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 12Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalaleýel doguldy. 13Mahalaleýel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 14Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 15Mahalaleýel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy. 16Ýeret doglandan soň, Mahalaleýel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 17Şeýdip, Mahalaleýel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 18Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy. 19Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 20Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 21Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy. 22Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 23Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy. 24Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy. 25Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.
26Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 27Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 28Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi. 29Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh[12] dakdy. 30Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 31Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 32Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi.

 

6-njy bap

 

Adamzadyň betpälligi

 

1Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi. 2Ylahy barlyklar[13] bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar. 3Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi. 4Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller[14] bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi. 6Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy. 7Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi. 8Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.

 

Nuh

 

9Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi. 10Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.
11Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy. 12Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi. 13Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek. 14Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal. 15Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz tirsek bolsun. 16Oňa üçek-de[15] ýasa, üçegiň boýy bir tirsek bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa. 17Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler. 18Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň. 19Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün. 20Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler. 21Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün». 22Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.

 

7-nji bap

 

Nuh gämä münýär

 

1Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm. 2-3Haýwanlaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, olaryň halal görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan iki jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al. 4Çünki Men ýedi günden kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn». 5Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi. 6Ýere sil gelende, Nuh alty ýüz ýaşyndady. 7Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler. 8-9Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly, halal we haram haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler erkek we urkaçy jynsynda jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 10Ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy.
11Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni — hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. 12Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy. 13Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler. 14-15Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar — ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 16Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy. 17Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi. 18Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi. 19Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy. 20Suw daglaryň depesinden on bäş tirsek ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi. 21Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular. 22Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi. 23Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar. 24Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy.

 

8-nji bap

 

Nuh gämiden çykýar

 

1Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.

 

2Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi,
Gökleriň penjireleri ýapyldy,
Gökdäki ýagyş diňdi.
3Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi. 4Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy. 5Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.
6-7Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi. 8Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi. 9Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy. 10Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi. 11Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi. 12Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.
13Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň üçegini söküp, daş-töweregine seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy. 14Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady. 15-17Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini — ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi. 18Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy. 19Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar — ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar. 20Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi. 21Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. 22Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».

 

9-njy bap

 

Hudaý Nuh bilen äht edýär

 

1Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň. 2Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär. 3Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin. 4Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. 5Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin. 6Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. 7Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».
8Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: 9-10«Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn. 11Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez. 12Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur: 13bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. 14-15Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. 16Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». 17Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany — ine, şudur» diýdi.

 

Nuh we onuň ogullary

 

18Sam, Ham, Ýafes Nuhuň gämiden çykan ogullarydy. (Ham Kenganyň atasydy.) 19Nuhuň üç ogly şulardy. Tutuş ýer ýüzüniň ynsanlary şulardan ýaýrady. 20Nuhuň özi daýhandy. Ol ilki bilen üzüm agaçlaryny oturtdy. 21Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy. 22Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, muny beýleki iki doganyna habar berdi. 23Sam bilen Ýafes geýim alyp, ony omuzlaryna atdylar we ýeňseleýin ýöräp baryp, kakalaryny geýindirdiler. Olar ýüzlerini başga tarapa öwrüp, kakalarynyň ýalaňaçlygyny görmediler. 24Nuh serhoşlygyndan açylansoň, körpe oglunyň özüne näme edendigine göz ýetirip şeýle diýdi:

 

25«Kengana nälet siňsin,
ol doganlarynyň elinde,
gullaryň guly bolsun.
26Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
Kengan Sama gul bolsun.
27Hudaý Ýafesi örňetsin[16],
Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn,
Kengan Ýafese gul bolsun».
28Nuh silden soň ýene üç ýüz elli ýyl ýaşady. 29Ol jemi dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.

 

10-njy bap

 

Nuhdan dörän milletler

 

1Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.
2Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras. 3Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma. 4Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym. 5Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
6Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan. 7Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan. 8Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy. 9Nimrot Rebbiň huzurynda batyr awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr awçy» diýilýär. 10Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy. 11-12Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi. 13-14Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy. 15-18Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar. 19Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi. 20Ine, Hamyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
21Ýafesiň agasy Samdan-da ençeme ogul dünýä indi. Ol ýewreýleriň[17] atasydy. 22Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir. 23Us, Hul, Geter we Maş Aramyň nesilleridir. 24Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy. 25Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halk bölünipdi[18]; onuň doganynyň ady Ýoktandy. 26Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera, 27Hadoram, Uzal, Dikla, 28Obal, Abymaýyl, Şeba, 29Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. 30Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular. 31Ine, Samyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
32Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar.

 

11-nji bap

 

Babyl minarasy

 

1Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy. 2Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şingar ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 3Olar biri-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, ony gowy bişireliň» diýişdiler. Olar gurluşyk üçin daşyň ýerine kerpiç, palçygyň ýerine bolsa şepbik ulandylar. 4Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler. 5Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi. 6Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar. 7Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi. 8Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler. 9Şoňa görä-de, şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp[19], olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.

 

Samyň nesilleri

 

10Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy. 11Arpakşat doglandan soň, Sam ýene bäş ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 12Arpakşat otuz bäş ýaşyndaka, ondan Şela doguldy. 13Arpakşat Şela doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 14Şela otuz ýaşyndaka, ondan Eber doguldy. 15Şela Eber doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 16Eber otuz dört ýaşyndaka, ondan Pelek doguldy. 17Pelek doglandan soň Eber ýene dört ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 18Pelek otuz ýaşyndaka, ondan Reguw doguldy. 19Reguw doglandan soň Pelek ýene iki ýüz dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 20Reguw otuz iki ýaşyndaka, ondan Seruk doguldy. 21Seruk doglandan soň Reguw ýene iki ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 22Seruk otuz ýaşyndaka, ondan Nahor doguldy. 23Nahor doglandan soň Seruk ýene iki ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 24Nahor ýigrimi dokuz ýaşyndaka, ondan Tera doguldy. 25Tera doglandan soň Nahor ýene ýüz on dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 26Tera ýetmiş ýaşyndaka, ondan Ybram, Nahor hem-de Haran doguldy.

 

Teranyň nesilleri

 

27Teranyň nesilleri şulardyr. Teradan Ybram, Nahor we Haran doguldy. Harandan Lut doguldy. 28Haran öz dogduk mekanynda, babyllaryň Ur galasynda kakasy Tera dirikä aradan çykdy. 29Ybram bilen Nahor öýlendiler; Ybramyň aýalynyň ady Seraý, Nahoryňky bolsa Milkady. Milka Haranyň gyzydy. Haran Iskanyň hem kakasydy. 30Seraý önelgesizdi; onuň çagasy ýokdy. 31Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 32Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy.

 

12-nji bap

 

Reb Ybramy saýlaýar

 

1Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.

 

2Senden beýik millet ýaradyp,
Men seni ýalkaryn,
adyňy arşa götererin,
başgalar sen arkaly ýalkanarlar
biri-birlerine pata bererler.
3Seni ýalkany ýalkaryn,
seni näletläni-de näletlärin;
Ýer ýüzündäki ähli milletler
sen arkaly pata alarlar».
4Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady. 5Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler. 6Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.
7Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. 8Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. 9Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.

 

Ybram bilen Seraý Müsürde

 

10Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi. 11Olar Müsüre golaýlanlarynda, Ybram aýaly Seraýa: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin. 12Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar. 13Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly, sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.
14Ybram Müsüre gelende, müsürliler Seraýyň juda owadandygyny gördüler. 15Seraýy gören faraonyň köşk emeldarlary faraona Seraýyň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi. 16Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi. 17Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi. 18Şonda faraon Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Seraýyň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň? 19Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Seraýy özüme aýallyga aldym-a! Ine, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi. 20Faraon Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar.

 

13-nji bap

 

1Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady.

 

Ybram bilen Lut biri-birinden aýrylyşýarlar

 

2Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy. 3-4Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.
5Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy. 6Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler. 7Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar. 8Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys. 9Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.
10Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi. 11Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar. 12Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi. 13Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.

 

Ybram Hebrona göçýär

 

14Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla. 15Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. 16Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner. 17Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».
18Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.

 

14-nji bap

 

Ybram Luty halas edýär

 

1Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy. 2Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar. 3Olar Sidim deresinde, ýagny Öli deňizde öz güýçlerini birleşdirdiler. 4Bu şalar on iki ýyllap, Kedorlagomere gulluk etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa garşy baş göterdiler. 5-6On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler. 7Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpata (ýagny Kadeş) galalaryna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler. 8-9Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Sidim deresinde dört şanyň: Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Omrapeliň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler.
10Sidim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar. 11Dört şa bolsa Sodomy we Gomorany talap, olja alan ähli mal-mülküdir azyklaryny alyp gitdiler. 12Olar Ybramyň doganynyň ogly Luty-da ähli mal-mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem Sodomda ýaşaýardy.
13Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.
14Öz doganynyň ogly Lutuň ýesir düşendigini eşidip, hojalygynda doglup, söweşe türgenleşdirilen üç ýüz on sekiz sany esgeriň öňüne düşüp, Ybram Dana çenli şol dört şanyň yzyndan kowdy. 15Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy. 16Ybram olja alan ähli mal-mülküni, doganynyň ogly Luty, onuň ähli emlägini, aýallary hem halky yzyna gaýtaryp getirdi.

 

Mäliksadyk Ybrama pata berýär

 

17Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi. 18Beýik Hudaýyň ruhanysy bolan Salim şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi. 19Ol Ybrama pata berip:

 

«Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!
20Duşmanlaryny onuň eline beren
Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi.
Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi. 21Onsoň Sodom şasy Ybrama: «Meniň adamlarymy yzyna ber, ähli mal-mülki bolsa özüň al» diýdi. 22-23Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň — Rebbiň adyndan ant içýärin. 24Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar».

 

15-nji bap

 

Reb Ybram bilen äht edýär

 

1Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». 2Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar. 3Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi. 4Ybrama Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi. 5Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi. 6Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.
7Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllaryň Ur galasyndan çykaran Reb — Mendirin» diýdi. 8Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi. 9Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi. 10Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi beýleki böleginiň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi. 11Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.
12Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.
13Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer. 14Emma Men seniň nesliňi gul eden milletiň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.
15Sen bolsaň uzak ýaşarsyň, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. 16Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».
17Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.
18-21«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.

 

16-njy bap

 

Hajar we Ysmaýyl

 

1Ybramyň aýaly Seraý oňa çaga dogrup bermedi. Seraýyň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy. 2Bir gün Seraý Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Seraýyň sözüne gulak asdy. 3Şeýdip, Seraý müsürli gyrnagy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi. 5Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7-8Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky suw gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Seraýyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Seraýdan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. 9Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi. 10Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.

 

11Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar.
Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň,
çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi[20].
12Ol gulan ýaly bir adam bolar.
Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar.
Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy. 14Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý»[21] diýip atlandyrylandyr.
15Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy. 16Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady.

 

17-nji bap

 

Ybraýym sünnetlenýär

 

1Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol. 2Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin». 3-4Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň; 5indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy[22] edýärin. 6Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär. 7Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn. 8Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
9Hudaý sözüni dowam edip, Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen we seniň nesliň nesilden-nesle Meniň ähtimi berjaý etmelisiňiz. 10Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz. 11Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar. 12Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir. 13Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer. 14Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».
15Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara[23] bolar. 16Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär». 17Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi. 18Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi. 19Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak[24] dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn. 20Men seniň Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap, örňedip, ony juda köpelderin. Ondan on iki sany tirebaşy dörär. Men Ysmaýyldan uly millet dörederin. 21Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursadynda Saradan doguljak Yshak bilen baglaşaryn». 22Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
23Ybraýym Hudaýyň özüne buýruşy ýaly, hojalygyndaky erkekleriň hemmesini, ogly Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan gullary we satyn alan gullaryny hut şol günüň özünde sünnetledi. 24Ybraýym togsan dokuz ýaşynda sünnetlendi. 25-26Onuň ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym bilen onuň ogly Ysmaýyl bir günde sünnetlendi. 27Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler.

 

18-nji bap

 

Üç myhman

 

1Bir gün günüň jokrama yssy wagtynda, Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi. 2Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi. 3Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň. 4Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň. 5Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler. 6Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap». 7Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi. 8Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi. 10Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy. 11Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary birçene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi. 12Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi. 13Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady. 14«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi. 15«Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.

 

Ybraýym Sodom üçin ýalbarýar

 

16Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi. 17Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?! 18Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar. 19Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin». 20Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr. 21Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.
22Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy. 23Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?! 24Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň? 25Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» 26Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. 27Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. 28Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. 29Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi. 30Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi. 31Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi. 32Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
33Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.

 

19-njy bap

 

Sodom we Gomora weýran edilýärler

 

1Agşamara hälki iki perişdeSodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi. 2Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler. 3Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar. 4Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. 5Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar. 6-7Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. 8Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi. 9Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar. 10Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar. 11Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.
12Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk. 13Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». 14Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler. 15Daň atandan soň perişdeler: «Şäher weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar. 16Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. 17Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
18Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym! 19Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn. 20Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn?! Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn». 21Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men şol diýýän galaňy weýran etmerin. 22Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar[25] diýlip atlandyryldy.
23Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi. 24-25Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. 26Lutuň aýaly yzyna garady we şol bada duz sütünine öwrüldi.
27Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi. 28Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.
29Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.

 

Mowaplaryň we ammonlaryň gelip çykyşy

 

30Lut Sogarda galmakdan gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu ýerden çykdy. Ol dagda mesgen tutup, gyzlary bilen bile bir gowakda ýaşaberdi. 31Bir gün gyzlaryň ulusy uýasyna: «Kakamyz garrap barýar; dünýä adatyna görä biziň ýanymyza girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir erkek kişi ýok. 32Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzdan perzentli bolarys» diýdi.
33Gyzlar şol gije kakalaryny serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň ulusy öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň haçan ýatyp, haçan turanyny-da bilmedi. 34Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi. 35Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
36Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz kakasyndan göwreli boldy. 37Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap[26] dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr. 38Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy[27] dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.

 

20-nji bap

 

Ybraýym we Abymelek

 

1Ybraýym ol ýerden Negep çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň aralygynda düşledi. Soňra ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady. 2Ybraýym öz aýaly Sara «Ol meniň aýal doganym» diýdi. Geraryň şasy Abymelek adam iberip, Sarany getirtdi.
3Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi. 4Emma Abymelek Sara heniz ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý, Taňry! Sen bigünä halky-da ýok etjekmi?! 5Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.
6Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim. 7Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».
8Abymelek daň bilen turdy we ähli emeldarlaryny çagyryp, olara düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty gorkdular. 9Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi. 10Abymelek ýene-de Ybraýymdan: «Sen näme maksat bilen beýle etdiň?» diýip sorady.
11Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim. 12Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy. 13Hudaý meni atamyň öýünden Öz saýlan ýurduna gitmäge çagyranda, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».
14Abymelek Ybraýyma ownukly-irili mallar, gullardyr gyrnaklar berdi; aýaly Sarany hem oňa gaýtaryp berdi. 15Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi. 16Abymelek Sara-da: «Doganyňa müň teňňe kümüş berdim. Bu ýanyňdakylara seniň bigünädigiňi görkezer. Sen doly aklanansyň» diýdi. 17-18Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.

 

21-nji bap

 

Yshak dogulýar

 

1Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi. 2Sara göwreli bolup, Ybraýymyň garran çagynda oňa bir ogul dogrup berdi. 3Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy. 4Hudaýyň buýruşy ýaly, Ybraýym Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi. 5Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady. 6Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer». 7Sara: «Ybraýyma Sara çaga emdirer diýen bolsa, muňa ynanan tapylarmydy?! Emma, ine, ol gojalansoň, men oňa ogul dogrup berdim» diýdi. 8Çaga ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol gün, ýagny Yshagyň süýtden aýrylan güni Ybraýym uly toý tutdy.

 

Hajar bilen Ysmaýyl kowulýarlar

 

9Asly müsürli Hajaryň Ybraýymdan bolan oglunyň öz ogly Yshagyň üstünden gülýänini Sara gördi. 10Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi. 11Emma ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degdi. 12Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder. 13Gyrnagyňdan bolan ogluňdan hem bir millet ýaradaryn, çünki ol-da seniň perzendiňdir». 14Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.
15Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi. 16«Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady. 17-18Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi. 19Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.
20Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol ulalyp, çölde ýaşap, ökde kemançy bolup ýetişdi. 21Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.

 

Ybraýym bilen Abymelek äht edişýärler

 

22Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir. 23Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi. 24Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
25Soňra Abymelegiň gullarynyň özünden suwly guýyny zor bilen alandyklary üçin Ybraýym oňa närazylyk bildirdi. 26Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi. 27Ybraýym Abymelege ownukly-irili mal berdi. Olar özara äht baglaşdylar. 28Ybraýym ýedi sany guzyny sürüden çykaryp, aýry goýdy. 29Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin beýdýärsiň?» diýip sorady. 30Ol: «Sen şu ýedi guzyny menden al. Şeýle etmek bilen sen şol guýyny meniň gazdyrandygyma şaýatlyk edersiň» diýdi. 31Olar bu guýyny Beýerşeba[28] diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler. 32Olar Beýerşebada äht baglaşanlaryndan soň, Abymelek öz harby serkerdesi Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna, piliştlileriň topragyna dolandy. 33Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi. 34Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.

 

22-nji bap

 

Hudaý Ybraýymy synaýar

 

1Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. 2Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi. 3Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi. 4Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi. 5Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi. 6-7Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi. 8Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy. 10Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy. 11Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. 12Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi. 13Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi. 14Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire[29]» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)
15Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, 16oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, 17Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. 18Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.
19Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.
20Şol wakalardan soň Ybraýyma şeýle habar geldi: «Doganyň Nahoryň aýaly Milka oňa ençeme ogul dogrup berdi. 21Onuň nowbahar oglunyň ady Us, ondan kiçisi Büz, soňra Kemuwal, (bu Aramyň kakasydyr), 22Keset, Hazo, Pildaş, Ýidlap hem Betuwel. 23Betuwelden Rebeka doguldy». Milka şu sekiz ogly Ybraýymyň dogany Nahora dogrup berdi. 24Onuň Rewuma atly gyrnak aýaly-da Tebany, Gahamy, Tahaşy hem-de Magakany dogurdy.

 

23-nji bap

 

Saranyň ölümi

 

1Sara ýüz ýigrimi ýedi ýaşady; şu onuň ömür süren ýyllarydy. 2Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi. 3Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara: 4«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi. 5-6Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler. 7Ybraýym ýerinden turup, ol ýurduň halky bolan hetlere tagzym etdi. 8-9Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi. 10Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen: 11«Ýok, jenabym, maňa gulak as. Men şol mülk ýeri öz kowumdaşlarymyň öňünde gowagy bilen bile saňa mugt berýärin. Arkaýyn merhumyňy jaýlaber» diýdi.
12-13Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi. 14-15Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi. 16Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.
17-18Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler. 19Şondan soň Ybraýym öz aýaly Sarany Mamräniň, ýagny Hebronyň gündogarynda ýerleşen Makpeladaky mülkündäki gowakda, Kengan ýurdunda jaýlady. 20Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi.

 

24-nji bap

 

Yshak we Rebeka

 

1Ybraýym juda garrapdy. Reb ony ähli babatda ýalkapdy. 2-3Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç. 4Meniň dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň arasyna git-de, oglum Yshaga gelinligi şol ýerden tapyp getir». 5Hyzmatkär Ybraýymdan: «Eger-de gyz meniň bilen bile bu ýere gelmek islemese, onda seniň ogluňy çykyp gaýdan dogduk mekanyňa alyp gideýinmi?» diýip sorady. 6Ybraýym oňa şeýle diýdi: «Oglumy ol ýere äkidäýme. 7Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň. 8Eger ol gyz seniň bilen gaýtmak islemese, onda sen içen antyňdan azat bolarsyň. Ýöne hergiz oglumy ol ýere äkidäýmegin». 9Hyzmatkär elini Ybraýymyň uýlugynyň astynda goýup ant içdi.
10Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi. 11Ol gala baryp ýetdi we onuň daşyndaky guýynyň başynda düýelerini çökerdi; agşam çaglarydy, galanyň gyz-gelinleriniň suw almaga çykýan wagtlarydy. 12Soňra ol şeýle dileg etdi: «Eý, meniň jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Jenabym Ybraýyma merhemet et-de, meniň işimi oň et. 13Ine, men guýynyň başynda durun. Şäheriň gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärler. 14Men bir gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: „Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar. Şonda men Seniň jenabyma merhemet edendigiňi bilerin».
15Ybraýymyň hyzmatkäri heniz dileg edip otyrka, Rebeka egni küýzeli galadan çykyp gelýärdi. Ol Ybraýymyň inisi Nahor we onuň aýaly Milkanyň ogly Betuweliň gyzydy. 16Ol heniz erkek eli degmedik görmegeý, boý gyzdy. Rebeka aşak guýa inip, küýzesini suwdan doldurdy-da, yzyna dolandy. 17Hyzmatkär ylgap, onuň öňünden çykyp: «Küýzäňdäki suwdan birazajyk içeýin-le» diýdi. 18Ol: «Içiň, meniň jenabym» diýdi-de, dessine küýzesini egninden düşürip, oňa suw berdi. 19Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärine suw bereninden soň: «Men siziň düýeleriňizi-de ganýança suwa ýakaryn» diýdi. 20Ol dessine küýzesindäki suwy nowa guýdy-da, suw çekmek üçin guýa tarap ylgady. Ol onuň düýeleriniň ählisi üçin guýudan suw çekdi. 21Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýoluny Rebbiň açandygyny ýa-da açmandygyny biljek bolup, sesini çykarman gyzy synlap durdy. 22Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi. 23Soňra ol gyzdan: «Sen kimiň gyzy? Ataň öýünde maňa we meniň ýoldaşlaryma gijäni geçirer ýaly ýer tapylmazmyka?» diýip sorady. 24Gyz oňa: «Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn. 25Bizde saman-da, ot-da köp, ýatar ýaly ýer hem bar» diýip jogap berdi. 26Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi. 27Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi. 28Gyz öýlerine bakan ylgady we baryp, öýündäkilere bolan wakany gürrüň berdi. 29-30Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz gyz dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy. 31Laban: «Näme üçin bu ýerde dursuň? Ýör, öýe gideli, eý, Rebbiň ýalkany, ýör öýe gideli. Men seniň üçin jaý, düýeleriň üçin hem ýer taýynladym» diýdi. 32Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri içeri girdi. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, olaryň öňüne samandyr ot dökdi. Ol Ybraýymyň hyzmatkärine we onuň ýoldaşlaryna aýaklaryny ýuwarlary ýaly suw getirip berdi. 33Onuň öňüne nahar goýuldy, ýöne ol adam: «Habarymy alýançaňyz, naharlanjak däl» diýdi. Laban oňa: «Beýle bolsa, habaryňy beräý» diýdi.
34Ybraýymyň hyzmatkäri şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäridirin. 35Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi. 36Jenabymyň aýaly Sara garrandan soň, ol Ybraýyma ogul dogrup berdi. Ybraýym ähli emlägini ogluna berdi. 37-38Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi. 39Men jenabyma: „Tapan gyzym meniň bilen gaýtmasa nädeýin?“ diýdim. 40Jenabym: „Nazarynda gezýän Rebbim Öz perişdesini seniň öňüňden iberip, işiňi oň eder. Şeýdip, sen meniň dogduk mekanymdan, garyndaşlarymyň arasyndan ogluma gelinlik taparsyň. 41Meniň garyndaşlarymyň arasyna baranyňda, şonda sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň; hatda olar saňa gyz bermeseler-de, sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň“ diýdi. 42Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et. 43-44Ine, men guýynyň başynda durun. Guýudan suw çekmäge gelen gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki suwdan birazajyk içäýeýin’ diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň jenabymyň ogly üçin saýlan gyzyň bolsun“ diýdim. 45Men heniz içimden edýän dilegimi soňlamankam, Rebeka egni küýzeli galadan suw almaga çykyp gelýärdi. Ol guýa baryp, ondan suw çekdi. Men oňa: „Maňa suw bersene“ diýdim. 46Ol dessine küýzesini egninden düşürdi-de: „Al, iç. Men siziň düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“ diýdi. Şeýdip, men suw içdim, ol düýeleri-de suwa ýakdy. 47Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim. 48Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym. 49Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin». 50Laban bilen Betuwel oňa şeýle jogap berdiler: «Bu Rebbiň işidir. Muny biz çözýän däldiris. 51Rebeka şu ýerde, ony al-da gidiber. Goý, ol Rebbiň aýdyşy ýaly, seniň jenabyňyň ogluna aýal bolsun». 52Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidende, dyza çöküp, Rebbe sežde etdi. 53Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi. 54Soňra Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýanyndaky adamlar bilen iýip-içdi we olar gijäni şol ýerde geçirdiler. Irden turanlaryndan soň ol: «Indi meni ýola salyň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 55Emma gyzyň ejesi bilen dogany: «Goý, Rebeka hiç bolmasa on gün ýanymyzda bolsun, onsoň gidibersin» diýdiler. 56Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 57Olar: «Gyzy çagyryp, onuň özünden sorap göreliň» diýdiler. 58Olar Rebekany çagyryp, ondan: «Sen şu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Rebeka: «Hawa, gitjek» diýip jogap berdi. 59Şunlukda, olar uýasy Rebekany, onuň enekesini, Ybraýymyň hyzmatkäri bilen onuň adamlaryny ugratdylar. 60Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler:

 

«Eý, uýamyz!
Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin;
Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»
61Rebeka bilen onuň gyrnaklary düýelere münüp, Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp, ýola rowana boldy. 62Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi. 63Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi. 64-65Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. 66Hyzmatkär başdan geçirenleriniň baryny Yshaga gürrüň berdi. 67Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi.

 

25-nji bap

 

Ybraýymyň ölümi

 

1Ybraýym ýene-de Ketura atly bir aýala öýlendi. 2Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi. 3Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi. 4Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
5Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi. 6Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.
7-8Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 9-10Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy. 11Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.

 

Ysmaýylyň nesilleri

 

12Ybraýymyň aýaly Saranyň Hajar atly müsürli gyrnagy bardy. Ybraýymyň bu gyrnak aýalyndan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr. 13-15Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema. 16Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar. 17Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 18Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.

 

Ysaw we Ýakup

 

19Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr. 20Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy. 21Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.
22Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.

 

23Reb oňa şeýle jogap berdi:
«Göwräňde iki millet bar,
senden iki bäsdeş halk dörär.
Biri beýlekisinden rüstem çykar,
ulusy kiçisine gul bolar».
24Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy. 25Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw[30] diýip at goýdular. 26Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup[31] dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.
27Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi. 28Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.
29Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi. 30Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom[32] diýip at dakdylar.) 31Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi. 32Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi. 33Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy. 34Ýakup Ysawa nan hem gyzyl merjimek çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.

 

26-njy bap

 

Yshak Gerarda mesgen tutýar

 

1Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi. 2-3Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin. 4-5Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».
6Şeýdip, Yshak Gerarda düşledi. 7Ol ýeriň adamlary Yshakdan onuň aýaly hakynda soranda, ol «bu meniň aýalym» diýmäge gorkup, olara «bu meniň aýal doganym» diýdi. Yshak Rebeka sebäpli bu ýeriniň halky özüni öldürer öýdýärdi, çünki Rebeka juda owadandy. 8Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi. 9Abymelek Yshagy öz ýanyna çagyryp, oňa: «Bu seniň aýalyň ahyryn! Sen näme üçin oňa „aýal doganym“ diýdiň?» diýip sorady. Yshak Abymelege: «Ol meniň aýalym diýsem, men öldürilerin öýtdüm» diýip jogap berdi. 10Abymelek oňa: «Näme üçin sen beýtdiň? Biziň adamlarymyzdan biri seniň aýalyňa ýanaşaýan bolsa, onda sen bizi günä goýardyň» diýdi. 11Soňra Abymelek: «Şu adama ýa-da onuň aýalyna degeniň başy ölümlidir» diýip, tutuş halka duýduryş berdi. 12Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy. 13Yshak gitdigisaýy baýap, döwletli adam boldy. 14Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler. 15Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar. 16Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi. 17Yshak ol ýerden gidip, Gerar jülgesine baryp, şol ýerde çadyryny dikip, ornaşdy. 18Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy. 19-20Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek[33] diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler. 21Soňra olar başga bir guýy gazdylar. Ol-da dawaly boldy. Ol guýyny Yshak «Sitna»[34] diýip atlandyrdy. 22Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy, Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot[35] dakdy. 23Yshak ol ýerden Beýerşeba gitdi. 24Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi. 25Yshak ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. Şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň gullary bolsa guýy gazdylar. 26Onsoň Yshagyň ýanyna Gerardan Abymelek, Abymelegiň maslahatçysy Ahuzat hem onuň harby serkerdesi Pikol geldi. 27Yshak olara: «Siz meni ýigrenip, öz ýurduňyzdan kowup goýberip, ýene meniň ýanyma gelýärmisiňiz?» diýdi. 28-29Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn». 30Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler. 31Olar ir bilen turup, özara ant içişdiler. Yshak olary ugratdy. Myhmanlar Yshagyň ýanyndan razy bolup gaýtdylar. 32Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip, öz gazan guýulary hakynda oňa gürrüň berdiler. Olar Yshaga: «Biz suw tapdyk» diýdiler. 33Yshak guýa «Şeba»[36] diýip at dakdy. Şoňa görä-de bu galanyň adyna şu günki güne çenli Beýerşeba[37] diýlip gelinýär.

 

Ysawyň keseki aýallary

 

34Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi. 35Bu gelinler Yshak bilen Rebekany janyndan doýurdylar.

 

27-nji bap

 

Yshak Ýakuba pata berýär

 

1Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi. 2Yshak: «Men indi garradym, haçan öljegim belli däl. 3Indi sen aw enjamlaryňy — sagdakdyr ýaýyňy al-da, meýdana gidip, maňa aw awlap getir. 4Ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; iýeýin-de, ölmezimden öň saňa pata bereýin» diýdi.
5-6Yshagyň ogly Ysawa aýdan sözlerini Rebeka diňläp durdy. Ysaw meýdana awa gidende, Rebeka ogly Ýakuba şeýle diýdi: «Kakaň doganyň Ysawa: 7„Aw awlap gel-de, ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; men ondan iýeýin-de, ölmezimden öň Rebbiň huzurynda saňa pata bereýin“ diýenini eşitdim. 8-9Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin. 10Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer». 11Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tekiz. 12Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälete galaryn». 13Ejesi Ýakuba: «Şol nälet, goý, maňa gelsin, oglum. Sen maňa gulak as-da, gidip owlaklary getir» diýdi. 14Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi. 15Soňra Rebeka uly ogly Ysawyň öýdäki gymmatbaha eşiklerini alyp, olary kiçi ogly Ýakuba geýdirdi. 16Onuň ellerini we boýnunyň tüýsüz ýerlerini owlak derisi bilen örtdi. 17Soňra Rebeka bişiren tagamly naharyny öz bişiren nany bilen bile ogly Ýakubyň eline tutdurdy.
18Ýakup kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka!» diýdi. Yshak: «Hawa! Sen kim, oglummy?» diýdi. 19Ýakup kakasyna: «Men nowbahar ogluň Ysawdyryn. Men seniň aýdyşyň ýaly edendirin. Indi dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata beräý» diýdi. 20Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi. 21Yshak Ýakuba: «Golaýragyma süýş, oglum. Seni elläp göreýin, seniň, hakykatdan-da, oglum Ysawdygyňy ýa-da däldigiňi bir bileýin» diýdi. 22Ýakup kakasy Yshagyň alkymyna bardy. Ol ogluny elläp gördi-de: «Ses Ýakubyň sesi, ýöne eller Ysawyň elleri» diýdi. 23Ýakubyň elleri edil Ysawyňky ýaly tüýlek bolansoň, Yshak ony tanaman, oňa pata berdi. 24Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi. 25Yshak oňa: «Oglum, aw etiňi getir, iýeýin-de, saňa pata bereýin» diýdi. Ýakup nahary onuň öňünde goýdy; Yshak iýdi, Ýakup şerap getirdi, Yshak içdi. 26Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi. 27Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi:

 

«Ine, oglumyň bu ysy
Rebbiň bereket beren
meýdanyň ysy ýalydyr.
28Hudaý saňa
Gögüň çygyndan,
mes toprakly ýerden,
bol galla hem şerap bersin.
29Halklar saňa hyzmat etsinler,
Il-uluslar saňa boýun egsinler.
Baştutan bol sen öz doganlaryňa,
doganlaryň saňa boýun egsinler.
Seni näletlän, näletlensin,
seni ýalkan, ýalkansyn!»

 

Ysaw Yshakdan pata sorap ýalbarýar

 

30Yshak Ýakuba pata berip, ol kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi. 31Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi. 32Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi. 33Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi. 34Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady. 35Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi. 36Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup[38] ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi. 37Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi. 38Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady. 39Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi:

 

«Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez,
Ol mes toprakly ýerden daş bolar.
40Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň,
Doganyňa hyzmat edersiň.
Wagt geler, garşylyk görkezersiň.
Onuň zulumyndan dynarsyň».
41Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy. 42Uly ogly Ysawyň sözleri Rebeka baryp ýetdi. Onsoň Rebeka kiçi ogly Ýakuby çagyrtdy-da, oňa şeýle diýdi: «Doganyň Ysaw senden ar almak üçin seni öldürmegiň küýüne düşüp ýör. 43Indi maňa gulak as, oglum! Eglenme-de, Harana, meniň erkek doganym Labanyň ýanyna gaç! 44-45Doganyň gahary ýatyşýança, eden işiň onuň ýadyndan çykyşýança, birsellem şol ýerde ýaşa. Soň men adam iberip, seni ol ýerden özüm aldyraryn. Bir günüň içinde ikiňizden hem mahrum bolasym gelenok».
46Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi.

 

28-nji bap

 

1Yshak Ýakuby öz ýanyna çagyryp, oňa pata hem tabşyryk berip, şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme! 2Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen. 3Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin. 4Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!» 5Şondan soň Yshak Ýakuby iberdi. Ýakup Betuwel mesopotamiýalynyň ogly, Ýakubyň we Ysawyň ejesi Rebekanyň dogany, Labanyň ýanyna Padanarama gitdi.

 

Ysaw başga aýala öýlenýär

 

6-7Yshagyň Ýakuba pata berip, Padanaramdan birine öýleneri ýaly, ony ol ýere iberendigini we «kengan gyzlaryna öýlenme!» diýip, Ýakuba tabşyryk berendigini we onuň kakasydyr ejesiniň sözüne gulak asyp, Padanarama gidendigini Ysaw eşitdi. 8-9Ysaw Kengan gyzlaryny kakasynyň halamaýandygyny bilip, Ysmaýylyň ýanyna gitdi we beýleki aýallarynyň üstüne Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Mahalata öýlendi.

 

Ýakup Beýtelde düýş görýär

 

10Ýakup Beýerşebadan çykyp, Harana tarap gitdi. 11Gün ýaşanda, ol bir ýerde düşledi. Ol bir daşy ýassanyp, şol ýerde ýatdy. 12Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler. 13Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb — Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. 14Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar. 15Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». 16Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi. 17Ol gorkup: «Bu nähili gorkunç ýer! Bu Hudaýyň öýi, gögüň derwezesi» diýdi. 18Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy. 19Ýakup bu ýere «Beýtel»[39] diýip at dakdy. Bu gala ozal Luz diýip atlandyrylýardy. 20-21Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar. 22Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin».

 

29-njy bap

 

Ýakup Labanyň ýanyna barýar

 

1Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi. 2Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy. 3Çopanlar sürüleriň baryny guýynyň başyna ýygnanlaryndan soň, daşy aýryp, dowarlaryny suwa ýakardylar-da, ýene-de daşy guýynyň agzyna goýardylar.
4Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler. 5Ýakup olardan: «Siz Nahoryň agtygy Labany tanaýarmysyňyz?» diýip sorady. Olar: «Tanaýarys» diýdiler. 6Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler. 7Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi. 8Olar: «Çopanlar sürüleri ýygnaýança, biz dowarlary suwa ýakyp bilmeris; guýynyň agzyndaky daş aýrylandan soň, dowarlary suwa ýakyp bileris» diýdiler.
9Ýakup olar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň dowarlaryny guýa getirdi. Rahel çopandy. 10Ýakup Raheli öz daýysy Labanyň sürüsi bilen görende, ol guýynyň ýanyna bardy-da, onuň agzyndaky daşy aýryp, daýysy Labanyň dowarlaryny guýudan suwa ýakdy. 11Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady. 12Ýakup özüniň Raheliň kakasy bilen garyndaşdygyny, özüniň Rebekanyň ogludygyny Rahele aýtdy. Rahel ylgap gidip, kakasyna habar berdi. 13Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi. 14Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi.

 

Ýakup Rahele we Leýa öýlenýär

 

Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň, 15Laban oňa: «Garyndaşym diýip, sen maňa şeýdip, mugt hyzmat etjek ýörjekmi? Saňa näçe zähmet hak tölemeli? Aýt!» diýdi. 16Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi. 17Leýanyň gözleri mylaýymdy, Rahel bolsa syratlydy we owadandy. 18Ýakup Raheli söýdi. Ol Labana: «Kiçi gyzyň Rahel üçin men ýedi ýyl hyzmatyňy edeýin» diýdi. 19Laban: «Ony başga birine berenden, saňa berenim gowudyr. Meniň ýanymda boluber» diýdi. 20Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.
21Bir gün Ýakup Labana: «Möhletim doldy, gelinligimi maňa ber, men onuň ýanyna gireýin» diýdi. 22Şeýdip, Laban töwerek-daşyny çagyryp, toý tutdy. 23Emma şol gije Laban Raheliň deregine uly gyzy Leýany Ýakubyň ýanyna alyp bardy; Ýakup Leýa ýanaşdy. 24(Laban hyzmatkäri Zilpany gyzy Leýa gyrnak edip beripdi.) 25Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi. 26Laban oňa: «Ulusy otyrka, kiçisi durmuşa çykarylmaz. Bu biziň ilimiziň däbidir. 27Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi. 28Ýakup Laban bilen ylalaşdy. Bir hepdelik toý dabarasy geçenden soň, Laban kiçi gyzy Raheli-de Ýakuba berdi. 29(Laban hyzmatkäri Bilhany Rahele gyrnak edip beripdi.) 30Ýakup Rahele hem ýanaşdy. Ol Raheli Leýadan artyk söýýärdi. Ol Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi.

 

Ýakubyň çagalary

 

31Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy. 32Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi[40], indi meni adamym halar» diýdi. 33Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon[41] dakdy. 34Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi[42] dakdy. 35Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda[43] dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy.

 

30-njy bap

 

1Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi. 2Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi. 3Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi. 4Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy. 5Bilha göwreli bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi. 6Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan[44] dakdy. 7Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. 8Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly[45] dakdy.
9Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi. 10Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi. 11Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat[46] dakdy. 12Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. 13Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer[47] dakdy.
14Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini[48] tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi. 15Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi. 16Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy. 17Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi. 18Leýa: «Bu — öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar[49] dakdy. 19Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi. 20Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun[50] dakdy. 21Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy. 22Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy. 23Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy. 24Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup[51] dakdy.

 

Ýakup Laban bilen söwdalaşýar

 

25Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana şeýle diýdi: «Meni goýber, men öz mekanyma, öz ýurduma gideýin. 26Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi seniň özüň bilýänsiň. Men aýallarymdyr çagalarym üçin zähmet çekdim. Şonuň üçin sen olary maňa ber. Indi men gideýin». 27Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim. 28Saňa näçe tölemelidigini aýt, men tölärin» diýdi. 29Şonda Ýakup oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi, dowarlaryňyň meniň döwrümde nähili köpelendigini sen özüň bilýänsiň. 30Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde[52], Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?» 31Laban oňa: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Eger sen meniň şu maslahatymy alsaň, onda men seniň dowarlaryňy ýene-de bakyp, olara göz-gulak bolaryn. 32Şu gün sen ähli sürülere aýlanyp, tegmiltli ýa-da menekli goýunlary, geçileri, gara guzulary sürüden aýyr. Olar meniň hyzmat hakym bolar. 33Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň». 34Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi. 35Emma şol günüň özünde Laban ala-mula we menekli erkeçleriň, tegmiltli we menekli, şeýle hem ak gatyşygy bolan geçileriň ählisini we gara goýunlaryň baryny sürüden çykaryp, öz ogullarynyň gözegçiligine berdi. 36Soňra Laban üç günlük ýola barabarlykda Ýakupdan arany açdy. Ýakup Labanyň beýleki galan sürüsini bakmagyny dowam etdirdi.
37Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy. 38-39Ol zolakly çybyklary dowarlaryň öňünde suw içýän nowalaryna salyp goýdy. Dowarlar nowalardan suw içmäge gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelip, bogaz boldular we ala-mula, tegmiltli hem-de menekli owlak-guzulary guzladylar. 40Ýakup guzularyny aýry saklap, olary Labanyň ala-mula we gara dowarlarynyň garşysynda bakýardy. Şeýdip, Ýakup özüne süri edindi we ony Labanyň sürüsine goşmady. 41Sagdyn dowarlar goça gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelerleri ýaly, Ýakup çybyklary hemişe olaryň öňünde nowalarda goýardy. 42Hor dowarlar goça gelende bolsa Ýakup olaryň öňünde çybyk goýmaýardy. Şunlukda, sagdyn dowarlar Ýakubyňky, hor dowarlar Labanyňky bolýardy. 43Şeýdip, Ýakup juda baýady. Indi onuň süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri bardy.

 

31-nji bap

 

Ýakup Labanyň ýanyndan gidýär

 

1-2Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi. 3Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi. 4-5Şoňa görä Ýakup Rahel bilen Leýany meýdana, dowarlaryň ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Görýärin welin, kakaňyzyň maňa garaýşy öňküsi ýaly däl. Ýöne kakamyň Hudaýy meniň bilendir. 6Kakaňyza meniň janymy aýaman hyzmat edendigimi siz bilýänsiňiz. 7Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi. 8Laban maňa: „Tegmiltli dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende, dowarlar uçdantutma tegmiltli guzulary guzladylar. Ol: „Ala-mula dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende bolsa, dowarlar uçdantutma ala-mula owlak-guzulary guzladylar. 9Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň dowarlaryny ondan alyp, maňa berdi.
10Dowarlaryň höwre gelýän möwsüminde men bir düýş gördüm. Düýşümde çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallymyş. 11Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim. 12Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm“ diýdi. 13Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir dikme daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan» diýdi.
14Rahel bilen Leýa Ýakuba şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize ne paý, ne-de miras bar. 15Ol bizi keseki hasaplamaýarmy näme?! Çünki ol bizi satdy, biz üçin tölenen kümüşleri-de satyp iýdi. 16Hudaýyň kakamyzyň elinden alan ähli baýlygy bize hem biziň çagalarymyza degişlidir. Indi sen Hudaýyň diýenini ýerine ýetir».
17-18Şeýdip, Ýakup çagalarydyr aýallaryny düýelere mündürip, ähli mallaryny — Padanaramda toplan ähli mal-mülküni alyp, öz kakasy Yshagyň ýanyna — Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. 19Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady. 20Ýakup bolsa özüniň bu ýerden gaçýandygyny Laban mesopotamiýalydan gizlemek bilen, ony aldawa saldy. 21Şeýdip, Ýakup ähli emlägini alyp, ol ýerden gaçdy. Ol Ýewfrat derýasyndan geçip, Gilgat daglygyna tarap ýöneldi.

 

Laban Ýakuby yzarlaýar

 

22Üçünji gün Ýakubyň gaçandygy hakdaky habar Labana gelip ýetdi. 23Laban garyndaşlaryny ýanyna alyp, ýedi günläp Ýakubyň yzyndan kowup, Gilgat daglygynda onuň yzyndan ýetdi. 24Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi. 25Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny dikipdi. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny dikdi.
26Laban Ýakuba şeýle diýdi: «Bu näme etdigiň boldy? Näme üçin meni aldadyň we gyzlarymy söweşde ele salnan ýesirler ýaly edip alyp gaýtdyň? 27Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we lira[53] bilen ugradardym. 28Sen hatda maňa agtyklarymdyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň. 29Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy. 30Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?» 31Ýakup Labana şeýle jogap berdi: «Gyzlaryňy elimden alarsyň öýdüp gorkdum. 32Ýöne seniň hudaýlaryňy ogurlap gaýdan diri galmaz. Garyndaşlarymyzyň gözüniň alnynda ähli goşlary barlap çyk-da, özüňe degişli näme tapsaň, al-da gidiber». Hudaýlary Raheliň ogurlandygyndan Ýakup bihabardy.
33Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi. 34Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howdunyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. 35Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi. 36Ýakup gaharlanyp, Labana şeýle diýdi: «Beýle yzarlaryň ýaly, meniň näme etmişim, näme günäm bar? 37Sen meniň ähli zatlarymy dörüp çykdyň, emma öý goşlaryňdan, heý, tapan zadyň boldumy? Eger bir zat tapan bolsaň, hany, onda ony özüňiň we meniň garyndaşlarymyň öňünde goý, haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, olaryň özi çözsün. 38Ine, ýigrimi ýyllap men seniňkide bolanymda, seniň goýunlaryňdyr geçileriň guzy ýa owlak düşüren däldir. Men seniň sürüleriňden ýekeje goç-da iýen däldirin. 39Ýyrtyjy haýwanlaryň parçalan mallaryny men seniň ýanyňa getirip hem durmadym; men hemişe ýitenleri öz boýnuma aldym. Gündiz ogurlanandygy-da, gije ogurlanandygy-da belli bolmadyklary sen menden talap etdiň. 40Gündiz jöwzadan, gije aňzakdan ejir çekerdim. Gijeleri çirim etmän geçirerdim. 41Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň. 42Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».

 

Ýakup bilen Laban ylalaşýarlar

 

43Onsoň Laban Ýakuba: «Aýallaryň meniň gyzlarym, çagalaryň meniň çagalarym, dowarlaryň meniň dowarlarym. Ine, şu görýän zatlaryň ählisi meniňkidir. Ýöne men öz gyzlarymy hem olaryň çagalaryny yzyna alyp bilmen ahyryn. 44Gel, ikimiz özara äht edişeli. Bu äht ikimize şaýat bolsun» diýdi. 45Ýakup bir uly daşy aldy-da, ony dikdi. 46Soňra ol öz garyndaşlaryna: «Daş toplaň» diýdi. Olar ýygnan daşlaryndan bir üýşmek ýasap, onuň gapdalynda naharlandylar. 47Ol üýşmegi Laban Ýagar-sahaduta[54], Ýakup bolsa Galet[55] diýip atlandyrdy. 48Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy. 49Bu uly daşa Mispa[56] diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi. 50-51Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin. 52Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin. 53Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň dawamyzy çözsünler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi. 54Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar. 55Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy.

 

32-nji bap

 

Ýakup Ysaw bilen duşuşyga taýynlanýar

 

1Ýakup öz ýoly bilen gidip barýarka, Hudaýyň perişdeleri ony garşylady. 2Ýakup olary görüp: «Bu Hudaýyň düşelgesi» diýdi. Şeýdip, Ýakup ol ýeri Mahanaýym[57] diýip atlandyrdy.
3-4Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym. 5Men ençeme öküzli, eşekli, dowarly hem gul-gyrnakly boldum. Seniň göwnüňi taparym ýaly, men saňa habar ýollaýaryn“». 6Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň Ysawyň ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda dört ýüz adam bar» diýdiler. 7-8Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.
9Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy! 10Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum. 11Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn. 12Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».
13-15Ýakup ol gijäni şol ýerde geçirdi. Özünde bar bolan mallardan iki ýüz geçi bilen ýigrimi erkeji, iki ýüz goýun bilen ýigrimi goçy, otuz sany köşekli saglyk düýäni, kyrk sygyr bilen on öküzi we ýigrimi sany urkaçy eşek bilen on sany erkek eşegi öz dogany Ysawa sowgat etmek üçin saýlap aldy. 16Ýakup olary aýry-aýry sürüler edip, öz gullarynyň öňüne saldy we olara: «Menden öňde ýöräň we her süriniň arasynda çäk saklaň» diýip tabşyrdy. 17-18Ýakup olaryň ilkinjisine şeýle tabşyryk berdi: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Sen kimiň adamy? Ugruň nirä? Öňüňdäki süri kimiňki?“ diýip sorasa: „Bular guluň Ýakubyňky. Ýakup bulary öz jenaby Ysawa sowgat iberdi. Yzymyzdan onuň özi-de gelýär“ diýiň». 19Ýakup ikinji, üçünji guluna, sürüleriň yzyna düşüp giden ähli gullaryna-da şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, hut şol bir sözleri aýdarsyňyz. 20Şeýle hem siz: „Guluň Ýakup-da yzdan gelýär“ diýersiňiz» diýdi. Çünki Ýakup öz ýanyndan: «Şu öňden ugradýan sowgatlarym bilen men Ysawyň ýüregini ýumşadaryn. Soňra men onuň bilen ýüzbe-ýüz görşerin. Ol, belki, meni kabul eder» diýip oýlandy. 21Şeýdip, Ýakup sowgatlary özünden öň iberip, şol gijäni düşelgede geçirdi.

 

Ýakup göreş tutýar

 

22Şol gije Ýakup turup, iki aýalyny, iki gyrnagyny hem-de on bir çagasyny alyp, Ýabok derýasynyň güzerinden geçdi. 23Olary derýanyň aňyrsyna geçirenden soň, Ýakup ýanyndaky mal-mülkleriniň ählisini hem derýanyň aňyrsyna iberdi. 24Ýakubyň ýeke özi galdy. Tä daň şapagy dogýança, bir kişi bilen göreş tutdy. 25Ýakubyň baş bermeýändigini görensoň, ol kişi Ýakubyň uýlugynyň oýjugyna urup, onuň uýlugyny ýazdyrdy. 26Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi. 27Ol adam Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Ýakup» diýip jogap berdi. 28Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp[58], olardan üstün çykdyň» diýdi. 29Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi. 30Ýakup ol ýeri «Peniýel»[59] diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi. 31Ýakup Peniýelden[60] çykyp barýarka, Gün dogdy. Ol uýlugyna deglendigi sebäpli agsaýardy. 32(Ysraýyllar henize çenli uýlukdaky siňri iýmeýärler, çünki Hudaý Ýakubyň uýlugyndaky siňre degipdi.)

 

33-nji bap

 

Ýakup Ysaw bilen duşuşýar

 

1Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi. 2Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy. 3Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi. 4Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar. 5Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi. 6-7Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler. 8Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi. 9Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi. 10Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň. 11Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.
12Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi. 13Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler. 14Şoňa görä-de, jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, gyssanman barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».
15Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek näme gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi. 16Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi. 17Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot»[61] diýip atlandyrdy.
18Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi. 19Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz kümüş teňňä satyn aldy. 20Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl[62] diýip atlandyrdy.

 

34-nji bap

 

Dina bilen Şekem

 

1Leýanyň Ýakuba dogrup beren gyzy Dina ýerli halkyň gyzlaryny görmäge gitdi. 2Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi. 3Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy. 4Şekem kakasy Hamora: «Şu gyzy maňa alyp ber» diýdi.
5Hamoryň oglunyň Dinany biabraý edendigini Ýakup eşitdi. Onuň ogullary bolsa meýdanda mallaryň üstündedi. Ýakup ogullary gelýänçä sesini çykarmady.
6-7Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi. 8Hamor Ýakuba şeýle diýdi: «Meniň oglum Şekem siziň gyzyňyza ölemen aşyk. Gyzyňyzy meniň ogluma aýallyga beräýiň. 9Garyndaşlyk açalyň, gyz alşyp-berşeliň. 10Siz şu ýurtda biz bilen bile mesgen tutup, islän ýeriňizde ýaşap, söwda-satyk ediň we özüňize mülk ediniň». 11Soňra Şekem söze goşulyp, Dinanyň kakasyna we doganlaryna şeýle diýdi: «Maňa merhemet ediň, onsoň men size islän zadyňyzy bererin. 12Galyňmy, gymmatbaha serpaýlarmy, garaz, diliňiziň geplän zadyny men size bererin, maňa diňe şol gyzy aýallyga berseňiz bolýar». 13Emma Ýakubyň ogullary öz uýalary Dinany biabraý eden Şekeme we onuň kakasyna mekirlik bilen jogap berdiler. 14Olar şeýle diýdiler: «Uýamyzy sünnetsize bermeris. Bu biziň üçin namys bolar. 15Diňe şu şert bilen ylalaşarys: siziň ähli erkekleriňiz biziň ýaly sünnetlensin. 16Şeýtseňiz, onda biz siziň bilen gyz alşyp-berişmäge-de, siz bilen bile bir ýerde mekan tutmaga-da, bir halk bolmaga-da taýýardyrys. 17Eger-de siz biziň sözümize gulak asyp, sünnetlenmeseňiz, onda gyzymyzy alyp gideris».
18Bu şert Hamor bilen onuň ogly Şekeme ýarady. 19Şekem bu işi eglemedi, çünki ol Ýakubyň gyzyny söýýärdi. Şekem maşgalada iň hormatlanýanydy. 20Hamor bilen Şekem ikisi gala derwezesindäki duşuşyk geçirilýän ýere gelip, halka şeýle ýüzlendiler: 21«Ol adamlar biziň dostlarymyzdyr. Goý, olar şu ýurtda mesgen tutup, söwda-satyk etsinler. Ýurdumyz giň ahyryn, ol bize-de, olara-da ýeter. Olar bilen gyz alşyp-berşeliň. 22Bu adamlar diňe şu şert bilen — biziň ähli erkeklerimiziň özleri ýaly sünnetlenmek şerti bilen biziň aramyzda ýaşap, biziň bilen bir halk bolmaga razylaşarlar. 23Olar bilen razylaşalyň, goý, olar biziň bilen bile otursynlar. Onsoň olaryň ähli mallary we mal-mülkleri biziňki bolar!» 24Hamor bilen onuň ogly Şekemiň sözüni kabul edip, galanyň ähli erkekleri sünnetlendiler.
25Üç gün geçipdi. Erkekler heniz sünnetiň yzasyny çekýärdiler. Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary Şimgon bilen Lewi gala duýdansyz hüjüm edip, ol ýerdäki erkekleriň ählisini uçdantutma gylyçdan geçirdiler. 26Hamor bilen onuň ogly Şekemi-de öldürip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar. 27Ýakubyň beýleki ogullary öldürilenleriň ýanyna geldiler we öz uýalarynyň biabraý edilendigi üçin galany taladylar. 28-29Olar ownukly-irili mallary, eşekleri, galanyň içindäki hem meýdandaky ähli zatlary we olaryň ähli baýlyklaryny olja aldylar; aýallaryny we oglan-uşaklaryny ýesir aldylar we öýlerindäki bar zatlary taladylar. 30Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi. 31Ogullary Ýakuba: «Uýamyza loly hökmünde garalmagyna ýol berip bolmaz ahyryn» diýdiler.

 

35-nji bap

 

Hudaý Beýtelde Ýakuba pata berýär

 

1Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi. 2Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň. 3Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi. 4Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady. 6Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi. 7Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi. 8Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut[63] diýlip atlandyryldy.
9Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Özüni Ýakuba ýene-de aýan edip, oňa pata berdi. 10Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy. 11Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. 12Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi. 13Soňra Hudaý Ýakup bilen sözleşen ýerinden ýokary göterilip gitdi. 14Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy. 15Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel[64] diýip atlandyrdy.

 

Raheliň ölümi

 

16Olar Beýtelden ugradylar. Efrat welaýatyna ýetmäge sanlyja menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursady gelip, ony agyr burgy tutup ugrady. 17Agyr burgy tutýarka, göbegene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi. 18Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony[65] diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin[66] goýdy. 19Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy. 20Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.) 21Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi. 22-23Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi.
Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun; 24Onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin; 25Onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; 26Onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.

 

Yshagyň ölümi

 

27Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi. 28Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi. 29Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.

 

36-njy bap

 

Ysawyň nesilleri

 

1Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr. 2-3Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi. 4Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly, 5Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi. 7Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi. 8Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady. 9Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr. 10Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal. 11Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz. 12Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi. Bular Ysawyň aýaly Adadan bolan nesilleridir. 13Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan nesilleridir. 14Ysawyň aýaly Oholybama Sibgonyň gyzy bolan Ananyň gyzydy. Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15-16Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr. 17Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr. 18Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýaglam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr. 19Bularyň hemmesi Ysawyň ýagny Edomyň ogullarydyr. Olar urugbaşylardyr.
20-21Hory Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horylaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr. 22Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Homam. Timna Lutuň aýal doganydy. 23Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam. 24Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (ol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy). 25Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama. 26Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýytran, Keran. 27Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan. 28Dişanyň ogullary: Us, Aran. 29-30Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser, Dişan.

 

Edom patyşalary

 

31Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öň Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr. 32Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady. 33Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy. 34Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy. 35Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy. 36Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy. 37Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy. 38Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy. 39Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötenden soň onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Ol Pagu galasyndandy. Hadaryň aýalynyň ady Meheýtabeldi. Ol Matrediň gyzy, Meýzahabyň agtygydy.
40-43Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän Edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.

 

37-nji bap

 

Ýusup we onuň doganlary

 

1Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy. 2Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir.
On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy. 3Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don[67] tikipdi. 4Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.
5Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler. 6Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm. 7Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler». 8Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
9Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi. 10Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň — hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi. 11Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
12-13Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi. 14Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy.
Ýusup Şekeme geldi. 15Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady. 16Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi. 17Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
18Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar. 19Olar biri-birlerine: «Hanha, düýş görüji gelýär. 20Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýularyň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
21Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy. 22Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi. 23-24Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki üýtgeşik donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.
25Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. 26Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlygymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?! 27Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar. 28Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara[68] satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. 29Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
30Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi. 31Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar. 32Olar Ýusubyň üýtgeşik donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler. 33Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady. 34Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. 36Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.

 

38-nji bap

 

Tamar bilen Ýahuda

 

1Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy. 2Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy. 3Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy. 4Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy. 5Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
6Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi. 7Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. 8Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. 9Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. 10Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. 11Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.
12Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly — Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi. 13Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler. 14Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi. 15Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol loludyr öýtdi. 16Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady. 17Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň?» diýdi. 18Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy. 19Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi. 20Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady. 21«Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler. 22Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi. 23Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.
24Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi. 25Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi. 26Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady. 27Aýy-güni dolup, dogurmaly pursady gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy. 28Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göbegene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy. 29Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres[69] dakyldy. 30Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy.

 

39-njy bap

 

Ýusup Potypara hyzmat edýär

 

1Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre getirip, faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar. 2Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy. 3Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi. 4Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi. 5Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi. 6Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy.

 

Ýusup we Potyparyň aýaly

 

Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi. 7Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi. 8Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi. 9Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» 10Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.
11Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. 12Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy. 13-14Ýusubyň eşigini elinde galdyryp gaçandygyny gören aýal hyzmatkärlerini çagyryp, olara: «Görseňizläň, meniň ärim bu ýewreýi bizi biabraý etmek üçin getiripdir. Ol meniň bilen ýatjak bolup, otagyma geldi, men sesimiň ýetdiginden gygyrdym. 15Şonda ol eşigini ýanymda taşlap, daşary gaçyp gitdi» diýdi. 16Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady. 17-18Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».
19Aýalynyň: «Guluň meni, ine, şeýtdi» diýen sözlerini eşidensoň, jenabyň gany depesine urdy. 20Ol Ýusuby tutup, patyşanyň tussaglarynyň saklanýan zyndanyna saldy. Şeýdip, Ýusup zyndanda oturdy. 21Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy. 22Zyndanyň başlygy ol ýerdäki tussaglaryň ählisini Ýusubyň eline berdi. Ýusup zyndanyň ähli işi üçin jogapkärçilik çekdi. 23Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.

 

40-njy bap

 

Ýusup tussaglaryň düýşüni ýorýar

 

1Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler. 2Bu ikisine faraonyň gahary geldi. 3Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy. 4Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
5Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy. 6Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler. 7Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady. 8Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir näme?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi. 9Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm. 10Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş. 11Faraonyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi faraonyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym». 12Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür. 13Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň. 14Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber. 15Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
16Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş. 17Sebetleriň iň üstküsinde faraon üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi. 18Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür. 19Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
20Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy. 21Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, faraon baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol faraona sakylyk etdi. 22Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy. 23Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.

 

41-nji bap

 

Ýusup faraonyň düýşüni ýorýar

 

1Iki ýyldan soň faraon bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn. 2Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş. 3Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş. 4Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ukudan oýandy. 5Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş. 6Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş. 7Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi. 8Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.
9Baş saky faraona ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn. 10Bir gün faraonyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy. 11Bir gije biziň ikimiz-de düýş gördük. Düýşleriň hersiniň özüne laýyk ýorgudy bolmalydy. 12Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi olaryň mazmunyna görä ýorup berdi. 13Ýusubyň ýorgudy dogry bolup çykdy. Men öňki wezipäme dolanyp geldim, baş nan bişiriji bolsa dardan asyldy». 14Faraon Ýusuby çagyrtdy. Ony dessine zyndandan çykardylar. Ýusup özüne serenjam berdi, geýimlerini çalşyrdy we faraonyň huzuryna geldi. 15Faraon Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi. 16Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi. 17Faraon Ýusuba düýşüni gürrüň berdi: «Men düýşümde Nil derýasynyň kenarynda durmuşym. 18Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş. 19Olaryň yzyndan bolsa derýadan ýene-de ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykýarmyş. Men şeýle hor sygyrlary bütin Müsürde hiç haçan görmändim. 20Soňra şol hor süňkleri çykyşyp duran sygyrlar öňki ýedi semiz sygry iýýärmişler. 21Emma olaryň semiz sygyrlary iýendigini hiç kim bilip biljek däldi, çünki olaryň entegem öňküleri ýaly süňkleri çykyşyp durmuşyn. Şol wagt hem men oýandym. 22Soňra ýene başga bir düýş gördüm. Bir baldakda ýedi sany dok we dykyz sümmül gögerýärmiş. 23Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş. 24Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».
25Ýusup faraona şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý faraona Öz etjek zadyny aýan edipdir. 26Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür. 27Soňky çykan ýedi hor sygyr bilen gündogar ýeline guran ýedi puç sümmül, ýedi ýyllap dowam etjek açlygy aňladýar. 28Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý faraona Öz etjek zadyny görkezipdir. 29Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bolelinlik bolar. 30Soňra ýedi ýyl açlyk geler. Müsüriň öňki bolçulygy unudylar, çünki açlyk Müsüri ejizleder. 31Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler. 32Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar. 33Şoňa görä-de, faraonyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr. 34Faraon bütin Müsürde häkimler bellemelidir we olar ýedi ýyllyk bolçulykda Müsür ýurdunyň hasylynyň bäşden birini almalydyrlar. 35Goý, olar öňlerindäki geljek bolçulyk ýyllarynda galla toplap, ony galalarda faraonyň ygtyýarlygynda saklasynlar. 36Bu galla Müsür açlykdan heläk bolmaz ýaly, oňa ýedi ýyl azyk bolar».

 

Ýusup Müsüre hökümdarlyga bellenýär

 

37Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady. 38Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi. 39Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur. 40Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn». 41Soňra faraon Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi. 42Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy. 43Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi. 44Faraon Ýusuba: «Faraon men bolsam-da, Müsüriň hiç bir ýerinde senden rugsatsyz çöp başy gymyldamaz» diýdi. 45Faraon Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada öýerdi. Şeýdip, Ýusup tutuş Müsür ýurduny dolandyryp başlady. 46(Müsür patyşasy faraona hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup faraonyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy. 47Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi. 48Ýusup Müsür topragyndan ýedi ýylyň dowamynda önen ähli gallany ýygnap, galalarda ýerleşdirdi. Ol her galanyň töwereginden ýygnalan gallany şol galanyň özünde saklady. 49Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy. 50Açlyk ýyllary başlamazyndan öň, Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada Ýusuba iki ogul dogrup berdi. 51Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, nowbahar oglunyň adyna Manaşa[70] dakdy. 52Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym[71] dakdy.
53Müsüriň ýedi ýyllyk bolçulyk döwri tamamlandy. 54Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy. 55Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen faraondan azyk sorap başlady. Faraon ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi. 56Açlyk Müsüriň ähli ýerine ýaýrap, gitdigisaýy güýjeýärdi. Ýusup ammarlary açyp, Müsür halkyna galla satyp başlady. 57Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi.

 

42-nji bap

 

Ýusubyň doganlary Müsüre gelýärler

 

1Ýakup Müsürde galla bardygyny bilip, öz ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüňize seredip otyrsyňyz? 2Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi. 3Şunlukda, Ýusubyň doganlaryndan onusy Müsüre galla satyn almaga gitdi. 4Ýusubyň süýtdeş inisi Benýamini bolsa Ýakup «bir betbagtçylyga uçraýmasyn» diýip, doganlary bilen ibermedi. 5Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.
6Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler. 7Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler. 8Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar. 9Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi. 10Olar Ýusuba: «Ýok, jenabym, biz gullaryňyz azyk satyn almaga geldik. 11Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler. 12Ýusup olara ýene: «Ýok, siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelipsiňiz» diýdi. 13Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler. 14Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, aýdyşym ýaly, siz içalysyňyz. 15Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men faraonyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz. 16Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, faraonyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr». 17Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.
18Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn. 19Eger siz, hakykatdan-da, ak ýürekli adamlar bolsaňyz, onda siziň biriňiz şu ýerde, zyndanda galyň, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla äkidiň. 20Onsoň körpe doganyňyzy meniň ýanyma getiriň. Eger şeýle etseňiz, bu siziň ýalan sözlemeýändigiňizi subut eder we siz ölümden gutularsyňyz». Doganlar onuň bilen razylaşdylar. 21Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris». 22Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar». 23Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi. 24Ýusup doganlarynyň ýanyndan aýrylyp aglady. Ol soň dolanyp gelip, olar bilen gepleşdi. Ol soňra Şimgony tutdurdy we Şimgon doganlarynyň gözüniň alnynda daňyldy.

 

Ýusubyň doganlary Kengana dolanýarlar

 

25Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi. 26Doganlar gallany eşeklerine ýükläp, ýola rowana boldular. 27Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi. 28Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, çuwalyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi-kä?!» diýişdiler.
29Olar Kengana, öz kakalary Ýakubyň ýanyna gelip, bolan işleriň ählisini oňa gürrüň berdiler. 30«Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi. 31Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris. 32Biz bir atadan bolan on iki dogandyrys; bir doganymyz ýitdi, körpämiz bolsa Kenganda kakamyzyň ýanynda galdy“ diýdik. 33Şonda ol bize şeýle diýdi: „Siziň ak ýürekli adamlardygyňyza göz ýetirmek üçin men, ine, şeýle etjek. Siziň biriňiz meniň ýanymda galarsyňyz, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla alyp gidersiňiz. 34Körpe iniňizi meniň ýanyma getiriň. Şonda men siziň içaly däl-de, ak ýürekli adamlardygyňyza ynanaryn. Şondan soň siziň doganyňyzy yzyna bererin we siz bu ýurtda söwda-satyk edip bilersiňiz“ diýip, kakalaryna hemme bolan zatlary bolşy ýaly gürrüň berdiler».
35Çuwallaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup pully düwünçekleriniň çuwallardadygyny görüp gorkdular. 36Ýakup olara şeýle diýdi: «Bu zatlar meniň başyma geldi: siz meni çagalarymdan mahrum etdiňiz. Ýusuby-da, Şimgony-da ýokladyňyz, indem Benýamini äkitjek bolýarsyňyz». 37Ruben kakasyna: «Eger ony gaýtaryp getirmesem, onda meniň iki oglumy-da öldüräý. Benýamini meniň ygtyýaryma ber, men ony seniň ýanyňa gaýtaryp getirerin» diýdi. 38Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi.

 

43-nji bap

 

Ýusubyň doganlary Müsüre ikinji gezek gelýärler

 

1Kenganda açlyk erbetdi. 2Müsürden getirilen galla gutaranda, Ýakup ogullaryna: «Ýene gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň» diýdi. 3Ýahuda oňa şeýle diýdi: «Ol adam bize berk duýduryş berip: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi. 4-5Benýamini biziň bilen iberseň, biz gideris hem saňa azyk satyn alyp geleris, ony ibermeseň, gitmeris. Çünki ol adam: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi». 6Ysraýyl: «Oňa ýene bir doganyňyzyň bardygyny aýdyp, maňa beýle ýamanlyk etmeli däl ekeniňiz-dä!» diýdi. 7Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler. 8Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli. 9Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn. 10Eger biz haýal-ýagallyga salmadyk bolsak, biz ol ýere eýýäm iki gezek gidip-gelerdik».
11Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň. 12Iki esse köp pul alyň, çuwalyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr. 13Doganyňyzy hem alyň-da, ýene ol adamyň ýanyna dolanyň. 14Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
15Şeýdip, olar sowgatlary, iki esse pul hem Benýamini alyp, Müsüre gidip, ýene Ýusubyň huzuryna bardylar. 16Ýusup olaryň arasynda Benýamini görüp, hojalygynyň baş hyzmatkärine: «Bu adamlary öýe äkit; bir mal soý-da, nahar taýýarla. Olar meniň bilen bile günortanlyk edinerler» diýdi. 17Ol hyzmatkär tabşyrylyşy ýaly, doganlary Ýusubyň öýüne alyp bardy. 18Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.
19Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler. 20Olar şeýle diýdiler: «Jenabym, bize gulak as. Biz bu ýere azyk satyn almak üçin öň hem gelipdik. 21Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde çuwallarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna çuwallaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik. 22Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary çuwalymyza kimiň salandygyndan biziň habarymyz ýok». 23Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary çuwallaryňyza siziň we ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi. 24Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi. 25Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.
26Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler. 27Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi. 28Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler. 29Soňra Ýusup olara göz aýlady we öz süýtdeş dogany Benýamini görüp: «Körpämiz diýeniňiz şumy? Hudaý saňa merhemet etsin, oglum!» diýdi. 30Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady. 31Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.
32Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar. 33Doganlar ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä, Ýusubyň garşysynda oturdyldy. Olar muňa geň galyp, biri-birlerine seredişdiler. 34Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.

 

44-nji bap

 

Ýusubyň käsesi

 

1Ýusup baş hyzmatkärine şeýle buýruk berdi: «Bu doganlaryň çuwallaryny olaryň göterip biljek azyklaryndan doldurarsyň; getiren pullaryny-da olaryň horjunlarynyň agzynda goýarsyň. 2Körpeleriniň horjunyna bolsa onuň galla tölemek üçin getiren puly bilen meniň kümüş käsämi salarsyň». Baş hyzmatkär Ýusubyň buýrugyny ýerine ýetirdi. 3Bular daňdan eşekleri bilen ol ýerden ugradyldy. 4Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme? 5Bu meniň jenabymyň içýän, seredip, geljegi bilýän käsesi ahyryn. Siz pis iş etdiňiz“ diý» diýip buýurdy. 6Baş hyzmatkär doganlaryň yzyndan ýetip, olara Ýusubyň sözlerini gaýtalady.
7Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris. 8Biz öz horjunlarymyzdan çykan pullary-da Kengandan yzyna getirdik. Onsoň biz seniň jenabyňyň öýünden altyn-kümşi näme üçin ogurlaly?! 9Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin. Galanlarymyz bolsa jenaba gul bolarys». 10Baş hyzmatkär: «Goý, siziň diýşiňiz ýaly bolsun, ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, beýlekileriňiz bolsa boşadylarsyňyz» diýdi. 11Olar dessine horjunlaryny ýere düşürip, olaryň agzyny açdylar. 12Baş hyzmatkär ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä hemmesiniň horjunyny barlady. Käse Benýaminiň horjunyndan çykdy. 13Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.
14Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler. 15Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi. 16Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys». 17Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».

 

Ýahuda Benýamin üçin ýalbarýar

 

18Şu sözlerden soň Ýahuda Ýusubyň golaýyna baryp: «Jenabym, öz guluňa iki agyz söz aýtmaga rugsat et. Maňa gaharlanmaň; siz faraon kiminsiňiz. 19Jenabym gullaryňyzdan: „Kakaňyz ýa-da doganyňyz barmy?“ diýip soradyňyz. 20Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk. 21Siz bolsa öz gullaryňyza: „Ony getiriň, men bir göreýin“ diýdiňiz. 22Biz: „Oglan kakasyndan aýrylyp bilmez, eger ol aýrylaýsa, onuň kakasy jan berer“ diýdik. 23Ýöne siz: „Körpe doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni asla görmersiňiz“ diýdiňiz. 24Guluň kakamyza seniň diýenleriňi gürrüň berdik. 25Onsoň kakam bize: „Ýene-de gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň“ diýdi. 26Biz oňa: „Körpämizi biziň bilen iberseň, biz gideris, ýogsa gitmeris, çünki biz körpämiz bilen bile barmasak, häkimi görüp bilmeris“ diýdik. 27Şonda guluň kakamyz bize: „Aýalymyň maňa iki ogul dogrup berendiginden siziň habaryňyz bardyr. 28Birinden aýra düşdüm. ‘Ol parçalanypdyr’ diýdim. Şondan soň men ony asla görmedim. 29Indi muny-da alyp gitseňiz, olam ýolda bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz“ diýdi. 30Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn. 31Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris. 32Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim. 33Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn. 34Çünki men oglany bu ýerde taşlap baryp, kakamyň ýüzüne nähili seredeýin. Men kakamyň çekjek hasratyny görmekden gorkýaryn».

 

45-nji bap

 

Ýusup öz doganlaryna syryny açýar

 

1Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy. 2Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we faraonyň köşgündäkilere eşidildi. 3Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy. 4Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn. 5Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi. 6Çünki ýer ýüzünde iki ýyldan bäri açlyk dowam edýär. Ýene-de bäş ýyllap ekin-tikinde, hasyl-da bolmaz. 7Ýer ýüzünde siziň nesilleriňizi aman galdyrmak we sizi beýik gutulyş bilen halas etmek üçin Hudaý meni siziň öňüňizden iberdi. 8Şoňa görä-de, meni bu ýere siz däl-de, Hudaý iberdi. Hudaý meni faraona ata hökmünde goýup, onuň bütin köşgüniň eýesi etdi. Men tutuş Müsüriň hökümdarydyryn. 9Haýal etmän gidiň-de, kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel. 10Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň. 11Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“. 12Meniň hakykatdan-da Ýusupdygymy siziň hemmäňiz we inim Benýamin-de öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz. 13Siz kakama meniň Müsürdäki şan-şöhratym, bu ýerde gören zatlaryňyzyň ählisi hakynda gürrüň beriň we ony tizräk şu ýere alyp geliň». 14Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady. 15Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.
16Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar faraonyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler. 17Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň. 18Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“. 19Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň. 20Yzyňyzda galjak goş-golamlaryňyzyň aladasyny etmäň, çünki bütin Müsüriň saýlantgy näz-nygmatlary siziňki bolar“».
21Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Faraonyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi. 22Ýusup bularyň Benýaminden başgasynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa üç ýüz kümüş teňňe bilen bäş laý geýim-gejim berdi. 23Kakasyna on erkek eşegi Müsüriň iň saýlama näz-nygmatlaryndan, on urkaçy eşegi bolsa kakasyna Müsüre gaýdyşyn ýol azygy bolar ýaly galladan, çörekden we azykdan ýükläp iberdi. 24Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.
25Şeýdip, olar Müsürden gaýdyp, Kengana kakalary Ýakubyň ýanyna dolanyp geldiler. 26Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi. 27Emma olar Ýusubyň aýdanlarynyň ählisini Ýakuba gürrüň berenlerinden soň we özüni äkitmek üçin Ýusubyň iberen arabalaryny görenden soň, Ýakubyň ýüregi ýerine geldi. 28Ysraýyl: «Ýusubym diri, bes! Ölmänkäm gidip, onuň didaryny bir göreýin!» diýdi.

 

46-njy bap

 

Ýakup we onuň maşgalasy Müsüre göçýär

 

1Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi. 2Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi. 3Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn. 4Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar». 5Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler. 6-7Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi. 8Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben. 9Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy. 10Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar hem-de kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. 11Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary. 12Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. 13Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron. 14Zebulunyň ogullary: Sarat, Eýlon, Ýahleýel. 15Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy. 16Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli. 17Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkyýel. 18(Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Ýakubyň Zilpa gyrnagyndan bolan nesliniň sany jemi on altydyr.) 19Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin. 20Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşany we Efraýymy dogrup berdi. 21Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art. 22(Bular Ýakubyň Rahelden bolan neslidir. Olar jemi on dörtdür.) 23Danyň ogly: Huşym. 24Naftalynyň ogullary: Ýahseýel, Guny, Ýezer, Şillem. 25(Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.) 26Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy. 27Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.

 

Ýakup maşgalasy bilen Müsürde mesgen tutýar

 

28Ýakup Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi.
Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende, 29Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady. 30Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi. 31Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, faraona habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler. 32Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin. 33Faraon sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar. 34Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».

 

47-nji bap

 

1-2Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we faraonyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny faraon bilen tanyş etdi. 3Faraon olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar faraona: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler. 4Olar faraona: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de, siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.
5Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler. 6Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir». 7Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi. 8Faraon Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady. 9Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi. 10Ýakup faraona ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy. 11Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup faraonyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi. 12Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny — iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.

 

Açlyk ýowuzlaşýar

 

13Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy. 14Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary faraonyň köşgüne getirdi. 15Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler. 16Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi. 17Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi. 18Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur. 19Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile faraona gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».
20Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini faraon üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy faraonyň eline geçdi. 21Ýusup Müsüriň tutuş halkyny gula öwürdi[72]. 22Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara faraon tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.
23Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Faraon üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň. 24Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz». 25Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz faraona gul bolarys» diýdiler. 26Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň faraona berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.

 

Ýakubyň iň soňky haýyşy

 

27Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.
28Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady. 29Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn. 30Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi. 31Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi.

 

48-nji bap

 

Ýakup Efraýym bilen Manaşa pata berýär

 

1Şu wakalardan soň Ýusuba «Kakaň hassadyr» diýen habar geldi. Ýusup iki ogluny Manaşa bilen Efraýymy ýanyna alyp ýola düşdi. 2Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy.
3-4Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli HudaýKengan topragynda, Luzda[73] maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi. 5Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşa edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr. 6Olardan soňky doguljak ogullaryň seniňki bolsun. Olar Efraýym bilen Manaşadan miras alarlar. 7Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Efrata[74] ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Eprata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».
8Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp, ondan: «Bular kim?» diýip sorady. 9Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi. 10Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.
11Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi. 12Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi. 13Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşany bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi. 14Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy. 15Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi:

 

«Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy,
ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
16meni ähli ýamanlykdan goran perişde
bu oglanlary-da ýalkasyn!
Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady
şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin!
Goý, olardan köp nesiller döresin!»
17-18Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy. 19Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi. 20Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi:

 

«Ysraýyl halky kimdir birine pata berende:
„Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ —
diýip, siziň adyňyz bilen pata berer».
Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi.
21Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter. 22Indi men Şekemi[75] doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.

 

49-njy bap

 

Ýakup ogullaryna pata berýär

 

1Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.

 

 

2«Eý, Ýakubyň ogullary, toplanyň-da, diňläň,
gulak asyň kakaňyz Ysraýyla!

 

3Eý, Ruben, meniň nowbahar oglum,
güýjüm-kuwwatym, jahyllyk çagymyň ilkinji miwesi,
hemme ogullarymdan iň mertebelisi we iň güýçlüsi sensiň.
4Suw kimin durnuksyzsyň sen,
indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň,
çünki sen öz ataň düşegine geçip,
ony harama çykardyň.

 

5Şimgon we Lewi dogandyr bular,
gylyçlaryny zalymlyk etmek üçin ulanýandyr olar,
6gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla,
goşulmaýyn men olaryň toparyna,
çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar,
keýpihonlykda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar.
7Nälet bolsun olaryň gahar-gazaplaryna, çünki bu zalymlykdyr,
nälet bolsun, olaryň sütemkärligine, çünki bu zabunlykdyr,
men Şimgonyň we Lewiniň nesillerini Ýakubyň arasyna dagadaryn,
men olary Ysraýylyň arasyna pytradaryn.

 

8Eý, Ýahuda,
eliň duşmanlaryňyň ýakasynda bolar,
doganlaryň seni öwerler,
ataňyň ogullary saňa boýun egerler.
9Eý, oglum Ýahuda,
sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň,
sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň.
Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.
10Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez,
onuň nesilleri şalyk sürer elmydam,
Ol Şilo geler,
milletler oňa boýun bolarlar.
11Eşegini üzüm agajyna,
kürresini üzüm agajynyň iň gowusyna daňýandyr ol,
şeraba ýuwýandyr eginbaşyny,
üzüm şiresine ýuwýandyr donuny ol.
12Gözleri şerapdan goýudyr onuň,
dişleri süýtden akdyr.
13Deňiz kenarynda mesgen tutar Zebulun,
gämiler üçin duralga bolar onuň kenary,
Sidona ýeter ýeriniň çäkleri.

 

14Horjunlarynyň arasynda ýazylyp ýatan,
kuwwatly eşek kysmydyr Ysakar.
15Ysakar dynç alynýan ýeriň amatlydygyny,
ýeriň göwne ýaramlydygyny gördi,
şeýdip, ol ýük çekmek üçin gerşini egip,
mejbury zähmet çekmeli boldy.

 

16Ysraýyl tireleriniň biri hökmünde,
Dan öz halkyna hökümdarlyk eder.
17Dan atyň üstündäki atlynyň yza serpileri ýaly,
atyň topugyndan çakýan
ýol ugrundaky ýylan deý,
ýodanyň boýundaky mar deý bolar.
18Halas etmegiňe garaşýandyryn men,
ýa Reb!

 

19Galtamanlar Gatyň üstüne hüjüm ederler,
emma Gat olaryň yzlaryndan ýetip,
olaryň üstlerine hüjüm eder.
20Topragyndan bol hasyl alar Aşer,
mynasyp näz-nygmatlar bilen üpjün eder şalary.

 

21Naftaly görmegeý çagaly
erkin suguna çalym edýär.

 

22Ýusup bir miweli agaçdyr,
bulak başyndaky miweli daragtdyr,
şahalary diwardan aşýar
23ýaýçylar gazap bilen hüjüm etdiler Ýusuba,
ony atyp, yzyndan kowdular onuň.
24Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy
çopany, Ysraýylyň Gaýasy-Goragçysy tarapyndan
onuň ýaýy berk,
gollary gujurly edildi.
25Ataňyň Hudaýydyr saňa medet berjek,
ýokardaky asmanyň bereketleri bilen,
ýer astyndaky çuňluklaryň bereketleri bilen,
ene göwsi hem ene ýatgysynyň berekedi bilen
Gudratygüýçli Hudaý ýalkajakdyr seni.
26Ataňyň beren patalary
baky daglaryň bereketlerinden,
ebedi baýyrlaryň baýlygyndan artykdyr,
şu patalar Ýusubyň
başyna insin,
doganlarynyň arasyndan saýlananyň üstünde bolsun.
27Benýamin hyrsyz möjekdir,
ol irden awuny tutup iýip,
agşam galan awuny paýlaşdyrýandyr».

 

28Ine, şular Ysraýylyň on iki tiresidir. Atasy olara pata berip, şulary aýtdy. Ýakup ogullarynyň hersine olaryň özlerine laýyk pata berdi.

 

Ýakubyň ölümi

 

29-30Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursadym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy. 31Ybraýym we onuň aýaly Sara, Yshak we onuň aýaly Rebeka hem şol gowakda jaýlandylar. Men Leýany hem şol ýerde jaýladym. 32Ol mülk ýeri we ondaky gowak hetlerden satyn alnandyr».
33Ýakup ogullaryna tabşyryk berip bolandan soň, aýagyny düşegine ýygnap, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.

 

50-nji bap

 

1Ýusup özüni kakasynyň üstüne oklap, aglap, ony ogşady.
2Ol öz hyzmatyndaky lukmanlara kakasynyň jesedini mumyýalamagy buýurdy. Lukmanlar Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar. 3Bu iş kyrk güne çekdi, çünki mumyýalamak şonça wagty talap edýärdi. Müsürliler ýetmiş günläp Ysraýylyň ýasyny tutdular.
4-5Ýas günleri geçenden soň, Ýusup faraonyň köşgündäkilere şeýle diýdi: «Eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda faraona şeýle diýiň. Kakam ölmezinden öň: „Meniň sanaglym dolup barýar. Meni Kenganda özüm üçin gazan gabrymda jaýlaň“ diýip ant içirdi. Indi, goý, ol maňa gidip, kakamy jaýlamaga rugsat bersin; onsoň men yzyma dolanaryn». 6Faraon: «Kakaňy ant içirdişi ýaly et-de jaýla» diýdi.
7Şeýdip, Ýusup kakasynyň jesedini alyp ýola düşdi. Faraonyň ähli emeldarlary, köşgüň we tutuş Müsüriň belent mertebeli adamlary, 8Ýusubyň tutuş hojalygy, onuň doganlarydyr kakasynyň hojalygyndakylaryň hemmesi-de onuň ýanyndadylar. Goşen welaýatynda diňe çagalar, ownukly-irili mallar galdy. 9Söweş arabalary we olaryň üstündäki esgerler-de Ýusup bilen gitdi. Bu ägirt uly mähelledi. 10Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy. 11Atat harmany diýen ýerdäki ýasy görüp, Kenganyň ýerli ilaty: «Müsürlileriň ýas tutuşy, gör, nähili agyr!» diýişdiler. Şoňa görä-de, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky bu ýere Abelmisraýym[76] diýen at berildi. 12Şeýdip, Ysraýylyň ogullary kakalarynyň beren tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdiler. 13Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy. 14Kakasyny jaýlandan soň, Ýusup doganlary hem-de olar bilen kakasyny jaýlamaga gelenleriň hemmesi bilen bilelikde Müsüre gaýdyp geldi.

 

Ýusup doganlaryna göwünlik berýär

 

15Kakalary ölenden soň, Ýusubyň doganlary «Eden ýamanlygymyz üçin Ýusup kine saklap, bizden ar alsa näme?» diýip güman etdiler. 16-17Şunlukda, olar Ýusuba: «Kakamyz bize ölmeziniň öň ýanynda Ýusuba şeýle diýiň: „Doganlaryňyň jenaýat işini we eden günälerini bagyşla, çünki olar saňa ýamanlyk etdiler“ diýip tabşyrdy. Indi öz ataňyň Hudaýynyň gullary bolan biziň günämizi öt!» diýen habar ýolladylar. Bu habary eşidip, Ýusup aglady. 18Doganlarynyň özleri-de gelip, Ýusubyň öňünde ýüzin düşüp: «Biz seniň gullaryňdyrys» diýdiler. 19Ýusup olara: «Gorkmaň, men Hudaýmy näme?! 20Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi. 21Siz gorkmaň. Men siziň-de, siziň çagalaryňyzyň-da aladasyny ederin» diýip, Ýusup olara mähirli sözler bilen göwünlik berdi.

 

Ýusubyň ölümi

 

22Şeýdip, Ýusup kakasynyň hojalygy bilen bile Müsürde ornaşdy. Ol ýüz on ýyl ýaşady. 23Ýusup Efraýymyň üsti bilen çowluklar gördi. Manaşanyň ogly Makyryň çagalary Ýusubyň çagalary hasaplandy. 24Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi. 25Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň». 26Şeýdip, Ýusup ýüz on ýaşynda dünýäden ötdi. Onuň jesedi Müsürde mumyýalanyp, tabyda salnyp goýuldy.

 

 

 

Müsürden çykyş

Giriş

 

Müsürden çykyş kitabynda Ysraýylyň taryhyndaky iň wajyp waka beýan edilýär. Bu kitapda ysraýyl halkynyň gul bolup ýaşan ýurdy Müsürden çykyp gaýdyşy gürrüň berilýär. Kitap üç bölümden ybarat:
1) Musa pygamberiň çagyrylmagy we ýewreýleriň gulçulykdan azat edilmegi (1 — 13-nji baplar). Hudaý Musa pygambere ýanyp duran çalyda görnüp, ony çagyrýar. Hudaý Özüni oňa Ýahwe, ýagny Mendirin ady bilen aýan edýär (Msr 3:14-15). Bu at Köne äht kitabynda Hudaýyň iň möhüm ady bolup, ol köplenç «Reb» diýip terjime edildi. Musa pygamber Hudaýyň buýrugyna görä faraondan ysraýyl halkyny azat etmegi talap edýär. Emma faraon ondan boýun towlandan soň, Reb Müsüriň başyna on sany betbagtçylyk getirmegi Musa tabşyrýar. Ahyrsoňy, faraon ysraýyllara Müsürden gitmäge rugsat berýär.
2) Ysraýyllaryň Sinaý dagyna ýörişi (14 — 18-nji baplar). Faraon ysraýyllary azat etmek pikirinden dänip, öz goşunyna olary yzyna gaýtarmagy buýurýar. Emma Reb ysraýyllary gorap, Müsür goşunyny weýran edýär. Ysraýyl halky bolsa çölüň içi bilen ýoluny dowam etdirýär. Reb olary azyk hem suw bilen üpjün edýär.
3) Sinaý dagynda Hudaýyň Öz halky ysraýyl bilen eden ähti. Hudaý ysraýyllara ýaşaýyş üçin ahlak, dini kanunlary we raýat hukuklaryny berýär. Şeýle hem Hudaý Ysraýyla ybadat öýüniň gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy, ruhanylar we olaryň Rebbi Hudaýa ybadat etmek baradaky kanunlary berýär (19 — 40-njy baplar).
Kitabyň baş gahrymany Musa pygamberdir. Ol Hudaýyň halkyny Müsürden alyp çykmak üçin Reb tarapyndan saýlanylýar. Kitabyň ýigriminji babynda beýan edilýän On tabşyryk onuň iň meşhur bölümidir (20:1-17).
Mazmuny
Müsür gulçulygy 1:1-22
Musa pygamberiň dogluşy we ýaşlyk döwri 2:1—4:31
Musa we Harun Müsür faraonynyň öňünde 5:1—11:10
Pesah we Müsürden çykyş 12:1—15:21
Gyzyl deňizden Sinaý dagyna tarap ýöriş 15:22—18:27
Kanun we Äht19:1—24:18
Mukaddes çadyr we sežde etmek üçin düzgünler 25:1—40:38

 

1-nji bap

 

Müsürliler ysraýyllary ezýärler

 

1Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary: 2Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda 3Ysakar, Zebulun, Benýamin 4Dan, Naftaly, Gat, Aşer. 5Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. 6Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, onuň döwürdeşleri dünýäden ötdi. 7Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.
8Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy. 9Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply. 10Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi. 11Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. 12Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan sussy basyldy. 13-14Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.
15Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi: 16«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin». 17Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar. 18Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady. 19Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler. 20Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi. 21Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi. 22Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.

 

2-nji bap

 

Musa dogulýar

 

1Şol wagtlar lewilerden bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi. 2Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady. 3Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi. 4Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.
5Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär. 6Faraonyň gyzy sebedi açyp görse, ine, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär. 7Soňra çaganyň gyz dogany faraonyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çagany emdirer ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär. 8Faraonyň gyzy: «Çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär. 9Faraonyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär. 10Çaga ösüp kemala gelende, ol ony faraonyň gyzynyň ýanyna getirýär we faraonyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa[1] dakýar.

 

Musa Midýana gaçyp gutulýar

 

11Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi. 12Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi. 13Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýip sorady. 14Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi. 15Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy.
Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy. 16Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar. 17Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durup, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi. 18Gyzlar öýlerine kakalary Reguwalyň[2] ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady. 19Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, ol hatda biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler. 20Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi. 21Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy. 22Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom[3] dakdy.
23Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. 24Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. 25Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.

 

3-nji bap

 

Reb Musa görünýär

 

1Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe[4] geldi. 2Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi. 3Musa: «Bu geň zady ýakynrak baryp göreýin-le, näme üçin çaly otda ýanmaýarka?» diýdi. 4Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Men bärde» diýip jogap berdi. 5Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! 6Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.
7Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. 8Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda — kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak. 9Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm. 10Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi. 11Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi. 12Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.
13Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi. 14Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi. 15Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň[5], ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn. 16Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt. 17Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber. 18Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň. 19Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin. 20Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer. 21Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar. 22Her bir ysraýyl aýaly müsürli goňşusyndan we öz öýünde ýaşaýan müsürli aýaldan altyn-kümüş şaý-sepler we geýim-gejimler sorap alarlar. Siz olary ogul-gyzlaryňyza dakarsyňyz we olary geýindirersiňiz. Siz müsürlileriň baýlyklaryny talap gaýdarsyňyz».

 

4-nji bap

 

Reb Musa gudratly güýç berýär

 

1Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi. 2Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi. 3Reb: «Ony ýere taşla» diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady. 4Emma Reb Musa: «Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi. 5Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.
6Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy. 7Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi. 8Hudaý: «Eger olar saňa ynanmasalar ýa-da birinji görkezen alamatyňa ikirjiňlenseler, belki, olar seniň görkezen şu ikinji alamatyňa ynanarlar. 9Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.
10Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi. 11Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme? 12Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. 13Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi. 14Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener. 15Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. 16Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň. 17Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.

 

Musa Müsüre dolanýar

 

18Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi. 19Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gaýdyber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi. 20Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.
21Reb Musa şeýle diýdi: Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez. 22Siz bolsa faraona şeýle diýiň: «Reb saňa: „Ysraýyl Meniň nowbahar oglum. 23Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber“ diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin».
24Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar. 25Emma Sypora çakmakdaşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär. 26Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy.
27Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady. 28Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi. 29Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar. 30Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi. 31Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.

 

5-nji bap

 

Musa bilen Harun faraonyň huzurynda

 

1Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“». 2Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi. 3Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe sadaka bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler. 4Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň. 5Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.
6Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi: 7«Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar. 8Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza sadaka bereli“ diýşip gygyryşýarlar. 9Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».
10Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl. 11Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir“» diýdiler. 12Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar. 13Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler. 14Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.
15Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň? 16Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, kerpiç guýuň diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. 17Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe sadaka bereli“ diýýärsiňiz. 18Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi. 19Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler. 20Olar faraonyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular. 21Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.

 

Reb azatlygy söz berýär

 

22Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň? 23Seniň adyňdan faraon bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi.

 

6-njy bap

 

1Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin. 3Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym. 4Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim. 5Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym. 6Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. 7Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Şonda sizi Müsür süteminden alyp çykanyň Mendigimi, ýagny Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz. 8Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“». 9Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10-11Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy faraona aýt, goý, ol ysraýyllara Müsür ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi. 12Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi. 13Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.

 

Musa bilen Harunyň nesil daragty

 

14Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy. 15Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy. 16Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. 17Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. 18Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. 19Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa Lewileriň nesilleri boýunça uruglary. 20Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. 21Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri. 22Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri. 23Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. 24Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr. 25Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ine, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady. 27Ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular — Musa bilen Harundy.

 

Harun Musanyň sözleýjisi bolýar

 

28Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi. 29Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi. 30Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.

 

7-nji bap

 

1Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar. 2Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar. 3Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de, 4faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn. 5Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Meniň Rebdigime göz ýetirerler». 6Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler. 7Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.

 

Hasa ýylana öwrülýär

 

8Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip: 9«Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi. 10Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi. 11Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. 12Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy. 13Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.

 

Birinji betbagtçylyk: suw gana öwrülýär

 

14Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär. 15Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. 16Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň. 17Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. 18Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“». 19Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi. 21Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy. 22Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi. 23Faraon yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, ol muny hatda piňine-de almady. 24Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.

 

8-nji bap

 

Ikinji betbagtçylyk: gurbagalar

 

1Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 2Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin. 3Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler. 4Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“». 5Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi. 6Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi. 7Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.
8Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe sadaka bermäge goýbererin» diýdi. 9Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 10Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. 11Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 12Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyndan gaýtdylar. Musa faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi. 13Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler. 14Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy. 15Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.

 

Üçünji betbagtçylyk: çirkeýler

 

16Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi. 17Olar şeýle hem etdiler. Harun eline hasasyny alyp, ýeriň tozuna urup çykdy welin, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çirkeýler çozdy. Tutuş Müsüriň ähli tozy çirkeýe öwrüldi. 18Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler. 19Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.

 

Dördünji betbagtçylyk: siňekler

 

20Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 21Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar. 22Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň. 23Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“». 24Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.
25Soňra faraon Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza sadaka beriň» diýdi. 26Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän sadakamyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal sadakamyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi? 27Hudaýymyz Rebbe berjek sadakamyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi. 28Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe sadaka bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi. 29Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne faraon ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe sadaka bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.
30Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. 31Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Siňek sürüsi faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan aýrylyp ýok bolup gitdi, ýekeje siňek hem galmady. 32Emma faraon bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.

 

9-njy bap

 

Bäşinji betbagtçylyk: mallaryň gyrylmagy

 

1Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’. 2Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň, 3onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer. 4Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi. 5Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi. 6Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi. 7Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.

 

Altynjy betbagtçylyk: çybanlar we ýaralar

 

8Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony faraonyň öňünde göge seçsin. 9Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi. 10Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, faraonyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi. 11Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi. 12Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.

 

Ýedinji betbagtçylyk: doly we ot

 

13Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 14Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. 15Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim. 16Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün. 17Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň. 18Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda asla görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn. 19Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“». 20Faraonyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar. 21Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.
22Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi. 23Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. 24Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy. 25Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy. 26Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.
27Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry. 28Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi. 29Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň. 30Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Hudaýymyz Rebden gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi. 31(Zygyr we arpa weýran boldy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy. 32Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.) 33Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi. 34Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler. 35Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi.

 

10-njy bap

 

Sekizinji betbagtçylyk: çekirtge sürüsi

 

1Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim. 2Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.
3Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 4Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin. 5Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň ýüzi görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan ähli agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler. 6Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
7Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler. 8Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, faraonyň ýanyna çagyrdylar. Faraon olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady. 9Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi. 10Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken. 11Ýok! Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan kowuldylar.
12Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi. 13Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi. 14Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 15Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady. 16Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim. 17Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi. 18Şeýdip, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. 19Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze[6] getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady. 20Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.

 

Dokuzynjy betbagtçylyk: garaňkylyk

 

21Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi. 22Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy. 23Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy. 24Soň faraon Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi. 25Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň. 26Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi. 27Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi. 28Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi. 29Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi.

 

11-nji bap

 

Iň soňky betbagtçylyk jar edilýär

 

1Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar. 2Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi. 3Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn. 5Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler. 6Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 7Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“». 8Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi. 10Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.

 

12-nji bap

 

Pesah baýramy

 

1Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy[7] bolar. 3Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn. 4Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar. 5Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. 6Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. 7Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar. 8Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. 9Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň. 10Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň. 11Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz. 15Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn. 16Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň. 17Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz. 18Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz. 19Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 20Siz hamyrmaýaly hiç zat iýmeli dälsiňiz. Ýaşap oturan ähli ýerleriňizde diňe petir iýmelisiňiz».
21Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň. 22Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir. 23Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez. 24Siziň özüňiz we ogullaryňyz bu baýramy ebedilik parz hökmünde bellemelisiňiz. 25Rebbiň size wada beren ýurduna baranyňyzda, siz bu baýramçylygy bellemelisiňiz. 26Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, 27siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.
28Soňra ysraýyllar baryp, edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.

 

Soňky betbagtçylyk: ilkinji erkek doglanlaryň ölümi

 

29Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi. 30Gije faraonyň özi, onuň ähli emeldarlary garaz, tutuş müsürliler ýerlerinden turdular. Müsürde uly dady-perýat boldy, çünki olaryň arasynda ölüsi bolmadyk ýekeje-de öý ýokdy. 31Faraon şol gijäniň özünde Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň. 32Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi. 33Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler. 34Şeýlelikde, ysraýyllar petirlik hamyrlaryny kendirige dolap, ony hamyr jamlara salyp, eginlerinde göterip gaýtdylar. 35Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar. 36Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar.

 

Ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdýarlar

 

37Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy. 38Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy. 39Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler. 40Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar. 41Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy. 42Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.

 

Pesah baýramynyň düzgünleri

 

43Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir. 44Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler. 45Ýekeje gelmişek ýa-da günlükçi ondan iýmeli däldir. 46Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň ýekeje süňki-de döwülmesin. 47Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir. 48Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. 49Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr». 50Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler. 51Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.

 

13-nji bap

 

1-2Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.

 

Petir baýramy

 

3Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir. 4Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz. 5Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz. 6Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz. 7Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn. 8Ýedilenji gün bolsa ogluňa: „Men bulary Müsürden çykanymda Rebbiň maňa edenleriniň hatyrasy üçin şeýle edýärin“ diýip gürrüň ber. 9Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy. 10Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».

 

Ilkinji doglan erkekler hakynda

 

11«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlaryň ýerine getirip, ony size berende, 12siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir. 13Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda her bir nowbahar ogluňyzy yzyna satyn alyň. 14Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy. 15Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“. 16Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».

 

Reb ysraýyllara ýol görkezýär

 

17Faraon halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý bu halk ýolda urşa duçar bolaýsa, puşman edip, yzyna Müsüre dolanar öýtdi. 18Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar. 19Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: «Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň» diýip, olara ant içiripdi. 20Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler. 21Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler. 22Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.

 

14-nji bap

 

Ysraýyllaryň Gyzyl deňizden geçişi

 

1-2Ine, şonda Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip, deňziň gyrasyndaky Bagalsepona golaý ýerde, Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler. 3Faraon: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder. 4Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
5Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler. 6Şeýlelikde, faraon söweş arabasyna atlanyp, goşunyny hem öz ýany bilen alyp ugrady. 7Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny aldy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy. 8Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy. 9Faraonyň ähli söweş arabalary, olaryň üstündäki esgerleri bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.
10Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler. 11Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy? 12Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler. 13Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. 14Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.
15Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler. 16Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. 17Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn. 18Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.
19Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, 20Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.
21Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. 22Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy. 23Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, faraonyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler. 24Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy. 25Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
26Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. 27Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. 28Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. 29Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
30Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler. 31Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.

 

15-nji bap

 

Musanyň aýdymy

 

1Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar:

 

«Men Rebbe nagma aýdaryn.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.

 

2Reb meniň güýjüm hem aýdymym.
Ol meniň Halasgärim boldy.
Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn.
Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.

 

3Reb esgerdir.
Onuň ady Rebdir.

 

4Faraonyň söweş arabalaryny
ähli goşuny bilen deňze zyňdy.
Saýlama urşujylary-da
Gyzyl deňizde gark boldy.

 

5Olary tolkunlar gaplap,
daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6Ýa Reb, Seniň sag goluň
güýç-gudratda şöhratlydyr.
Ýa Reb, Seniň sag goluň
duşmany mynjyradýar.

 

7Özüňe garşy çykanlary
beýik ýeňşiň bilen çökerýäň.
Alawly gazabyňy inderip,
olary saman dek ýakýaň.

 

8Haýbatly demiňden,
suw dik ýokary galdy.
Tolkunlar diwar ýaly bolup,
çuň deňziň düýbi daş dek gatady.

 

9Duşman diýdi:
„Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin.
Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn.
Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.

 

10Üflän ötgür demiňden,
deňiz olary gaplady.
Olar gurşun kimin
äpet suwa çökdüler.

 

11Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr?
Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik!
Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.

 

12Sag goluňy uzadanyňda,
olary ýer ýuwutdy.

 

13Sadyk söýgiň bilen
azat eden halkyňa baş bolduň.
Beýik güýjüň bilen olara
Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14Milletler eşidende sandyraşýarlar.
Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.

 

15Edomyň beglerini gorky basýar.
Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar.
Kenganyň ilaty dowla düşýär.

 

16Seniň goluň gudratyndan,
olaryň üstüne howp we gorky inýär.
Öz azat eden halkyň geçip bolýança,
olar daş kimin doňýarlar.

 

17Sen halkyňy getirip,
Öz dagyňda oturdarsyň.
Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň.
Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18Reb hemişelik we baky höküm sürer».

 

19Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler. 20Soňra Harunyň aýal dogany Merýempygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.

 

21Merýem olara şu aýdymy aýtdy:
«Rebbe nagma aýdyň.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».

 

Ajy suw

 

22Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar. 23Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara[8] diýip atlandyrdylar. 24Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler. 25Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady. 26Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».
27Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany hurma palmasy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.

 

16-njy bap

 

Manna we bedeneler

 

1Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler. 2Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady. 3Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».
4Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin. 5Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi. 6Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz. 7Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler. 8Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.
9Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi. 10Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler. 11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Meniň Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz».
13Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. 14Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. 15Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. 16Rebbiň buýrugy şudur: her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer[9] ýygyp alarsyňyz» diýdi. 17Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. 18Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken. 19Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi. 20Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan birazragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi. 21Her gün ertirine her kim bu berilýän çörekden öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
22Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny, iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda, 23Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň». 24Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol ne porsady, ne-de gurtlady. 25Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz. 26Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi.
27Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar. 28Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz? 29Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi. 30Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar.
31Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna[10] diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy. 32Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi. 33Musa Haruna: Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý diýdi. 34Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy. 35Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler. 36(Bir omer batmanyň ondan biri bolýar.)

 

17-nji bap

 

Gaýadan çykan suw

 

1Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy. 2Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi. 3Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?» 4Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi. 5Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git. 6Men Horepdäki[11] gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi. 7Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa[12] we Meriba[13] diýip atlandyrdy.

 

Ysraýyl halky amalekleri ýeňýär

 

8Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi. 9Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi. 10Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar. 11Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. 12Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular. 13Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.
14Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini Ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. 15Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi. 16Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer diýdi.

 

18-nji bap

 

Ýitro Musanyň ýanyna gelýär

 

1Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi. 2Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklaýardy. 3Onuň bir oglunyň ady Gerşom[14] (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy), 4beýleki oglunyň ady Eligezerdi[15] (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy). 5Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna Hudaýyň dagyna geldi. 6Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi. 7Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler. 8Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi. 9Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.
10Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun! 11Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi. 12Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.

 

Ýitro maslahat berýär

 

13Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular. 14Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi. 15Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler. 16Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi. 17Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl. 18Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň. 19Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir. 20Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez. 21Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý. 22Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär. 23Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».
24Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi. 25Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi. 26Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler. 27Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy.

 

19-njy bap

 

Ysraýyllar Sinaýa gelýärler

 

1-2Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. 3Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny, Ýakubyň nesline şuny aýt: 4„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim. 5Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. 6Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».
7Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi. 8Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi. 9Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi.
Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, 10Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. 11Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek. 12Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler. 13Oňa el degrilmezden daşlanyp öler ýa-da ok, ýaý bilen atylar. Isle haýwan bolsun, isle ynsan bolsun, ol diri galmaz. Şahdan edilen surnaýyň owazy batly çalnandan soň, olar daga çykyp bilerler». 14Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular. 15Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi.
16Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler. 17Musa adamlary Hudaý bilen duşurmak üçin, düşelgeden çykaryp getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. 18Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy. 19Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi. 20Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy. 21Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar. 22Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi. 23Musa Rebbe: «Adamlar Sinaý dagyna çykyp bilmezler, çünki bize dagyň daşyna araçäk belläp, ony mukaddeslemegi Seniň Özüň tabşyrdyň ahyry» diýdi. 24Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi. 25Şeýlelikde, Musa aşak düşüp, adamlara ähli zady gürrüň berdi.

 

20-nji bap

 

On tabşyryk

 

1Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi: 2«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 3Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
4Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 5Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 6Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.
7Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
8Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. 9Alty günde ähli işleriňi edersiň. 10Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. 11Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.
12Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.
13Adam öldürme.
14Zyna etme.
15Ogurlyk etme.
16Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.
17Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme». 18Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular. 19Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler. 20Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we Ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi. 21Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.

 

Gurbanlyk sypasy

 

22Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz. 23Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň. 24Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin. 25Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz. 26Meniň gurbanlyk sypama basgançaklar bilen çykmaň, sebäbi ýalaňaç ýeriňiziň görünmegi mümkin“».

 

21-nji bap

 

Ýewreý gullary hakynda

 

1«Şu hökümleri ysraýyllara ýetir: 2Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. 3Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider. 4Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider. 5-6Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder».
7«Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez. 8Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr. 9Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir. 10Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir. 11Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler».

 

Zorluk hakda

 

12«Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. 13Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler. 14Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.
15Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.
16Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.
17Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.
18-19Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin.
20Kim guluny ýa-da gyrnagyny taýak bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr. 21Emma ol gul ýa-da gyrnak birki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir.
22Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli. 23Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen; 24göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen; 25ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin.
26Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin. 27Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin».

 

Mal-garalar hakda

 

28«Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn. 29Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma ol adam şonda-da öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin. 30Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler. 31Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn. 32Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal[16] kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.
33Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa, 34çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn. 35Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly. 36Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, eýesi şonda-da oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galmalydyr».

 

22-nji bap

 

Öwezine bermek hakda

 

1«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly. 2Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir.
3-4Eger ogry gije öý ýarýan pursady tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar.
5Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.
6Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir. 7Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin. 8Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin.
9Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim-gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri: „Bu meniňki“ diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli.
10Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, 11goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. 12Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir. 13Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl.
14Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir. 15Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir».

 

Dürli kanunlar

 

16«Eger-de bir adam özüne adagly bolmadyk boý gyzyň başyny aýlap, oňa ýanaşsa, galyň töläp, oňa öýlensin. 17Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir.
18Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.
19Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin.
20Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin.
21Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz. 22Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. 23Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin. 24Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.
25Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň. 26Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. 27Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.
28Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.
29Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň. 30Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.
31Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».

 

23-nji bap

 

Adalat we wyždan

 

1«Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme. 2Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme. 3Dawada garybyň-da tarapyny çalma.
4Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber.
5Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et.
6Dawada garyba adalatsyzlyk etme. 7Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn. 8Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.
9Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».

 

Ýedinji ýyl we ýedinji gün

 

10«Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň. 11Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.
12Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar. 13Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».

 

Üç baýram

 

14«Ýylda üç sapar Meniň şanyma baýram ediň: 15Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin. 16Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. 17Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Men — Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler. 18Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn. 19Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň.
Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».

 

Kengan baradaky wadalar we duýduryşlar

 

20«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin. 21Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.
22Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.
23Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin. 24Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. 25Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn. 26Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin. 27Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin. 28Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn. 29Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl. 30Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn. 31Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. 32Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň. 33Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz».

 

24-nji bap

 

Reb ysraýyllar bilen äht baglaşýar

 

1Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň. 2Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi.
3Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. 4Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi. 5Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklar beren we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklaryny beren ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy. 6Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. 7Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. 8Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. 9Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy. 10Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy. 11Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.

 

Musa Sinaý dagynda

 

12Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek». 13Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady. 14Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».
15Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady. 16Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy. 17Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi. 18Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.

 

25-nji bap

 

Mukaddes öý üçin sadakalar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň. 3Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç; 4gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 5goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 6çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 7efoda[17] we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar. 8Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar. 9Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn».

 

Äht sandygy

 

10«Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 11Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 12Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň».
13«Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň. 14Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň. 15Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn. 16Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň».
17«Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun. 18Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup[18] ýasat. 19Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir. 20Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar. 21Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý. 22Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin».

 

Hantagta

 

23«Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 24Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 25Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr. 26Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler. 27Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir. 29Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun. 30Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý».

 

Çyradan

 

31«Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gülgunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun. 32Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun. 33Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň. 34Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gülgunçasy we gülýapragy bolsun. 35Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn. 36Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn. 37Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak. 38Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun. 39Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman[19] sap altyndan ýasalsyn. 40Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň».

 

26-njy bap

 

Mukaddes çadyr

 

1«Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 2Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun. 3Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn. 4Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin. 5Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin. 6Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar».
7«Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar. 8Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun. 9Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň. 10Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň».
11«Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. 12Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun. 13Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň. 14Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň».
15«Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat. 16Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. 17Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin. 18Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap, 19şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun. 20Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň. 21Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert. 22Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň. 23Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň. 24Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin. 25Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun».
26«Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk, 27beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar. 28Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir. 29Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat. 30Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur».
31«Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 32Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň. 33Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. 34Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý. 35Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Çyradany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý. 36Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. 37Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bürünçden bäş sany daban ýasat».

 

27-nji bap

 

Gurbanlyk sypasy

 

1«Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. 2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. 3Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun. 4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa. 5Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar. 6Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla. 7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir. 8Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn».
9«Mukaddes çadyryň haýadyny gur. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as. 10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklajak ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa; sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. 11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. 12Haýadyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasa. 13Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun. 14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bolsun. 15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç dabany bolsun. 16Haýadyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört dabany bolsun. 17Haýadyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, dabanlary bürünçden bolsun. 18Haýadyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden dabanlary bolsun. 19Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun».
20«Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler. 21Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun».

 

28-nji bap

 

Ruhany geýimleri

 

1«Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. 2Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik. 3Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler. 4Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde, 5altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr mata ulansynlar».
6«Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler. 7Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. 8Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin. 9Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz. 10Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz. 11Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt. 12Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin. 13Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa. 14Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit».
15«Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik. 16Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun. 17Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; 18ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz; 19üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; 20dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn. 21Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn. 22Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa. 23Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak. 24Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir. 25Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit. 26Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak. 27Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin. 28Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar. 29Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. 30Höküm gursakçada Urymy we Tummymy[20] goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer».
31«Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik. 32Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla. 33Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun. 34Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin. 35Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez. 36Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz. 37Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit. 38Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar».
39«Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik».
40«Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik. 41Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. 42Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik. 43Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun».

 

29-njy bap

 

Harun we onuň ogullary ruhanylyga bagyş edilýär

 

1«Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al. 2Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir. 3Olary bir sebede salyp getir, şeýle hem, öküzi we iki goçy hem getir. 4Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr. 5Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efody we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efodyň nagyşly kemerini dak. 6Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit. 7Mesh ýagy alyp, onuň başyna guý. Şeýdip ony saýla. 8Soňra onuň ogullaryny getir we olara hem uzyn köýnekleri geýdir. 9Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun. 10Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar. 11Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý. 12Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök. 13Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak. 14Emma öküziň läşini, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr».
15«Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar. 16Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 17Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý. 18Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
19«Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar. 20Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 21Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler».
22«Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.) 23Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al. 24Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr. 25Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
26«Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar. 27Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. 28Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun».
29«Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. 30Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan çadyra gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin».
31«Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçy alyp, onuň etini mukaddes ýerde gaýnadyň. 32Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde Harun we onuň ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi iýsinler. 33Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir. 34Eger ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan malyň etinden ýa-da çörekden iýilmän ertir daňdana galsa, ony otda ýakyň. Ol iýilmeli däldir, sebäbi ol mukaddesdir».
35«Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle. 36Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny päklemek üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag guýup mukaddes et. 37Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar».

 

Gündelik gurbanlyklar

 

38«Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly. 39Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý. 40Birinji tokly bilen bir okara[21] saýlama bugdaý ununa bir küýze[22] zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. 41Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. 42Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn. 43Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. 44Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin. 45Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. 46Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin».

 

30-njy bap

 

Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa

 

1«Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. 2Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. 3Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. 4Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. 5Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla. 6Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. 7Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. 8Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. 9Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn. 10Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».

 

Mukaddes çadyr üçin salgyt

 

11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. 13Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala[23] deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler. 14Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin. 15Baýam, garybam şol ýarym şekeli tölesin. Töleg şundan az-da bolmasyn, köp-de. Siz şu sadakany Maňa bereniňizde, günäňizden saplanarsyňyz. 16Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».

 

Bürünç legen

 

17Reb Musa ýene-de şeýle diýdi: 18«Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý. 19Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar. 20Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler. 21Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik düzgün bolsun».

 

Mesh ýagy

 

22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put[24] mukdarda suwuk mür, çärýek put[25] mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş, 24ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze[26] zeýtun ýagyny al. 25Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr. 26-28Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. 29Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar. 30Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et. 31Ysraýyllara aýt: Bu siziň üstüňiz bilen nesilme-nesil geçýän Meniň mukaddes mesh ýagymdyr. 32Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize guýmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr. 33Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».

 

Tütetgi

 

34Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgi al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) 35Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. 36Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar. 37Şu usul bilen özüňiz üçin tütetgi taýýarlamaň. Muny Men-Rebbe bagyş edilen hasaplaň. 38Kim muny atyr hökmünde ulansa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».

 

31-nji bap

 

Mukaddes çadyr üçin ussalar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ine, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym. 3Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim. 4Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn. 5Daşlary oýup gaşlary goýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim. 6Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar: 7Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary, 8hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen çyradan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy, 9ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni, 10şeýle hem, nagyşlar bilen keşdelenen geýimler, ruhany bolup gulluk edenlerinde geýmek üçin, Haruna we onuň ogullaryna niýetlenen mukaddes lybaslary, 11mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».

 

Sabat güni

 

12Reb Musa ýene-de şulary diýdi: 13«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi Men Rebbiň mukaddes halkym edendigimi bilersiňiz. 14Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar. 15Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler. 16Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler. 17Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym». 18HudaýSinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.

 

32-nji bap

 

Altyn göle

 

1Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler. 2Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi. 3Şeýlelikde, olaryň hemmesi gulaklaryndan altyn halkalaryny aýryp, Haruna getirip berdiler. 4Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Halk muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler. 5Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi. 6Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.
7Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy. 8Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler». 9Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. 10Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.
11Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? 12Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. 13Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň». 14Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.
15Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy. 16Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy. 17Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi. 18Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi. 19Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy. 20Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.
21Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi. 22Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä. 23Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. 24Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi.
25Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler. 26Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. 28Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy. 29Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi.
30Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi. 31Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi. 32Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi. 33Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn. 34Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.
35Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar.

 

33-nji bap

 

Reb Sinaý dagyndan gitmegi buýurýar

 

1Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň. 2Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn. 3Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.
4Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady. 5Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi. 6Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep[27] dagyndan çykyp gaýtdylar.

 

Rebbe ýüz tutulýan çadyr

 

7Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi. 8Musa her gezek çadyra tarap ýörän wagty, ähli halk ýerinden turup, dik durardy. Musa tä çadyryň içine girýänçä, olaryň hersi öz çadyrlarynyň girelgesinde, onuň yzyndan seredip durardylar. 9Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi. 10Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler. 11Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.

 

Reb halky bilen bile bolmaga söz berýär

 

12Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň. 13Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr». 14Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi. 15Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme. 16Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň Ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.
17Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi. 18Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi. 19Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şanlylygym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin. 20Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi. 21Reb sözüni dowam edip: «Ine, Meniň gapdalymdaky şu gaýanyň üstünde dur. 22Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn. 23Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi.

 

34-nji bap

 

Reb täzeden ysraýyllar bilen äht baglaşýar

 

1Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak. 2Säher bilen taýýar bol. Sinaý dagyna çykyp, dagyň depesinde Meniň huzurymda dur. 3Seniň bilen hiç kim daga çykmasyn. Tutuş dagyň üstünde bir adam hem görünmesin. Dowarlaryňyzy, sygyrlaryňyzy hem dagyň eteginde bakmaň» diýdi. 4Şeýdip, Musa öňkä meňzeş edip, ýene-de iki sany ýasy daş bölegini ýasady. Rebbiň buýruşy ýaly, ol säher bilen turup, Sinaý dagyna çykdy. Ol eline iki ýasy daş bölegini hem aldy. 5Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men — Reb!» diýip Öz adyny yglan etdi. 6Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý. 7Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».
8Musa derrew ýüzüni ýere berip sežde etdi. 9Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi. 10Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir milletde görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görerler, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin».
11«Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn. 12Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer. 13Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň. 14Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr. 15Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz. 16Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler».
17«Guýma butlar ýasamaň.
18Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.
19Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.
20Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň.
Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
21Alty günläp siz işlärsiňiz, emma ýedinji gün dynç alyň. Hatda sürüm döwri bolsa-da, hasyl döwri bolsa-da, dynç alyň. 22Bugdaýyň ilkinji hasylyndan galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň. 23Ýylda üç gezek ähli erkekleriňiz Ysraýyl Hudaýy bolan Beýik Hudaýyň huzuryna gelsin. 24Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez.
25Maňa gurbanlyk üçin soýýan malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
26Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň.
Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
27Reb Musa ýene-de: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi. 28Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.

 

Musanyň ýüzi nur saçýar

 

29Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy. 30Harun we ähli ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görenlerinde, olar onuň ýakynyna gelmäge gorkdular. 31Emma Musa olary öz ýanyna çagyrdy. Harun we halkyň ähli ýolbaşçylary onuň ýanyna geldiler. Musa olar bilen gepleşdi. 32Mundan soň ähli ysraýyllar onuň töweregine üýşdüler. Musa Sinaý dagynda Rebbiň özüne beren ähli tabşyryklaryny olara tabşyrdy. 33Musa olar bilen gepleşip bolandan soňra ýapynja bilen öz ýüzüni örtdi. 34Emma Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Onuň huzuryna çatma giren wagty, tä daşary çykýança, ýapynjasyny aýrardy. Ol daşary çykyp, Rebbiň näme buýrandygyny ysraýyllara aýdan wagty, 35olar Musanyň ýüzüni görüp bilýärdiler. Onuň ýüzi nur saçýardy. Soňra Musa Reb bilen gepleşmäge girýän wagtyna çenli, ýene-de ýapynja bilen ýüzüni örterdi.

 

35-nji bap

 

Sabat güni hakda kanunlar

 

1Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy: 2«Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma Sabat gününi Rebbe bagyş edip, dynç alyň. Şol gün iş eden adam ölüme höküm ediler. 3Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».

 

Mukaddes çadyr üçin sadaka

 

4Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy: 5Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; 6gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 7goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 8çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 9efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
10Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr, 11onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 12sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy; 13hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi; 14yşyk üçin çyradan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 15tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 16ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 17haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja; 18Mukaddes çadyryň we haýadyň gazyklary, olaryň zynjyrlary; 19Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».
20Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar. 21Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler. 22Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler. 23Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi. 24Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. 25Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. 26Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. 27Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. 28Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. 29Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.
30Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy Urynyň ogly Besaleli saýlady. 31Ol ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. 32Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy. 33Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi. 34Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi. 35Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».

 

36-njy bap

 

1Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler 2Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy. 3Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler. 4Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi. 5Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler. 6Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi. 7Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy.

 

Ysraýyllar mukaddes çadyry ýasaýarlar

 

8Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler. 9Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi.
10Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar. 11Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler. 12Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi. 13Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy.
14Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar. 15Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler. 16Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar. 17Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler. 18Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy. 19Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar.
20Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar. 21Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy. 22Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi. 23Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy. 24Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban ýasaldy. 25Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy. 26Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasadylar. 27Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy. 28Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy. 29Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler. 30Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden daban ýasadylar.
31Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany syryk ýasadylar. 32Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar. 33Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler. 34Çarçuwalary altyna gaplap, syryklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Syryklar hem altyna gaplandy.
35Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler. 36Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany daban ýasadylar. 37Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar. 38Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany daban ýasadylar.

 

37-nji bap

 

Äht sandygy

 

1Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 2Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 3Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.
4Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 5Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi. 6Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi. 7Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasady. 8Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi. 9Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.

 

Hantagta

 

10Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 11Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy. 12Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 13Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi. 14Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi. 15Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 16Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.

 

Çyradan

 

17Besalel sap altyndan çyradan ýasady. Çyradanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik usulynda döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gülgunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi. 18Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy. 19Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady. 20Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gülgunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy. 21Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi. 22Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady. 23Çyradana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady. 24Çyradany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman[28] bolan sap altyndan ýasady.

 

Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa

 

25Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady. 26Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi. 27Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.
29Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.

 

38-nji bap

 

Ýakma gurbanlyk sypasy

 

1Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy. 2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady. 3Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady. 4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi. 5Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady. 6Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünje gaplady. 7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.

 

Mukaddes çadyryň haýady

 

9Besalel mukaddes çadyryň haýadyny gurdy. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy. 10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklaýan ýigrimi dabany bürünçden ýasady, sütünleriniň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi. 11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany daban ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady. 12Haýadyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi. 13Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy. 14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bardy. 15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç dabany bardy. 16Haýadyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi. 17Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi. 18Haýadyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýadyň tutulary ýalydy. 19Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany dabany bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi. 20Mukaddes çadyryň we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçdendi.

 

Mukaddes çadyr

 

21Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi. 22Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady. 23Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergär we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put[29] boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 25Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal[30] boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 26Ilat sanawyna alnan her bir adama, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly adamlardan başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan[31] düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz müň bäş ýüz elli erkek adam bardy. 27Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman[32] kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir ýarym batman[33] kümüş ulanyldy. 28Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin bir batman[34] ulandy. 29Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman[35] boldy. 30Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin dabanlar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, 31şeýle hem, haýadyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýadyň ähli gazyklaryny ýasady.

 

39-njy bap

 

Ruhany geýimleri

 

1Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
2Besalel efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi. 3Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular. 4Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbag tikip, ony hem berkitdiler. 5Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.
6Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar. 7Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efodyň eginbagyna dakdy.
8Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efodyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi. 9Gursakçany iki gat edip, inini boýuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi. 10Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; 11ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz; 12üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; 13dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy. 14Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.

 

Gursakça

 

15Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy. 16Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi. 17Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi. 18Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efodyň öň tarapyndaky eginbaglaryna berkitdi. 19Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efodyň iç gatyna dakdy. 20Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi. 21Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.

 

Beýleki ruhany geýimleri

 

22Besalel efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi. 23Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady. 24Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy. 25Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş etegine dakdy. 26Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş etegine dakyldy.
27Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler 28Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler. 29Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.
30Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy. 31Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.

 

Musa edilen işleri gözden geçirýär

 

32Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar. 33Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 34goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty; 35Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy, 36hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi; 37yşyk üçin sap çyradan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 38altyndan edilen sypany, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 39bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 40haýadyň perdeleri, sütünleri we dabanlary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar. 41Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi. 42Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler. 43Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirlendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.

 

40-njy bap

 

Mukaddes çadyr Rebbe bagyş edilýär

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur. 3Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut. 4Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Çyradany getirip, onuň çyralaryny ýak. 5Tütetgi üçin altyndan edilen sypany Äht sandygynyň öňünde goý. Mukaddes çadyryň girelgesine ýapynja tut. 6Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur. 7Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý. 8Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýadyň derwezesine ýapynja tut. 9Soňra mesh ýagyny alyp, mukaddes çadyry we onuň ähli zatlaryny ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar. 10Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes edip, ol iň mukaddes bolar. 11Legeni we onuň sütüniniň üstüne ýag sepeläp mukaddes et. 12Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw. 13Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag guýup, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler. 14Onuň ogullaryny hem getirip, olara uzyn köýnekleri geýdir. 15Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
16Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. 17Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy. 18Musa mukaddes çadyry şeýle gurdy: onuň dabanlaryny, çarçuwalaryny oturtdy, syryklaryny dakdy we sütünlerini dikdi. 19Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy. 20Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy. 21Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy. 22Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy. 23Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi. 24Çyradany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy. 25Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy. 26Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy. 27Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy. 28Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy. 29Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi. 30Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy. 31Musa, Harun we onuň ogullary şol suw bilen ellerini we aýaklaryny ýuwdular. 32Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar. 33Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.

 

Rebbiň şöhraty çadyry doldurýar

 

34Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. 35Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy. 36Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler. 37Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar. 38Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy.

 

 

 

Lewiler

Giriş

 

«Lewiler» kitabynda Hudaýyň Musa pygambere beren kanunlary we tabşyryklary beýan edilýär. Kitap lewi tiresinden bolan adamlaryň hatyrasyna «Lewiler» diýip atlandyrylýar. Lewiler mukaddes çadyrda Rebbiň aýratyn hyzmatkärleridiler. Ruhanylar hem öz asly boýunça lewi tiresindendirler. Kitapda esasan-da ruhanylaryň we beýleki lewileriň borçlary beýan edilýär. Olar gurbanlyklar, Hudaýa sadakalar we Günäden saplanma güni ýaly dini baýramlary geçirýärler (16:1-34, 23:26-32). Islendik günä: agyr günä, ýeňil günä — tapawudy ýok, mukaddes öýi murdar edip bilýärdi. Şonuň üçin-de, günäden saplanmak üçin berilýän gurbanlyklar dürli-dürlüdi. Olaryň bary bu kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu gurbanlyklar adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmaga ýardam edýärdi. Şeýle hem Lewiler kitaby halal we haram mal, egin-eşik üçin ulanylmaly matalar, garyplar barada edilmeli alada hakyndaky kanunlardan ybaratdyr.
Kitapda her kyrk dokuz ýyldan bir ýyly baýram etmek barada gürrüň edilýär. Şol ýyl ýer başky eýesine gaýtarylyp berilmelidi (25:8-17). Her ýedinji ýyl topraga dynç bermek üçin, ýer ekişsiz galdyrylmalydy (25:1-6). Ýer hakyndaky kanunlar gaty wajypdy, çünki ýer aslynda Hudaýyňky bolup, hojalyklaryň we tutuş jemgyýetiň ykdysady esasydy.
Kitabyň köp bölegi kanunlardan ybaratdyr. Beýleki bölümlerde halk we ruhanylar Hudaýyň görkezmelerine gulak asanda ýa-da ret edende, olara näme bolýandygy beýan edilýär. Hudaý Özüne garşy baş göterenleri dessine jezalandyryp, Özüne gulak asanlara bolsa şu wadany berdi:
«Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin»
26:12-13.
Mazmuny
Sadakalar we gurbanlyklar baradaky kanunlar 1:1—7:38
Harunyň we onuň ogullarynyň ruhanylyga bellenişi 8:1—10:20
Halallyk we haramlyk baradaky kanunlar 11:1—15:33
Günäden saplanma güni 16:1-34
Durmuşda we Hudaýa sežde etmekde mukaddes bolmak baradaky kanunlar 17:1—27:3
Dürli meseleler baradaky kanunlar 17:1—20:27
Ruhanylar üçin düzgünler 21:1—22:33
Dini baýramlar üçin görkezmeler 23:1—25:55
Ýalkanyşlar we jezalar 26:1-46
Rebbe wadalar we gurbanlyklar baradaky kanunlar 27:1-34

 

1-nji bap

 

Ýakma gurbanlygy

 

1Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt, Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler. 3Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň. 4Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder. 5Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary — ruhanylar bolsa onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 6Soňra gurbanlyk malynyň eýesi ony soýup, böleklesin. 7Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar. 8Soňra Harunyň ogullary — ruhanylar böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar. 9Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
10Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun. 11Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary — ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 12Soňra malyň eýesi gurbanlyk janlysyny böleklesin. Ruhany bolsa ol bölekleri janlynyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýanyp duran otda goýsun. 13Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr. 14Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun. 15Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna sykyp akdyrsyn. 16Ruhany guşuň petekesini içindäki zatlary bilen bile alyp, gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapyna, kül atylýan ýere taşlasyn. 17Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.

 

2-nji bap

 

Galla sadakasy

 

1Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun. 2Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna — ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr. 3Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.
4Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun. 5Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun. 6Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun — bu galla sadakasydyr. 7Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun. 8Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn. 9Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. 10Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.
11Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir. 12Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn. 13Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.
14Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun. 15Oňa zeýtun ýagyny goşup, ýakymly ysly tütetgini-de onuň üstüne goýuň. Bu galla sadakasydyr. 16Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.

 

3-nji bap

 

Salamatlyk gurbanlygy

 

1Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr. 2Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary — ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 3-4Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň. 5Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.
6Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi — parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr. 7Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. 8Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 9-10Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. 11Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
12Eger geçi gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, siz ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. 13Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 14-15Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň bar içýaglaryny hem-de garyn içegeleriniň daşyndaky ähli ýagyny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. 16Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin. 17Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun».

 

4-nji bap

 

Tötänlikden edilen günäler üçin berilmeli gurbanlyklar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2-3«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. 4Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. 5Onsoň başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin. 6Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna — iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin. 7Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky — Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 8-9Baş ruhany günä gurbanlygy hökmünde berlen bu öküzçäniň bar içýaglaryny, garyn içegeleriniň daşyndaky ýaglaryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alsyn. 10Baş ruhany bu malyň ýagyny-da edil salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen öküziň ýaglarynyň alnyşy ýaly alyp, olary ýakma gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 11-12Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
13-14Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin. 15Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn. 16Başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin 17Onsoň baş ruhany barmagyny gana batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzuryna — iň mukaddes otagyň öňüne sepelesin. 18Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 19Baş ruhany öküzçäniň ähli ýagyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 20Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer. 21Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.
22-23Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin. 24Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr. 25Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 26Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
27-28Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin. 29Ol elini günä gurbanlygy üçin berilýän janlynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. 30Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün. 31Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. 32Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun. 33Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä gurbanlygy hökmünde onuň damagyny çalsyn. 34Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 35Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.

 

5-nji bap

 

Günäli adamyň bermeli gurbanlygy

 

1Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir. 2Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr. 3Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn. 4Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn. 5Eger kimde-kim şulardan birini edip, günä gazanandygyna göz ýetirse, ol eden günäsini boýun alsyn. 6Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn. 7Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir. 8Ol bulary ruhana getirip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy üçin niýetlenen guşy Hudaýa hödür edip, onuň boýun oňurgasyny ýazdyrsyn, ýöne onuň kellesini ýolup aýyrmasyn. 9Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr. 10Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
11Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr. 12Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr. 13Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».

 

Ýazyk gurbanlygy

 

14Reb Musa şeýle diýdi: 15«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin. 16Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
17Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir. 18Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. 19Bu seniň Rebbe garşy eden günäň üçin töleg hökmünde berilýän ýazyk gurbanlygydyr».

 

6-njy bap

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa, 3-4ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny, 5ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin. 6Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin. 7Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».

 

Ýakma gurbanlygy

 

8Reb Musa şeýle diýdi: 9«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: „Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir. 10Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun. 11Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün. 12Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun, ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn. 13Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişelik ot ýanyp dursun, ol hiç haçan öçmesin“».

 

Galla sadakasy

 

14«Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: „Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler. 15Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. 16Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. 17Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr. 18Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar“».
19Reb Musa şeýle diýdi: 20«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr. Saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin. 21Ol un zeýtun ýagyna ýugrulyp, saçda ýaga bişirilen petir bölekleri Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin galla sadakasy hökmünde hödür edilsin. 22Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn. 23Ruhanynyň berýän her bir galla sadakasy tutuşlygyna ýakylmalydyr, ol iýilmeli däldir».

 

Günä gurbanlygy

 

24Reb Musa şeýle diýdi: 25«Haruna we onuň ogullaryna aýt, günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. 26Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. 27Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn. 28Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgiç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn. 29Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. 30Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr».

 

7-nji bap

 

Ýazyk gurbanlygy baradaky düzgünler

 

1«Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir: 2Ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin. 3-4Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin. 5Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr. 6Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. 7Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun. 8Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn. 9Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun. 10Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn».

 

Salamatlyk gurbanlygy baradaky düzgünler

 

11«Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: 12-13eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin. 14Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun. 15Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlygynyň eti bolsa hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn. 16Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin. 17Ondan artyp galany bolsa, üçülenji gün oda ýakylsyn. 18Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli. 19Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler. 20Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 21Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn». 22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler. 24Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir. 25Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 26Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy — parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler. 27Eger kimde-kim gan iýse, nämäniň ganydygynyň parhy ýok, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».
28Reb Musa şeýle diýdi: 29«Ysraýyl halkyna aýt: „Kim Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür etmekçi bolsa, ol Rebbe aýratyn sadakany öz salamatlyk gurbanlygynyň malyndan bersin. 30Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 31Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr. 32Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň. 33Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn. 34Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim. 35Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“». 36Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy. 37Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr. 38Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi.

 

8-nji bap

 

Musa Haruny we onuň ogullaryny ruhanylyga belleýär

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2-3«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». 4Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy. 5Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. 6Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. 7Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. 8Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy[1] saldy. 9Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi — mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 10Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi. 11Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi. 12Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. 13Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi. 14Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular. 15Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. 16Onsoň Musa garyn içegeleriň daşyndaky bar ýaglary we bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýakdy. 17Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.
18Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 19Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 20Ol goçy bölekledi, kellesini we içýagyny, onuň galan bölekleri bilen bile oda ýakdy. 21Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.
22Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 23Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy. 24Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 25Soňra Musa goçuň ýaglaryny — guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy. 26Musa Rebbiň huzuryndaky petirli sebetden bir petiri, zeýtun ýagyna ýugrulan hamyrmaýasyz külçäni, bir çelpegi alyp, olary ýagyň we goçuň sag budunyň üstünde goýdy. 27Bu zatlaryň hemmesini Musa Harun bilen onuň ogullarynyň eliniň aýasynda goýup, Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. 28Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy. 29Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 30Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi. 31Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi. 32Etden we çörekden artanyny bolsa ýakyň. 33Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir. 34Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi. 35Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir». 36Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler.

 

9-njy bap

 

Harun gurbanlyk berýär

 

1Sekizlenji gün Musa Haruny, onuň ogullaryny we Ysraýyl ýaşulularyny çagyrdy. 2Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et. 3-4Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner». 5Olar Musanyň buýran zatlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirdiler we bütin halk golaýa gelip, Rebbiň huzurynda durdy. 6Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi. 7Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».
8Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlygynyň gölesiniň damagyny çaldy. 9Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. 10Emma Harun günä gurbanlygy üçin berlen malyň ýagyny, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini gurbanlyk sypasynda ýakyp, Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdi. 11Malyň galanyny ol deri bilen bile düşelgäniň daşynda ýakdy. 12Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 13Harunyň ogullary ýakma gurbanlyk malyny böleklere bölüp, ony kellesi bilen bile Haruna getirip berdiler. Harun olary tutuşlygyna gurbanlyk sypasynda ýakdy. 14Harun garyn-içegeleri we aýaklary ýuwup, olary ýakma gurbanlygy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýakdy.
15Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi. 16Harun ýakma gurbanlygyny-da hödürläp, ony düzgün boýunça hödür etdi. 17Onsoň ol galla sadakasyny hödürläp, ondan goşawujyny dolduryp aldy-da, ony gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu galla sadakasy ertirlerine berilýän ýakma gurbanlyklaryndan daşarydy. 18Harun halk üçin salamatlyk gurbanlygy hökmünde berilýän öküziň we goçuň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gany onuň ýanyna getirdiler. Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 19Şeýle hem, Harunyň ogullary öküziň we goçuň ýaglaryny: guýruk ýaglaryny, garyn-içegeleriň daşyndaky ýaglary, iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini Haruna getirip berdiler. 20Harun bu ýaglary döşleriň üstünde goýup, olary gurbanlyk sypanyň üstünde ýakdy. 21Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.
22Harun günä gurbanlygyny, ýakma gurbanlygyny, salamatlyk gurbanlygyny berenden soň, ellerini halka tarap uzadyp, olara ak pata berdi we aşak düşdi. 23Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi. 24Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.

 

10-njy bap

 

Nadabyň we Abyhuwyň eden günäsi

 

1Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi. 2Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler. 3Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady. 4Musa Harunyň daýysy Uzyýeliň ogullary Mişaýyl bilen Elsapany çagyryp, olara: «Öňe çykyň-da, garyndaşlaryňyzy mukaddes otagyň öňünden aýryp, düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi. 5Olar öňe çykyp, Musanyň aýdyşy ýaly, olary köýneklerinden tutup, düşelgäniň daşyna çykardylar. 6Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler. 7Siz welin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan aýrylyp, daşary çykmaň, ýogsam ölersiňiz, çünki depäňize Rebbiň mesh ýagy sürtülendir». Olar Musanyň buýruşy ýaly etdiler.
8Reb Haruna şeýle diýdi: 9«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun. 10Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz. 11Meniň Musa arkaly size beren parzlarymy ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».
12Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr. 13Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy. 14Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr. 15Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun». 16Onsoň Musa günä gurbanlygynyň erkejini sorady, görse, ol eýýäm ýakylan eken. Muňa Musanyň gaty gahary gelip, ol Harunyň aman galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: 17«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn. 18Gurbanlyk malynyň gany mukaddes otaga getirilmändir. Meniň tabşyrygyma görä, siz bu gurbanlygy hökman mukaddes öýüň ýanynda iýmelidiňiz». 19Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?» 20Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy.

 

11-nji bap

 

Halal we haram jandarlar

 

(Kanun tag 14:3-21)

 

1Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi: 2-3«Ysraýyl halkyna aýdyň, gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. 4-6Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. 7Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. 8Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. 9Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz. 10Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir. 11Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň. 12Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir. 13Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir: bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi; 14-16çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; 17-19baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. 20Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir. 21Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz. 22Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz. 23Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir.
24Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 25Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn. 26Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan siziň üçin haramdyr. 27Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 28Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.
29-30Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. 31Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 32Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun — parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar. 33Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň. 34Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar. 35Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr. 36Muňa garamazdan, çeşme ýa-da guýy halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar. 37Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr. 38Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr. 39Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn. 40Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.
41Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir. 42Siz garnynda süýşýän süýrenijileri, dört aýakly ýa-da köp aýakly süýrenijileri iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler. 43Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň. 44Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin, şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň. 45Men — Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin». 46-47Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.

 

12-nji bap

 

Dogrumdan soňky tämizleniş

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr. 3Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin. 4Aýalyň gandan tämizleniş döwri otuz üç gün dowam eder. Ol özüniň tämizleniş döwri gutarýança, hiç bir mukaddes zada galtaşmasyn ýa-da mukaddes öýe girmesin. 5Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder. 6Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin — parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin. 7Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir. 8Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini — birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».

 

13-nji bap

 

Deri keselleri hakda

 

1Reb Musa we Haruna şeýle diýdi: 2«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. 3Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. 4Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. 5Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. 6Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar. 7Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin. 8Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir.
9Eger kimdir biri deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin. 10-11Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. 12-13Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. 14Emma keselliniň endamyndaky ýaranyň içindäki et gyzaran bolsa, ol şol günüň özünde haram diýip yglan edilsin. 15Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gyzaran et harapdyr, çünki ol deri keselidir. 16Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin. 17Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir.
18-19Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. 20Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir. 21Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. 22Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir. 23Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin.
24-25Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. 26Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn. 27Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. 28Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr.
29-30Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. 31Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn. 32-33Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. 34Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar. 35-36Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. 37Emma ruhanynyň pikiriçe gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin.
38-39Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. 40Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. 41Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. 42Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän deri keselidir. 43-44Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. 45Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men — haram, men — haram“ diýip gygyrsyn. 46Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr».

 

Zeň hakda

 

47-49«Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun — parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. 50Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn. 51Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr. 52Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden — parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn.
53-54Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. 55Zeň ýokuşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda — parhy ýok, ony oda ýakyň.
56Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn. 57Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň. 58Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.
59Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr».

 

14-nji bap

 

Tämizleniş hakynda

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir. Ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler. 3-4Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. 5Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn. 6Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. 7Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin. 8Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin. 9Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.
10Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin. 11Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. 12Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 13Ol guzyny mukaddes ýerde — günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. 14Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn. 15Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun. 16Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. 17Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň malynyň gany sürtülen ýere çalsyn. 18Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. 19Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlygynyň malynyň damagyny çalsyn. 20Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar.
21Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin. 22Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. 23Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin. 24Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 25Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn. 26Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun. 27Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. 28Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygynyň goçunyň gany sürtülen ýere çalsyn. 29Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn. 30-31Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. 32Deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr».

 

Jaýlardaky zeň hakda

 

33Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 34-35«Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin. 36Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin. 37-38Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun. 39-40Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. 41Ruhany öýüň içiniň suwagyny gyrdyryp alyp, ony galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. 42Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn. 43-44Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn. 45Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn. 46Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn. 47Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun.
48Öý suwalandan soňra ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr. 49Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alsyn. 50Guşlaryň birini içi çeşme suwly toýun gabyň üstünde öldürsin. 51Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin. 52Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, käkilik otuny we goýy gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn. 53Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar.
54-56Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr».

 

15-nji bap

 

Adamy murdar edýän zatlar

 

1Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr. 3Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr. Onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr. 4Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr. 5Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 6Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 7Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 8Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. 9Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. 10Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. 11Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 12Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.
13Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar. 14Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 15Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.
16Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr. 17Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr. 18Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
19Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr. 20Aýbaşy görýän döwründe aýalyň düşenip ýatan her zady harap bolar. Aýalyň oturan her zady hem harapdyr. 21Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 22Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 23Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady — parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr. 24Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr.
25Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 26Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň oturan islendik zady onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 27Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 28Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar. 29Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 30Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
31Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler. 32-33Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“».

 

16-njy bap

 

Günäden saplanma güni

 

1-2Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna — iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. 3Harun ilki bilen günä gurbanlygy üçin bir öküzçäni we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy gurbanlyk bermezden öň iň mukaddes otaga girmeli däldir. 4Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn. 5Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin. 6Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. 7Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. 8Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar. 9Harun Rebbe hödür edilmeli erkeji getirip, günä gurbanlygy hökmünde hödürlesin. 10Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn. 11Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bu öküzçäniň damagyny çalsyn. 12Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin. 13Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler. 14Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin. 15Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin. 16Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr. 17Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn. 18Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. 19Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.
20Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin. 21Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. 22Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
23Şondan soň Harun Rebbe ýüz tutulýan öýe girsin-de, iň mukaddes otaga gireninde geýen nepis zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, olary iň mukaddes otagda goýsun. 24Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn. 25Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 26Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler. 27Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkejiň läşleri düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn. 28Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.
29Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň[2] onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin. 30Çünki şol gün siz günäleriňizden tämizlenersiňiz. Reb sizi ähli günäleriňizden tämizlär. 31Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun. 32Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany nepis zygyr matadan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn. 33Ol iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi, gurbanlyk sypasyny halallap, ruhanylary we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplasyn. 34Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.

 

17-nji bap

 

Ganyň mukaddesligi

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt, Meniň olara tabşyrygym şeýledir: 3-4„Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin. 5Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder. 6Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn. 7Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“». 8-9Mundan başga-da olara şuny tabşyr: «Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin. 10Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin. 11Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr». 12Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin. 13Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen gömsün. 14Çünki her bir jandaryň jany ganyndadyr». Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin. 15Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar. 16Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli».

 

18-nji bap

 

Gadagan edilýän jyns gatnaşyklary

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 3Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň. 4Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 5Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men — Rebdirin.
6Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men — Rebdirin. 7Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň. 8Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. 9Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun — parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme. 10Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň. 11Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr. 12Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr. 13Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr. 14Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir. 15Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr. 16Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň. 17Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr. 18Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme. 19Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme. 20Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme. 21Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Siziň Hudaýyňyz — Reb Mendirin. 22Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir. 23Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
24Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular. 25Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi. 26Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler. 27Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy. 28Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer. 29Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin. 30Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».

 

19-njy bap

 

Mukaddeslik we adalatlylyk

 

1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin. 3Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 4Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
5Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň. 6Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn. 7Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz. 8Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
9Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetindäkilerini ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. 10Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Men — Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
11Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň. 12Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men — Reb siziň Hudaýyňyzdyryn. 13Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama. 14Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 15Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. 16Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun[3]. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 17Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň. 18Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
19Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir. 21Ol adam özi üçin Rebbe, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin. 22Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň. 24Dördünji ýyl bolsa hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin. 25Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Men — Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
26Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň. 27Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň. 28Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 29Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar. 30Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 31Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 32Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
33Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň. 34Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
35Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. 36Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 37Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».

 

20-nji bap

 

Rebbiň kanunlaryna boýun egmedikler üçin jezalar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin. 3Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi haraba çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi. 4-5Eger ýurduň halky perzendini Molege berýän adamy görmezlige salyp öldürmese, Meniň Özüm ol adamdan we onuň maşgalasyndan ýüz öwrerin. Ony Molegiň yzyna eýerip, zynahorlyga ýüz uranlaryň bary bilen bile Öz halkymdan çetleşdirerin. 6Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin. 7Şonuň üçin siz iniňizizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 8Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb — Mendirin. 9Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.
10Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin. 11Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 12Bir erkek öz gelni bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öldürilsin, çünki bular azgynlyk etdiler. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 13Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 14Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn. 15Eger bir erkek bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol adam-da, haýwan-da öldürilsin. 16Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 17Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr. 18Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular. 19Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir. 20Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler. 21Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
22Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. 23Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim“. 24Emma Men size şeýle diýdim: „Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 25Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň. 26Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men — Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym. 27Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».

 

21-nji bap

 

Ruhanylar mukaddes bolmalydyr

 

1Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin. 2-3Diňe mährem garyndaşy, ýagny ejesi, kakasy, ogly, gyzy, dogany, şonuň ýaly-da, durmuşa çykmadyk uýasy ölen ýagdaýynda ol merhuma galtaşyp, özüni haram edip biler. 4Emma ruhany aýalynyň garyndaşlaryndan bolan merhum üçin özüni haram edip, öz adyna ysnat getirmesin. 5Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler. 6Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar. 7Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir. 8Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men — Reb mukaddesdirin. 9Eger ruhanynyň gyzy loluçylyga baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn. 10Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn. 11Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin. 12Baş ruhany mukaddes öýden daşa çykyp, öz Hudaýynyň mukaddes öýüni harlamasyn, çünki ol Hudaýynyň mesh ýagy guýlup mukaddes edildi. Men — Rebdirin. 13Ol boý gyza öýlensin. 14-15Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“». 16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin. 18-20Şikesli bolan kör ýa-da agsak, ýüzi erbet şikesli ýa-da dogabitdi maýyp adam, aýagy ýa-da eli döwük, küýki ýa-da igli, gözi şikesli ýa-da gijilewük keselli, demrewli bolan ýa-da erkekligi bolmadyk adam gurbanlyk sypasyna ýakynlaşmasyn. 21Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn. 22Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler. 23Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“». 24Ine, Musanyň Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýdan zatlary şulardan ybaratdyr.

 

22-nji bap

 

Sadakalaryň mukaddesligi

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“. 3Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 4-6Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. 7Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir. 8Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 9Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
10Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin. 11Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler. 12Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. 13Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp ýa dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin. 14Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin. 15-16Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
17Reb Musa şeýle diýdi: 18-19«Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyllarmy ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek — parhy ýok, kim Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlenýän, öz aýdylan ýa-da meýletin sadakasyny hödür etse, siziň gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, gara malmy, goýun-geçi — parhy ýok, ol şikessiz erkek mal bolsun. 20Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz. 21Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun. 22Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gotur ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň. 23Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz. 24Erkeklik tohumlygy ýenjilen, syndyrylan, ýolnan ýa-da kesilen maly Rebbe hödür etmäň, ýurduňyzda beýle iş edilmesin. 25Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».
26Reb Musa şeýle diýdi: 27«Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler. 28Ýöne sygryň we onuň gölesiniň, goýnuň we onuň guzusynyň, ýagny malyň we onuň çagasynyň damagyny bir günde çalmaň. 29Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň. 30Sadaka şol günüň özünde iýilsin, ondan ertire hiç zat galdyrylmasyn. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
31Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 32Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 33Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin».

 

23-nji bap

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.

 

Sabat güni, Pesah baýramy, Petir baýramy

 

3Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir. 4Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz. 5Birinji aýyň on dördüne gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 6Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 7Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 8Ýedi günläp Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».

 

Ilkinji miwelerden berilmeli sadaka

 

9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň. 11Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin. 12Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň. 13Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýzä[4] barabar şerap beriň. 14Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.

 

Galla baýramy

 

15Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň. 16Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň. 17Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun. 18Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. 19Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň. 20Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr. 21Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 22Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we gelmişege goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».

 

Surnaý baýramy

 

23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir. 25Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».

 

Günäden saplanma güni

 

26Reb Musa şeýle diýdi: 27«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň. 28Şol gün siz hiç işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir. 29Kimde-kim şol gün gije-gündiz agyz beklemese, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 30Şol gün haýsydyr bir iş eden adamy, Men öldürerin. 31Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedilik düzgün bolsun. 32Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».

 

Çatma baýramy

 

33Reb Musa şeýle diýdi: 34«Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin. 35Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 36Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.
37Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň. 38Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr. 39Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň. 40Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň. 41Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň şanyna baýram belläň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgündir. 42Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn. 43Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“». 44Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi.

 

24-nji bap

 

Mukaddes ýerdäki çyralar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna buýur: her gün yşyk bolar ýaly, saňa çyra üçin ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler. 3Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 4Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».

 

Rebbe hödür edilen çörek

 

5Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun. 6Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý. 7Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar. 8Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr. 9Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».

 

Hudaýa dil ýetirmek we onuň jezasy

 

10Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar. 11Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy. 12Reb özlerine näme etmelidigini aýan edýänçä, olar ýaňky adamy gabap goýdular.
13Reb Musa şeýle diýdi: 14«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn. 15Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr. 16Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk — parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir. 17Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin. 18Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin. 19Kim-de kim biriniň bedenine şikes ýetirse, onuň özüne-de edil şonuň ýaly şikes ýetirilsin. 20Döwük ornuna döwük, göz ornuna göz, diş ornuna diş, kime nähili şikes ýetiren bolsa, onuň özüne-de şonuň ýaly şikes ýetirilsin. 21Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin, adam öldüren ölüme höküm edilsin. 22Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».
23Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.

 

25-nji bap

 

Mukaddes ýyl

 

1RebSinaý dagynda Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Meniň size berýän ýurduma baranyňyzda, siz Rebbiň hormatyna her ýedinji ýyl ýere ekin ekmän dynç beriň. 3Alty ýyl ýeriňe ekin ek, alty ýyl üzümçiligiňi puda we alty ýyl hasylyňy ýygna. 4Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama. 5Hasyl ýygnalandan soň, sen özi gögereni orma, pudalmadyk üzümiň miwesini ýygnama, ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. 6Ýeriň ekişsiz galdyrylan ýyly biten hasyl siziň üçin, gul-gyrnaklaryňyzdyr günlükçiler üçin we siziňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişekler üçin iýmit bolsun. 7Şeýle hem ýeriň hasyly siziň mal-garalaryňyz we ýurduňyzdaky ýabany haýwanlar üçin iýmit bolsun“».

 

Baýram ýyly

 

8«„Ýedi ýyly ýedi gezek sanap geçir. Şonda ol kyrk dokuz ýyl bolýandyr. 9Onsoň ýedinji aýyň onunjy güni surnaý batly çalynsyn. Günäden saplanma güni surnaý bütin ýurduňyzda çalynsyn. 10Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin. 11Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögereni ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň. 12Çünki bu baýram ýyly siziň üçin mukaddes ýyldyr. Bu ýyl siz diňe ekin meýdanynyň öz öndüren önümlerini iýiň.
13Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin. 14Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň. 15Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyzda, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin. 16Eger baýrama çenli wagt köp bolsa, onda ýeriň bahasyny artdyryň. Eger baýrama çenli az wagt galan bolsa, onuň bahasyny aşak düşüriň, çünki siz ýeriň öndürjek belli bir mukdardaky hasylyny satyn alýarsyňyz. 17Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
18Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň. 19Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz. 20Emma kimdir biriniň: ‘Eger ekin ekmesek, hasyl ýygnamasak, onda biz ýedinji ýylda näme iýeris?’ diýip soramagy mümkindir. 21Men altynjy ýylda ýere şeýle bir bereket indererin welin, ol iki ýyla ýeterlik hasyl berer. 22Sekizinji ýyl ekin ekeniňizde-de, siz öňki hasyldan iýersiňiz. Tä dokuzynjy ýyla çenli, täze hasyl ýetişýänçä, siz köne hasyldan iýersiňiz“».

 

Satylan emläk hakda

 

23«„Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz. 24Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň. 25Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn. 26-27Eger onuň ýeri pul töläp yzyna satyn alyp biljek hossary bolman, emma soň onuň özi baýap, ýeri yzyna satyn alar ýaly ýeterlik pul toplasa, onda ol ýeriň satylanyndan bäri geçen wagty hasaplap aýryp, galan puly satan adamyna gaýtaryp bersin we mülk hem eýesine gaýtarylyp berilsin. 28Emma eýesiniň ýeri yzyna satyn almaga ýeterlik puly bolmasa, onda satylan ýer baýram ýylyna çenli ony satyn alan adamyň elinde galar. Ýöne baýram ýylynda ýer onuň ygtyýaryndan çykyp, mülk öňki eýesine gaýtarylyp berilsin.
29Eger biri galadaky öýüni satsa, ol satylan wagtyndan soňky bir ýylyň dowamynda öýi yzyna satyn alyp biler. Eýesiniň öýi bir ýyla çenli yzyna satyn almaga haky bar. 30Eger galadaky öý bir ýyla çenli yzyna satyn alynmasa, öý ony satyn alan adamyň elinde hemişelik galar. Öý baýram ýylynda-da satyn alanyň ygtyýaryndan çykmaz. 31Emma diwarsyz obalardaky öýler açyk meýdan bilen deň saýylsyn. Olar yzyna satyn alnyp bilner we baýram ýyly öz hakyky eýesine gaýtarylyp berilsin. 32Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler. 33Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir. 34Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir“».

 

Garyplar hakda

 

35«„Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli. 36Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn. 37Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma. 38Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
39Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. 40Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. 41Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. 42Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir. 43Siz oňa gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. 44Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň. 45Öz araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň arasyndan, olaryň siziň ýurduňyzda doglan çagalarynyň arasyndan gul-gyrnak satyn alyp bilersiňiz. Olar siziň eýeçiligiňizde bolarlar. 46Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn.
47-48Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýyl doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowmyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýyl doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler. 49Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowmyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi özüni yzyna satyn alyp biler. 50Ol özüni satyn alan adam bilen, satylan ýylyndan bäri geçen ýyllary hasaplasyn. Baha baýram ýylyna çenli galan wagta görä günlükçiniň zähmet hakynyň hasabyna görä hasaplanyp çykarylsyn. 51Eger baýram ýylyna çenli wagt uzak bolsa, onda ol özüniň satyn alnan bahasyna görä tölesin. 52Eger-de baýram ýylyna çenli galan wagt az bolsa, onda ol özüni satyn alan adam bilen hasaplaşyp, tölegi öz satylan wagtyndan bäri geçen wagta görä tölesin. 53Olar ýylyna hakyna tutulýan işçi hökmünde baý gelmişegiň ygtyýarynda bolar. Ýöne hojaýyn siziň gözüňiziň alnynda olara gödek daraşmasyn. 54Eger olar şeýle ýagdaýda yzyna satyn alynmasalar, olar we olaryň çagalary baýram ýylynda azatlyga çykarylmalydyrlar. 55Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“».

 

26-njy bap

 

Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmegiň sylagy

 

1«„Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin. 2Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin.
3-4Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. 5Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz. 6Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp-turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz. 7Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. 8Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. 9Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn. 10Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz. 11Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin. 12Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. 13Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb — Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.

 

Rebbe gulak asmazlygyň jezasy

 

14-16Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. 17Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz. 18Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin. 19Men siziň buýsanýan güýjüňizi syndyraryn. Gökden ýagyş ýagmaz we ýerleriňiz gatap, daşa döner. 20Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.
21Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin. 22Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar. 23-24Şu jezalardan soňam Maňa tarap öwrülmän, garşyma gitmegiňizi dowam etseňiz, onda Men hem siziň garşyňyza gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. 25Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler. 26Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz. 27-28Emma şonda-da Maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, Men gahar bilen size garşy gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. 29Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. 30Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin. 31Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin. 32Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar. 33Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler. 34Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer. 35Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn. 36Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. 37Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz. 38Siz gelmişek milletleriň arasynda heläk bolup, duşmanlaryňyzyň ýurdy sizi ýuwudar. 39Diri galanlaryňyz bolsa öz etmişleriňiz we atalaryňyzyň etmişleri zerarly duşmanlaryňyzyň ýurdunda çüýrärsiňiz.
40-42Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. 43Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin. 44Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki Men — Reb olaryň Hudaýydyryn. 45Gaýtam, olar üçin, olaryň Hudaýy bolmak üçin, olaryň beýleki milletleriň gözüniň alnynda Müsürden alyp çykan ata-babalary bilen eden ähtimi ýatlaryn. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin“». 46Rebbiň Sinaý dagynda Musanyň üsti bilen ysraýyl halkyna beren parzlary, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdyr.

 

27-nji bap

 

Rebbe aýdylan sadakalar hakynda

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner. 3Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal[5] kümüş bolsun. 4Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal kümüş bolsun. 5Bäş ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli bolan oglanlaryň bahasy kyrk bäş mysgal kümüş, gyzlaryňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun. 6Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli bolan oglanyň bahasy on bir mysgal kümüş, gyzyň bahasy ýedi mysgal kümüş bolsun. 7Ýaşy altmyş ýa-da ondan ýokary bolan erkek kişiniň bahasy otuz bäş mysgal kümüş, aýalyňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun. 8Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.
9Eger Rebbe wada berlen mal sadaka hökmünde kabul edilse, onda hödür edilen her bir sadaka maly mukaddesdir. 10Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikise-de Rebbe degişlidir. 11Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin. 12Oňatdygyna ýa-da erbetdigine garamazdan, ruhany mala baha kessin. Ruhanynyň kesen bahasy gutarnykly baha bolsun. 13Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.
14Eger kimdir biri öýüni Rebbe bagyş etse, oňatmy ýa-da erbet — parhy ýok, ruhany oňa baha kessin. Ruhany ony näçe bahalasa, şol baha gutarnykly baha bolsun. 15Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler. 16Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: bir eşek ýüki arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal[6] kümüş bolsun. 17Eger kimdir biri ýeri baýram ýyly geçen badyna Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy ruhanynyň kesen nyrhynda galsyn. 18Eger eýesi ýeri baýram ýylyndan has soňrak Rebbe bagyş etse, onda ruhany indiki baýram ýylyna çenli galan wagty hasaplap, bahany öňküden kemeltsin. 19Eger ýeri Rebbe bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, onda ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşsun. Şondan soň ýer öz eýesine gaýtarylyp berler. 20Emma ýeri ilki yzyna satyn alman, ony başga birine satsa, ýer eýesiniň ony yzyna satyn almaga haky ýokdur. 21Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.
22-23Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin. 24Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer. 25Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal[7].
26Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun — parhy ýok, olar Rebbiňkidir. 27Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.
28Rebbe bagyş edilen islendik zat: adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun — parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir. 29Bütinleý ýok edilmeli ynsanlar hem yzyna satyn alnyp bilinmez. Olar hökman ölüme höküm edilsin.
30Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe — parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir. 31Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun. 32Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin. 33Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“».
34Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.

 

 

 

Çölde

Çölde kitabynda ysraýyl halkynyň müsür gulçulygyndan soňky taryhy beýan edilýär. Ysraýyl halky Sinaý dagyndan wada berlen Kengan ýurduna ýetýänçä, kyrk ýyllap çölde gezmeli bolýar. Şonuň üçin-de, bu kitap Çölde diýip atlandyrylyp, şol kyrk ýylyň dowamynda bolup geçen wakalary beýan edýär.
Kitap üç bölümden ybaratdyr. Birinji bölümde (1:1 — 10:10) Hudaý Musa pygambere ysraýyl halkyny sanamagy buýurýar. Soňra Ol Musa ysraýyl halkyna düşelge gurup, lewileri hyzmata bellemek üçin görkezmeler berýär. Bu bölüm hemmeleriň Pesah baýramçylygyny belläp, Rebbe gurbanlyklar hödürlemegi bilen tamamlanýar.
Ikinji bölümde (10:11 — 21:20) ysraýyllaryň Iordan derýasynyň gündogarynda ýaşaýan millete tarap, ýagny Mowaba barýarkalar, ýolda bolup geçen wakalar beýan edilýär. Çölüň içinden geçilen bu ýol gaty agyrdy. Halk ýygy-ýygydan arz-şikaýat edip, Musanyň we Hudaýyň garşysyna baş göterýär. Ysraýyllar Kenganda ýaşaýan milletler barada eşidip, ýurda girmekden boýun towlaýarlar. Şonuň üçin-de, Reb olary jezalandyryp, kyrk ýyllap çölde ýaşadýar. Bu bölüm halkyň Mowapdaky Pisga dagynyň golaýynda düşlemegi bilen tamamlanýar.
Üçünji bölüm (21:21 — 36:13) ysraýyllaryň ýurduň diňe Iordan derýasynyň gündogar tarapyny — günortada Mowap araçäginden demirgazykda Jelile kölüne çenli aralygy basyp almagy bilen başlanýar. Mowap patyşasy ysraýyl halkyna nälet okatmak üçin, keseki Bilgam pygamberi hakyna tutýar. Emma ol pygamber halka nälet okaman, Rebbiň buýrugyna görä ony ýalkaýar.
Ysraýyllar Iordan derýasyndan geçip, Kengan ýurduny basyp almaga taýýarlyk görýärler. Ýöne halkyň bir bölegi Iordan derýasynyň gündogarynda galmagy makul bilýär. Şeýdip, Ysraýyllar ikinji gezek hasaba alynýar. Reb Ýeşuwany Ysraýyla baştutan belleýär we oňa tireleriň arasynda ýurdy paýlamaga kömek eder ýaly, başga baştutanlary-da saýlaýar. Kitap Rebbiň ysraýyllara goşmaça kanunlary bermegi bilen tamamlanýar.
«Çölde» kitaby gozgalaňçy, ruhdan düşen we Rebbiň öz aladasyny etjegine ynanmakdan boýun gaçyran halk hakyndadyr. Kitapda Rebbiň uruşda halky gorap, ýowuz çölde olary azyk, suw bilen üpjün edişi görkezilýär. Reb Özüniň ysraýyllary ýok etmek islemeýändigini ençeme gezek aýdýar. Reb, edil Harunyň dileg edişi ýaly, olary ýalkamak isleýär:
«Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn! Goý, Reb size merhemet etsin, mähirli bolsun! Goý, Reb size nazaryny salyp, rahatlyk bersin!»
6:24-26.
Mazmuny
Sinaý dagynda: ýola düşmäge taýýarlyk 1:1—9:23
Çölde: başbozarlar, ölüm we ýeňiş 10:1—21:35
Mowap düzlüginde: ýurda girmäge taýýarlyk 22:1—36:13

 

1-nji bap

 

Musa ysraýyllary hasaba alýar

 

1RebSinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi: 2«Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al. 3Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz. 4Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun. 5Size kömek etmeli adamlar şulardyr:

 

Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur;
6Şimgon tiresinden Suryşadaýyň ogly Şelumyýel;
7Ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon;
8Ysakar tiresinden Sugaryň ogly Netanel;
9Zebulun tiresinden Helonyň ogly Eliýap;
10Ýusubyň ogullaryndan:
Efraýym tiresinden Emihudyň ogly Elişama;
Manaşa tiresinden Pedahsuryň ogly Gamlyýel;
11Benýamin tiresinden Gidgonynyň ogly Abydan;
12Dan tiresinden Emişadaýyň ogly Ahygezer.
13Aşer tiresinden Okranyň ogly Pagyýel.
14Gat tiresinden Deguwalyň ogly Elýasap;
15Naftaly tiresinden Eýnanyň ogly Ahura».
16Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.
17Musa bilen Harun bu atlary bellenen adamlary ýanlaryna alyp, 18-19ikinji aýyň birinji güni halky ýygnadylar. Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlar öz uruglaryna we kowumlaryna görä atlaryny ýekeme-ýeke mälim etdiler. Şeýdip, Musa Sinaý çölünde olaryň sanyny ýazyp aldy. 20Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 21Ruben tiresinden hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adam boldy.
22Şimgonyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly, sanawda bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 23Şimgon tiresinden hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adam boldy.
24Gatyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar, uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 25Gat tiresinden hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adam boldy.
26Ýahudanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 27Ýahuda tiresinden hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adam boldy.
28Ysakaryň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 29Ysakar tiresinden hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adam boldy.
30Zebulunyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 31Zebulun tiresinden hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adam boldy.
32Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 33Efraýym tiresinden hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adam boldy.
34Manaşanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 35Manaşa tiresinden hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adam boldy.
36Benýaminiň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä, ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 37Benýamin tiresinden hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adam boldy.
38Danyň nesillerinden, söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 39Dan tiresinden hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adam boldy.
40Aşeriň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 41Aşer tiresinden hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adam boldy.
42Naftalynyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 43Naftaly tiresinden hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adam boldy. 44Her biri öz tiresine wekilçilik edýän Ysraýylyň on iki baştutanynyň kömegi bilen Musanyň we Harunyň tarapyndan hasaba alnanlar şulardy. 45Ysraýyl goşunynda söweşe ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolanlaryň ählisi öz kowumlaryna görä hasaba alyndy. 46Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.
47Emma lewiler öz tirelerine görä hasaba alynmadylar. 48Reb Musa şeýle diýipdi: 49«Diňe lewi tiresiniň adamlaryny hasaba alma, olary ysraýyl halky bilen bile sanama. 50Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler. 51Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 52Ysraýyllaryň hersi bölünen tire toparyna görä, öz düşelgesinde öz tugy astynda düşlesinler. 53Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler». 54Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

 

2-nji bap

 

Tireleriň ýerleşiş we ýöriş tertibi

 

1Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler. 3Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr. 4Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr. 5Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir. 6Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr. 7Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr. 8Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr. 9Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar.
10Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr. 11Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr. 12Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir. 13Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr. 14Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr. 15Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr. 16Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar.
17Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.
18Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr. 19Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. 20Onuň ýanynda manaşa tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýeldir. 21Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr. 22Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr. 23Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr. 24Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar.
25Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir. 26Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr. 27Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir. 28Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr. 29Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr. 30Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr. 31Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar».
32Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy. 33Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.
34Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.

 

3-nji bap

 

Harunyň ogullary

 

1Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy: 2Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy. 3Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr. 4Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.

 

Lewileriň borçlary

 

5Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 6«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler. 7Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler. 8Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler. 9Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir. 10Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir». 11Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir, 13çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».

 

Musa lewileri hasaba alýar

 

14Soňra Sinaý çölünde Reb Musa: 15«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi. 16Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy. 17Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary. 18Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi. 19Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. 20Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr.
21Gerşondan libni we şimgi uruglary gelip çykandyr, bularyň ikisi hem Gerşonyň uruglarydyr. 22Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany ýedi müň bäş ýüz adam boldy. 23Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler. 24Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy. 25Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja, 26haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
27Kohatdan imram, ýishar, hebron, uzyýel uruglary gelip çykandyr, bularyň bary Kohadyň uruglarydyrlar. 28Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler. 29Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler. 30Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy. 31Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 32Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.
33Merarydan mahly we muşy uruglary gelip çykandyr. Bularyň ikisi hem Merarynyň urugydyr. 34Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany alty müň iki ýüz boldy. 35Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler. 36Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine we olary saklaýan dabanlara, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 37Şeýle hem haýadyň daşyndaky sütünleriň dabanlary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy.
38Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 39Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.

 

Ysraýylyň nowbahar ogullary yzyna satyn alynýar

 

40Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir. 41Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et». 42Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy. 43Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy.
44Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 45«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin. 46Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin, 47adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala[1] deňdir. 48Lewileriň sanyndan artykmaçlary satyn almaga tölenen puly Haruna we onuň ogullaryna ber». 49Şeýdip, Musa lewileriň sanyndan artyk bolanlaryň öwezine töleg pullaryny aldy. 50Ysraýylyň nowbahar ogullaryndan mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ol bir put[2] kümüş aldy. 51Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi.

 

4-nji bap

 

Lewi uruglarynyň borçlary

 

1Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Beýleki lewilerden aýratynlykda, uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlaryň 3Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.
4Kohatlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ýerine ýetirmeli hyzmaty iň mukaddes zatlar bilen baglanyşyklydyr. 5Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar. 6Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar. 7Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun. 8Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 9Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar. 10Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, zemmeriň üstünde goýsunlar. 11Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 12Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. 13Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar. 14Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar. 15Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr. 16Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn».
17Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 18«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň. 19Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin. 20Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».
21Soňra Reb Musa şeýle diýdi: 22-23«Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al. 24Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat: 25olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni, 26haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler. 27Ýük daşamagy we başga işleri — ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň. 28Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr.
29-30Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir. 31Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary, 32haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň. 33Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr». 34Onsoň Musa bilen Harun we halkyň ýolbaşçylary uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlary ýazga geçirdiler. 35Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň 36uruglaryna görä hasaba alnany iki müň ýedi ýüz elli adam boldy. 37Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli kohatlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 38Uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alnan gerşonlaryň sany şudur: 39Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 40uruglaryna we kowumlaryna görä iki müň alty ýüz otuz adam boldy. 41Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli gerşonlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 42Uruglaryna we kowumlaryna görä, merarylaryň sany şudur: 43Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 44uruglaryna görä jemi üç müň iki ýüz adam boldy. 45Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli merarylaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 46Musa bilen Harunyň we ysraýyl ýolbaşçylarynyň uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alan, 47Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge we ýük götermäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolan 48lewileri sekiz müň bäş ýüz segsen adam boldy. 49Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.

 

5-nji bap

 

Düşelgäni tämiz saklamak

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany, 3erkek kişimi ýa aýal parhy ýok, Ysraýyl düşelgesini harama çykarmaz ýaly, düşelgeden hökman çykaryň, çünki olaryň arasynda Men ýaşaýaryn». 4Ysraýyllar şeýle hem etdiler, olary düşelgeden çykardylar. Rebbiň Musa diýenleriniň ählisini ysraýyllar berjaý etdiler.

 

Günäniň öwezini dolmak

 

5Reb Musa şeýle diýdi: 6«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa, 7ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin. 8Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin, goçuň üstesine berilsin. 9Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr. 10Hemmäniň berýän mukaddes sadakalary ruhanyňkydyr, kim näme berse ruhanyňkydyr».

 

Biwepa aýal hakynda

 

11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Ysraýyllara aýt: eger biriniň aýaly ters ýola düşüp, biwepalyk etse, 13başga bir adam bilen ýatyp, muny äri bilmese, şeýdibem, aýal günäli bolsa-da, aýyby äşgär bolmasa, garşysyna şaýat tapylmasa we ol bu iş üstünde tutulmasa, 14äri bolsa was-was keseline uçrap, günäli aýalyna müňkür bolsa ýa-da aýaly günäli bolmasa-da oňa müňkürlik etse, 15onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn. 16Onsoň ruhany ol aýaly getirip, Rebbiň huzurynda duruzsyn. 17Ruhany mukaddes suwdan toýun gaba guýup alsyn we mukaddes çadyryň içinden toprak alyp, suwa guýsun. 18Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda durzup, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn. 19Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“. 20-21Ruhany aýala nälet antyny içirip şeýle diýsin: „Emma sen öz äriňiň ygtyýaryndakaň ters ýola düşüp, günäli bolsaň we başga adam bilen ýatan bolsaň, Reb seni Öz halkyňyň arasynda ýigrenje we gargyşa sezewar etsin. Goý, Reb seniň uýat ýeriňi guratsyn, garnyň çişip gitsin. 22Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“
Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin. 23Onsoň ruhany bu nälet sözlerini ýazyp, ony ajylyk suwunda ýuwsun. 24Nälet getirýän ajylyk suwuny aýala içirmeli. Nälet getirýän ajylyk suwy aýalyň içine ornap, güýçli agyry döreder. 25Ruhany müňkürlik sadakasyny aýalyň elinden alyp, ony Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn we gurbanlyk sypasyna alyp gelsin. 26Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin. 27Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer. 28Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler. 29Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur. 30Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany aýal babatda bu kanuny ulansyn. 31Äri ýazykly bolmaz, emma aýaly welin eden günäsi üçin jezasyny çeksin».

 

6-njy bap

 

Nazyrlyk düzgüni

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse, 3onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin. 4Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn. 5Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin. 6-7Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin. 8Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Rebbe bagyş edilen adamdyr.
9Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn. 10Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderi çagasyny getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde ruhana bersin. 11Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyry günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin. 12Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.
13Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler. 14Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. 15Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin. 16Ruhany bulary Rebbiň huzurynda hödür etsin, olaryň günä hem-de ýakma gurbanlygyny-da hödür etsin. 17Bir sebet petir bilen goçy salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Şeýle hem ruhany galla hem içgi sadakasyny-da hödür etsin. 18Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn. 19Nazyr Rebbe bagyş edilen saçyny syryp bolansoň, ruhany goçuň gaýnan bir buduny, sebetden bir petiri we ýüzüne zeýtun ýagy çalnan bir çelpegi alyp, olary nazyryň eline bersin. 20Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler. 21Ine, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».

 

Ruhany patasy

 

22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň:

 

24„Reb sizi ýalkasyn we gorasyn!
25Goý, Reb üstüňize Öz nuruny döküp, size merhemet etsin!
26Goý, Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!
27Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».

 

7-nji bap

 

Baştutanlar sadakalaryny getirýärler

 

1Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. 2-3Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi — her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler. 4Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 5«Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber». 6Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi. 7Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi. 8Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler. 9Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.
10Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler. 11Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.
12Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi. 13Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal[3] bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal[4] bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 14Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal[5] bolan altyn jam. 15Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 16Günä gurbanlygy üçin bir teke. 17Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.
18Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi. 19Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 20Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 21Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 22Günä gurbanlygy üçin bir teke. 23Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.
24Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi. 25Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy. 26Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 27Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 28Günä gurbanlygy üçin bir teke. 29Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.
30Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi. 31Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 32Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 33Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 34Günä gurbanlygy üçin bir teke. 35Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.
36Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi. 37Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 38Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 39Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 40Günä gurbanlygy üçin bir teke. 41Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.
42Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi. 43Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 44Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 45Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 46Günä gurbanlygy üçin bir teke. 47Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.
48Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi. 49Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 50Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 51Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 52Günä gurbanlygy üçin bir teke. 53Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emihudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.
54Sekizinji gün manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi. 55Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 56Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 57Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 58Günä gurbanlygy üçin bir teke. 59Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.
60Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi. 61Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 62Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 63Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 64Günä gurbanlygy üçin bir teke. 65Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.
66Onunjy gün danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi. 67Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 68Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 69Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 70Günä gurbanlygy üçin bir teke. 71Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emişadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.
72On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi. 73Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 74Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 75Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 76Günä gurbanlygy üçin bir teke. 77Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.
78On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahura sadakalaryny hödür etdi. 79Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 80Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 81Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 82Günä gurbanlygy üçin bir teke. 83Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahuranyň sadakalarydy.
84Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam. 85Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy[6]. 86Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy[7]. 87Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküz, on iki goç, on iki birýaşar erkek tokly we günä gurbanlygy üçin on iki teke boldy. 88Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.
89Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň[8] arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerupÄht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.

 

8-nji bap

 

Harun çyralary ýerleşdirýär

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna aýt: ol çyralary çyradana oturdanda, olaryň ýagtysy çyradanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn». 3Harun şeýle hem etdi. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ol çyralary çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly edip ýerleşdirdi. 4Çyradanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli döwme sap altyndan ýasalandy. Harun çyradany Rebbiň Musa görkezen nusgasy boýunça ýasady.

 

Lewiler Rebbe bagyş edilýär

 

5Reb Musa şeýle diýdi: 6«Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle. 7Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler. 8Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al. 9Onsoň lewileri Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirip, bütin ysraýyl jemagatyny ýygna. 10Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar. 11Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler. 12Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. 13Soňra lewileri Harunyň ogullarynyň öňünde durzup, olary Rebbe bagyş et.
14Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar. 15Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler. 16Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy. 17Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi. 18Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy. 19Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».
20Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler. 21Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady. 22Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. 23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler. 25Elli ýaşdan soň olar hyzmatdan boşadylmalydyrlar we mundan beýläk gulluk etmeli däldirler. 26Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn».

 

9-njy bap

 

Pesah baýramy

 

1Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda[9]RebSinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi: 2«Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler. 3Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler». 4Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy. 5Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler. 6Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip: 7«Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler. 8Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi.
9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz. 11Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler. 12Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin. 13Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir. 14Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».

 

Mukaddes çadyry bürän bulut

 

15Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy. 16Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi. 17Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar. 18Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar. 19Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler. 20Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Bulut gündizem, gije-de butnaman duruberse, onda ol göterilensoň ysraýyllar ýola düşerdiler. 22Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler. 23Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.

 

10-njy bap

 

Kümüş surnaýlar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň. 3Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn. 4Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar. 5Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn. 6Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn. 7Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn. 8Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 9Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder. 10Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Men siziň Hudaýyňyz — Rebdirin».

 

Ysraýyllar Sinaý dagyndan gidýärler

 

11Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi. 12Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy. 13Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler. 14Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Eminadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi. 15Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi. 16Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.
17Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler. 18Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi. 19Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi. 20Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.
21Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler. 22Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Emihudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi. 23Manaşa tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi. 24Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.
25Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Emişadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi. 26Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi. 27Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahura baştutanlyk edýärdi. 28Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.
29Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi. 30Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi. 31Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et. 32Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi.
33Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy. 34Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.
35Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi:

 

«Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn,
seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
36Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi:

 

«Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»

 

11-nji bap

 

Halkyň şikaýatlary

 

1Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi. 2Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi. 3Şonuň üçin hem ol ýere Tabgera[10] diýip at goýdular. Çünki Rebbiň iberen ody olaryň garşysyna tutaşypdy.
4Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. 5Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. 6Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady».
7Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy. 8Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy. 9Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.
10Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy. 11Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym? 12Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň? 13Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“ diýip, eňreşip durlar. 14Bütin halkyň garamatyny meniň bir özüm çekip bilmen, çünki bu meniň üçin juda agyr. 15Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».

 

Ýetmiş ýaşuly

 

16Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar. 17Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler. 18Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek. 19Bir gün ýa iki gün däl, bäş gün ýa on gün däl, ýa-da ýigrimi gün däl, 20eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz». 21Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň. 22Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?» 23Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.
24Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy. 25Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar gaýdyp beýle etmediler.
26Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar. 27Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi. 28Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi. 29Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi. 30Soňra Musa bilen ysraýyl ýaşululary düşelgä dolandylar.

 

Bedeneler

 

31Reb bir ýel öwüsdirdi. Düşelgäniň çar tarapy ýeliň getiren bedeneleri bilen gurşaldy. Bedeneler bir günlük ýol aralygynda ýerden iki tirsek beýiklikde uçuşyp ýördüler[11]. 32Halk şol güni gije-gündizläp we ertesi güni bedeneleri tutup ýygnady. Iň az ýygnan kişi on eşek ýüki bedene ýygnady. Soňra olary düşelgäniň töweregine serdiler. 33Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gahara münüp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.
34Şeýlelikde, ol ýer Kibrothatawa[12] diýip atlandyryldy, sebäbi olar şol ýerde açgözlük edenleri jaýladylar.
35Onsoň ysraýyl halky Kibrothatawadan Haserota göçdi.

 

12-nji bap

 

Merýemiň we Harunyň göripligi

 

1Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.) 2Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi. 3Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy. 4Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler. 5Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar. 6Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň:

 

„Eger araňyzda pygamberler bar bolsa,
Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip,
Olar bilen düýşde gepleşýärin.
7Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir,
Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.
8Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin.
Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär.
Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“» 9Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi. 10Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi. 11Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma. 12Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi. 13Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy. 14Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi. 15Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.

 

13-nji bap

 

Musa Kengana içalylar iberýär

 

1Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy. 2Reb Musa şeýle diýdi: 3«Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber». 4Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy. 5Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa; 6şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat; 7ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep; 8ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal; 9efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa; 10benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty; 11zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel; 12ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady; 13dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel; 14aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur; 15naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby; 16gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal. 17Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa[13] adyny berdi.
18Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň. 19Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk? 20Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda? 21Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň».
Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi. 22Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler. 23Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) 24Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar. 25Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol[14] deresi diýen at galdy.

 

Içalylaryň getiren habary

 

26Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. 27Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. 28Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden. 29Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. 30Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».
31Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi. 32Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. 33Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken. 34Biz ol ýerde nefilleri[15] (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik».

 

14-nji bap

 

Halk perýat edýär

 

1Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi. 2Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy! 3Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?» 4Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler. 5Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar. 6Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp, 7bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «Synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz juda gowy ýurt eken. 8Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer. 9Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň». 10Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy.
Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.

 

Musa halk üçin dileg edýär

 

11Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar? 12Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin». 13-14Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. 15Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler: 16„Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar. 17Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun! 18Sen: „Men-Reb — giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň. 19Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik sadyk söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».
20Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn. 21Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin: 22Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri 23atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez. 24Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler. 25Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň[16] ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».

 

Reb şikaýatçy halky jezalandyrýar

 

26Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 27«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim. 28Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin. 29Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň 30hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler. 31Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin, Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler. 32Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde serler. 33Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder. 34Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwürenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz. 35Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».
36-37Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary ol ýurt hakda getiren ýaramaz habarlary bilen halky Rebbe garşy öjükdirendikleri üçin, Onuň huzurynda gyrgyna berlip, öldüler. 38Olardan diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.
39Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy. 40Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ine, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler. 41Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz! 42Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň! 43Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz». 44Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler. 45Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.

 

15-nji bap

 

Sadakalar hakda

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt, mesgen tutmagyňyz üçin Meniň size berýän ýurduma gireniňizde, 3gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar. 4Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze[17] zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin. 5Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň. 6Goçuň ýany bilen bir ýarym küýze[18] zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny beriň. 7Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň. 8Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz, 9onda öküz bilen birlikde iki küýze[19] zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň. 10Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
11Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň. 12Sadaka berilýän mallaryň sanyna görä onuň ýany bilen berilýän sadakanyň hem mukdary artdyrylsyn. 13Asly ysraýyl bolan her bir adam ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bereninde, şu aýdylanlary berjaý etsin. 14Araňyzda mydamalyk ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan gelmişeklerden biri ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bermekçi bolsa, ol hem şu kadalary berjaý etsin. 15Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir. 16Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir». 17Reb Musa şeýle diýdi: 18«Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň, 19şol topragyň çöreginden iýeniňizde, siz ondan Rebbe sadaka berersiňiz. 20Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň. 21Ilkinji hamyrdan Rebbe berýän bu sadakaňyz nesiller boýy dowam etsin.
22-23Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny — Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz 24we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler. 25Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler. 26Bütin ysraýyl halkynyň hem, olaryň arasyndaky gelmişekleriň hem günäsi geçiler, çünki halk tötänlikden günä gazandy.
27Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin. 28Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler. 29Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun. 30Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 31Rebbiň sözüni äsgermän, Onuň tabşyrygyny bozandygy üçin, beýle adam bütinleý kowlup çykarylsyn. Öz jezasyny çeksin».

 

Sabat güni işlän adam öldürilýär

 

32-33Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. 34Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar. 35Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi. 36Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi.

 

Geýimlerdäki gotazlar

 

37Reb Musa şeýle diýdi: 38«Ysraýyllara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar. 39Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz. 40Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz. 41Hudaýyňyz Reb — Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin!»

 

16-njy bap

 

Koranyň, Datanyň we Abyramyň gozgalaňy

 

1Ine, lewi tiresiniň kohat urugyndan bolan Ýisharyň ogly Kora, ruben tiresinden Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyram we Peletiň ogly On dagy 2Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar. 3Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler. 4Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy. 5Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder. 6Eý, Kora hem-de onuň ýoldaşlary, tütetgi gaplaryňyzy alyň. 7Ertir olaryň içine ot salyp, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakyň. Onsoň Reb kimi saýlasa, şol hem mukaddes bolar. Siz — lewiler, juda öte geçdiňiz!» 8Soňra Musa Kora ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, lewiler, maňa gulak salyň! 9Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy? 10Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?! 11Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».
12Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl! 13Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň? 14Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».
15Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi. 16Musa Kora ýüzlenip şeýle diýdi: «Ähli ýoldaşlaryň ertir Rebbiň huzuryna gelsin, Harun ikiňizem şol ýere geliň. 17Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň». 18Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular. 19Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.
20Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 21«Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!» 22Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.
23Reb Musa: 24«Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler» diýdi. 25Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler. 26Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi. 27Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular. 28Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz. 29Eger bu adamlar hem beýlekiler ýaly öz ajalyna ölseler, onda meni Rebbiň ibermedigidir. 30Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».
31Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy. 32Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny — Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy. 33Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular. 34Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar. 35Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.
36Reb Musa şeýle diýdi: 37«Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn. 38Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar». 39Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy. 40Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.
41Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler. 42Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi. 43Onsoň Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne geldiler. 44Reb Musa şeýle diýdi: 45«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar. 46Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy». 47Harun Musanyň buýruşy ýaly, tütetgi gabyny alyp, jemagatyň arasyna ylgap bardy. Ol gyrgynçylygyň başlanyny görende, közleriň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günäsinden saplady. 48Harun ölüler bilen dirileriň arasynda duransoň, gyrgynçylyk togtady. 49Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy. 50Gyrgynçylyk togtadylansoň, Harun Musanyň ýanyna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine gaýdyp geldi.

 

17-nji bap

 

Harunyň hasasy

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa — jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý. 3Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr. 4Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý. 5Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn». 6Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany — jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady. 7Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.
8Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy. 9Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy. 10Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler». 11Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.
12Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys! 13Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.

 

18-nji bap

 

Ruhanylar bilen lewileriň borçlary

 

1Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň. 2Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir. 3Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz. 4Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn. 5Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň. 6Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir. 7Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».

 

Ruhanylaryň paýy

 

8Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim. 9Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir. 10Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir. 11Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler. 12Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim. 13Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler. 14Ysraýylda Rebbe aýry goýlan hemme zat seniňki bolar. 15Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň. 16Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş bolsun. Bir şekel iki mysgala[20] deňdir. 17Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak. 18Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir. 19Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir». 20Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.

 

Lewileriň paýy

 

21Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim. 22Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler. 23Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz. 24Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. 25Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 26«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler. 27Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler. 28Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler. 29Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler. 30Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar. 31Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr. 32Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip, harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz».

 

19-njy bap

 

Tämizleýiş suwy

 

1Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler. 3Ony siz ruhany Elgazara berersiňiz. Sygry Ysraýyl düşelgesiniň daşyna alyp çykyp, Elgazaryň öňünde soýsunlar. 4Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek syçratsyn. 5Soňra sygyr derisi, eti, gany we içgoşy bilen bilelikde Elgazaryň gözüniň alnynda ýakylsyn. 6Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn. 7Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr. 8Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr. 9Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir. 10Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.
11Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr. 12Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz. 13Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.
14Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn. 15Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary haram bolar. 16Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar. 17Haram saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň. 18Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin. 19Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler. 20Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni haram edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar. 21Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr. 22Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».

 

20-nji bap

 

Gaýadan çykan suw

 

1Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy. 2Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy. 3Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy! 4Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi? 5Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!» 6Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi. 7Reb Musa şeýle diýdi: 8«Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň». 9Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy. 10Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. 11Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar. 12Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi. 13Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba[21] diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.

 

Edomdan geçmäge rugsat berilmeýär

 

14Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr. 15Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler. 16Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde — siziň serhediňize golaý şäherçede durus. 17Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris». 18Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys». 19Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler. 20Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar. 21Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler.

 

Harunyň ölümi

 

22Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi. 23Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi: 24«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz. 25Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar. 26Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». 27Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar. 28Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler. 29Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.

 

21-nji bap

 

Ysraýyllar aratlylary ýok edýär

 

1Negep çölündäki Arat galasynyň kengan hany ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy. 2Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem, bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler. 3Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma[22] diýen at galdy.

 

Bürünç ýylan

 

4Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi. 5Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler. 6Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi. 7Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi. 8Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi. 9Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.

 

Mowaba tarap ýöriş

 

10Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler. 11Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler. 12Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar. 13Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi. 14-15Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.
16Ysraýyllar ol ýerden Beýere[23], Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler. 17Şonda olar şu aýdymy aýtdylar:

 

«Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!
18Patyşalyk hasasy bilen,
soltanlyk naýzasy bilen,
baştutanlaryň açdy bu guýyny,
halk şazadalary gazdy bu guýyny».
Olar çöllükden Matana çenli, 19Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota, 20Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.

 

Ysraýyllar Sihon hanynyň ýerlerini eýeleýärler

 

21Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler: 22«Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris». 23Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. 24Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä ammonlaryň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonlaryň serhedi bolsa güýçli goralýardy. 25Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar. 26Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy. 27Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler:

 

«Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn,
goý, Sihon galasy dikeldilsin.
28Çünki Heşbondan ot,
Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy.
Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady,
Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.
29Waý, saňa, eý, Mowap!
Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş[24] halky!
Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi,
gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.
30Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik.
Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar.
Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».
31Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar. 32Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.

 

Ysraýyllar Og hanyň ýurduny eýeleýärler

 

33Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy. 34Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi. 35Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler.

 

22-nji bap

 

Mowap patyşasy Bilgamy çagyrdýar

 

1Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler. 2Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy. 3Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler. 4Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar».
Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy. 5Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler. 6Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.
7Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler. 8Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar. 9Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady. 10Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi: 11„Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“». 12Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi. 13Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi. 14Onsoň mowaply emeldarlar Ballagyň ýanyna dolanyp gelip, oňa: «Bilgam biziň bilen gaýtmaga razy bolmady» diýdiler.
15Ballak bolsa indi öňkülerden-de has köp we has abraýly emeldarlaryny iberdi. 16Olar gelip, Bilgama şeýle diýdiler: «Sipor ogly Ballak şeýle diýýär: „Haýyş edýärin, meniň ýanyma gelmekden ýüz öwürmesene. 17Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“». 18Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin. 19Gowusy siz hem bu gije şu ýerde galyň. Men Rebbiň maňa ýene näme diýjegini bileýin». 20Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi. 21Onsoň Bilgam ertesi irden turup, eşegini gaňňalady-da, mowaply emeldarlar bilen ýola düşdi.

 

Bilgam, onuň eşegi we perişde

 

22Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady. 23Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady. 24Onsoň Rebbiň perişdesi üzümçiligiň içinden geçýän iki gapdaly diwar bolan darajyk ýodanyň ugrunda peýda boldy. 25Eşek Rebbiň perişdesini görüp, diwara tarap gysyldy. Bilgamyň aýagy-da diwar bilen aralykda gysylyp galdy we ol ýene-de eşegi saýgylap başlady. 26Rebbiň perişdesi ýene öňe gidip, indi ýodanyň ne saga, ne-de çepe öwrülip bolýan dar ýerinde peýda boldy. 27Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady. 28Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi. 29Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi. 30Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.
31Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi. 32Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň. 33Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim, ony bolsa diri galdyrardym». 34Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi. 35Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.
36Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi. 37Ballak Bilgama: «Seni çagyrtmak üçin adam ibermedimmi?! Näme üçin sen meniň ýanyma gelmediň? Megerem, özüňe mynasyp hezzet-hormat edip bilmez öýdensiň?» diýdi. 38Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi. 39Onsoň Bilgam Ballak bilen ýola çykyp, Kirýathusota geldiler. 40Ballak öküzleri we goýunlary gurbanlyk berip, olary Bilgama we onuň ýanyndaky emeldarlaryna iberdi.
41Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.

 

23-nji bap

 

Bilgama gelen ilkinji aýanlyk

 

1Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi. 2Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler. 3Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy. 4Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi. 5Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi. 6Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. 7Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi:

 

«Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan,
Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi:
„Gel, meniň üçin Ýakuby näletle,
gel-de, Ysraýyla garga!“
8Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin?
Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?
9Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin.
Baýyrlardan men oňa bakyp durun.
Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol,
milletler arasynda aýry hasaplanýar.
10Ýakubyň nesillerini kim sanap biler?
Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?
Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge,
ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»
11Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi. 12Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.

 

Bilgama gelen ikinji aýanlyk

 

13Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi. 14Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi. 15Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi. 16Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi. 17Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady. 18Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi:

 

«Eý, Sipor ogly Ballak,
Oýan-da, maňa gulak goý.
19Hudaý ynsan däl ahyryn,
Ýalan sözlär ýaly.
Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly.
Heý, Onuň beren wadasynyň,
Aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
20Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi.
Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.
21Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny,
Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin.
Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir.
Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.
22Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr,
Ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
23Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez,
Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur.
Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda:
„Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.
24Seret, halk şir dek oýanyp,
Arslan deý ýerinden turýar!
Ol indi awuny iýip doýýança,
Öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».
25Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.
26Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.
27Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi. 28Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi. 29Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi. 30Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.

 

24-nji bap

 

Bilgama gelen üçünji aýanlyk

 

1Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy. 2Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. 3Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi:

 

«Begor ogly Bilgam sözleýär,
gözi bilen aýdyň görýän diýýär,
4Hudaýyň sözlerini eşidýän,
Gudratygüýçlüden görnüş görýän,
ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
5Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap,
eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
6Giň jülgeler kimin uzalýar.
Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp,
Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý,
edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.
7Ysraýyl meşiginden suwlar çogar.
Tohumlary bol suw bilen suwarylar.
Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar.
Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.
8Hudaý olary Müsürden
ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
Olar duşman milletlerini iýip,
süňklerini çeýnärler,
Peýkam bilen ýaralarlar.
9Ysraýyl edil arslan deý,
ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder?
Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar,
näletlän näletlener».
10Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň. 11Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi». 12Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa: 13„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym? 14Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.

 

Bilgama gelen dördünji aýanlyk

 

15Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi:

 

«Begor ogly Bilgam sözleýär,
gözi bilen aýdyň görýän diýýär.
16Hudaýyň sözlerini eşidýän,
Beýik Hudaýdan bilim alýan,
Gudratygüýçlüden görnüş görýän,
Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
17Men ony görýän, ýöne häzir däl,
Oňa bakýan, ýöne ýakyn däl.
Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär.
Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip,
Mowabyň maňlaýyny ýarar,
Şisleriň başyny mynjyradar.
18Edom eýeleniler,
Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler.
Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
19Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer,
galada diri galanlaryň baryny gyrar».
20Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi:

 

«Amalek milletleriň naýbaşysydy,
emma onuň yzy müdimilik ýiter».
21Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi:

 

«Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde,
ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.
22Emma, eý, Keýn, aşurlar sizi ýesir alanda,
siz ýanyp ýok bolarsyňyz».
23Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

 

«Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!
24Emma Kitimden gämiler gelip,
Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler,
olaryň yzy hem müdimilik ýiter».
25Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.

 

25-nji bap

 

Ysraýyllar keseki hudaýlara sygynýar

 

1Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar. 2Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler. 3Şeýdip, ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi. 4Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi. 5Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Bagalpegor butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.
6Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi. 7Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy. 8Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem — ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy. 9Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.
10Reb Musa şeýle diýdi: 11«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim. 12Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn. 13Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».
14Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi. 15Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Sur midýan tiresiniň baştutanlarynyň biridi.
16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Midýanlary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň! 18Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».

 

26-njy bap

 

Musa ysraýyllary ikinji gezek hasaba alýar

 

1Reb ysraýyllary gyrgynçylyk bilen ýok etmegini bes edenden soň, Musa bilen Harunyň ogly Elgazara: 2«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.
3Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly: 4«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hasabyny alyň» diýdiler.
Müsürden çykyp gelen ysraýyllaryň sanawy şulardyr:
5Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy, 6Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy. 7Bularyň bary rubenleriň uruglarydyr, olar kyrk üç müň ýedi ýüz otuz adam boldy. 8Palluwyň ogullaryndan Eliýap. 9Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr. 10Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar. 11Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.
12Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakiniň neslinden ýakinler urugy, 13Zeranyň neslinden zeralar urugy, Şawulyň neslinden şawullar urugy. 14Şimgon uruglary şulardan ybaratdyr, olar ýigrimi iki müň iki ýüz adamdyr.
15Uruglaryna görä Gat ogullary şulardyr: Seponyň neslinden seponlar urugy, Hagynyň neslinden hagylar urugy, Şunynyň neslinden şunylar urugy, 16Oznynyň neslinden oznylar urugy, Eriniň neslinden eriler urugy, 17Arodyň neslinden arotlar urugy, Areliniň neslinden areliler urugy. 18Gat uruglary şulardyr, olar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.
19Ýahudanyň ogullary: Er we Onan. Olaryň ikisi hem Kengan topragynda öldüler. 20Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy. 21Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy. 22Ýahudanyň uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany ýetmiş alty müň bäş ýüz kişidir.
23Uruglaryna görä Ysakaryň ogullary şulardyr: Tolanyň neslinden tolalar urugy, Puwanyň neslinden punylar urugy, 24Ýaşubyň neslinden ýaşuplar urugy, Şimronyň neslinden şimronlar urugy. 25Ysakar uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş dört müň üç ýüz kişidir.
26Uruglaryna görä Zebulun ogullary şulardyr: Saradyň neslinden saratlar urugy, Eýlonyň neslinden eýlonlar urugy, Ýahleýeliň neslinden ýahleýeller urugy. 27Zebulun uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş müň bäş ýüz kişidir.
28Uruglaryna görä Ýusubyň ogullary: Manaşa bilen Efraýym. 29Manaşanyň ogullary: Makyryň neslinden makyrlar urugy. Makyr Gilgadyň atasydy, Gilgadyň neslinden gilgatlar urugy. 30Gilgadyň ogullaryndan bolanlar: Igezeriň neslinden igezerler urugy, Helegiň neslinden helekler urugy, 31Asryýeliň neslinden asryýeller urugy, Şekemiň neslinden şekemler urugy, 32Şemidanyň neslinden şemidalar urugy, Heperiň neslinden heperler urugy. 33Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy. 34Manaşa uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany elli iki müň ýedi ýüz kişidir.
35Uruglaryna görä Efraýymyň neslinden döränler şulardyr: Şutelanyň neslinden şutelalar urugy, Bekeriň neslinden bekerler urugy, Tahanyň neslinden tahanlar urugy. 36Bular Şutelanyň neslinden döränlerdir: Eranyň neslinden eranlar urugy. 37Efraýym uruglary şulardyr, olaryň adam sany otuz iki müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň nesilleri şulardy.
38Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden balalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy, 39Şefufamyň neslinden şufamlar urugy, Hupamyň neslinden hupamlar urugy. 40Balanyň Art we Nagaman atly ogullary bardy: Artyň neslinden artlar urugy, Nagamanyň neslinden nagamanlar urugy. 41Uruglaryna görä Benýaminiň nesilleri şulardy, olaryň adam sany kyrk bäş müň alty ýüz kişidir.
42Uruglaryna görä Danyň ogullaryndan bolanlar şulardy: Şuhamyň neslinden şuhamlar urugy. Bular Dan uruglarydy. 43Şuham uruglarynyň hemmesiniň jemi altmyş dört müň dört ýüz adamdy.
44Uruglaryna görä Aşer ogullaryndan döränler şulardy: Ýimnanyň neslinden ýimnalar urugy, Ýişwiniň neslinden ýişwiler urugy, Beriganyň neslinden berigalar urugy. 45Beriganyň ogullaryndan: Heberiň neslinden heberler urugy, Malkyýeliň neslinden malkyýeller urugy. 46Aşeriň gyzynyň ady Serady. 47Bular aşer uruglarydy, olaryň adam sany elli üç müň dört ýüz kişidir.
48Uruglaryna görä Naftalynyň ogullaryndan döränler: Ýahseýeliň neslinden ýahseýel urugy, Gunynyň neslinden gunylar urugy, 49Ýezeriň neslinden ýezerler urugy, Şillemiň neslinden şillemler urugy. 50Bular naftaly uruglarydy, olaryň adam sany kyrk bäş müň dört ýüz kişidir.
51Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.
52Reb Musa şeýle diýdi: 53«Adamlarynyň sanyna görä, ýerleri tireleriň arasynda mülk edip paýlaň. 54Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir. 55Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir. 56Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň».
57Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy. 58Bular hem Lewi uruglarydyr: libniler urugy, hebronlar urugy, mahlylar urugy, muşylar urugy, koralar urugy. Kohat Imranyň atasydy. 59Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy. 60Harunyň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. 61Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler. 62Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.
63Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Musa bilen Elgazar Ysraýylyň ilat sanawyny geçirenlerinde, ähli tireleriň hasabyny aldylar. 64Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy. 65Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».

 

27-nji bap

 

Selophadyň gyzlary

 

1Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşanyň ýuwlugydy. Ol Manaşanyň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady. 2Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup: 3«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady. 4Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi. 6Reb Musa şeýle jogap berdi: 7«Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir. 8Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir. 9Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin. 10Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin. 11Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».

 

Ýeşuwa Musanyň ýerine ýolbaşçy bellenýär

 

12Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et. 13Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň. 14Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.) 15Musa Rebbe: 16«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin. 17Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi. 18Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý. 19Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde durzup, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle. 20Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber. 21Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň[25] kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun». 22Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy. 23Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.

 

28-nji bap

 

Her gün berilmeli gurbanlyklar

 

1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr. 3Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun. 4Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler. 5Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze[26] sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler. 6Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr. 7Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar. 8Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr. 9Sabat güni şikessiz birýaşar erkek tokludan ikisini, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy we içgi sadakasyny hödür etsinler. 10Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.

 

Her aý berilmeli sadakalar

 

11Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. 12Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler. 13Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler. 14Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur. 15Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.

 

Pesah gurbanlygy

 

16Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 17Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 18Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 19Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň. 20Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler. 21Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler. 22Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler. 23Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler. 24Şeýdip, olar her gün — ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin. 25Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.

 

Galla baýramyndaky sadakalar

 

26Ilkinji hasyl baýramy güni, ýagny galla baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. 27Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 28Galla sadakaňyz zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, her öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 29ýedi toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 30Günäleriňizden saplanmak üçin, bir tekäni gurbanlyk beriň. 31Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.

 

29-njy bap

 

Surnaý baýramyndaky sadakalar

 

1Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür. 2Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 3Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 4her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 5Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 6Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.

 

Günäden saplanma günündäki sadakalar

 

7Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň. 8Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 9Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 10ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 11Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.

 

Çatma baýramyndaky sadakalar

 

12Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň. 13On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 14Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki, 15on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 16Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
17Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 18Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 19Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
20Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 21Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 22Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
23Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 24Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 25Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
26Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 27Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 28Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
29Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 30Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 31Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy